|

Ýat ýere gyz bermäñ!

Ýat ýere gyz bermäñ! ÝAT ÝERE GYZ BERMÄÑ!


Wah, ne gözel maşgala,
Keşde çekse sünnälän.
Bigadyra duş bolup,
Görýän güni gün däl-ä.

Belki, Allañ buýrugy
Arzuwynyñ paşmany.
Basýar onuñ egninden
Ýat illeriñ asmany.

Bagt diýlen zat berlenok,
Gözýaşa ýa badalga.
Indi gyzyñ yhlasy
Şu ojaga sadaga.

Käbir gyzyñ gylygy
Açmaýar hiç ýüregni.
Ynanýar hossaryna
Ykbalynyñ küregni.

Dillenmegi kyn görer,
Bir utanjañ ýazygy.
Üme düşmez eşitmez
Gyz kalbynyñ sazyny.

Gyzy oda atanyñ
Ýandak bitsin meýdine.
Günä galmak bolarmy,
Bu döwürde beýdibem?

Gaýynlary öwse-de,
Hoş ýakanok gulaga.
Ýöne ile bildirmez,
Günlerinem bulamaz.

Bu öý bilen garyşar,
Çeker ýörer keşigni.
Ýuwar-ardar äriniñ
Dolagyny, eşigni.

Söýgüsizem sebäp bar,
Döremek, dogulmaga.
Ýüzi düşer bäbege ~
Gyzlara, ogullara.

Kem-kem ýatdan çykyşar,
Arzuwlarnyn paşmany.
Häzir welin, egninde
Ýat illeriñ asmany.

Çary ÝEGENMYRADOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи