|

Ýatda däl…

Ýatda däl… ÝATDA DÄL…

Hakydama gidýänligi gowy zat,
Ýada düşüp durmaýany kän zadyň,
Şondanmyka elmydama göwnüm şat,
Bu ýollarda şol höwesim bir badym.

Kine-de ýok — kitüw-de ýok içimde,
Süýde siňe seretmek ýok häsýetde,
Deň-duş bilen şerap bary içilse,
Agdyk düşse bolmaýaryn pis netde.

Sowalgamy öz kisämden gözleýän,
Gysylamok bolmasam-da tüçjar baý,
Bilsem göripligni barym gizleýäm,
Bolsa bolsun garyp-gasar hatamtaý.

Gamly görsem geçmeýärim saz edip,
Naçar diýip goýjak bolman çaňymda.
Köne saman sowuramok tozadyp,
Janyma dert boljaklygy aňymda. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle