Ýaşyl zümerret
Ýaşyl zümerret
ÝAŞYL ZÜMERRET
Ilki asman tutmuş ahterden zynat,
Ady Refýe, asly ýaşyl zümerret,
Perişdesi bardyr sygyr suratlyg,
Beýikleri bardyr Ysmaýyl atlyg.
Ikinji gat gögi diýsem bu başdan,
Ady Arklawyndyr, asly kümüşden,
Perişdesi bardyr bürgüt suratlyg,
Beýikleri bardyr Kabaýyl atlyg.
Üçünji gök reñi aýynmaz otdan,
Ady Kaýdum, asly gyzyl ýakutdan,
Perişdesi bardyr böri suratlyg,
Beýikleri bardyr Gökbaýyl atlyg.
Tördünji gat asman sorsañ, nedendir?
Ady Magun, asly ak hünjüdendir.
Perişdesi bardyr ak at suratlyg,
Beýikleri bardyr Nunbaýyl atlyg.
Bäşinji gat gögi sorasañ menden,
Ady Renka, asly gyzyl altyndan,
Perişdesi bardyr hüýrler suratlyg,
Beýikleri bardyr, Saftaýyl atlyg.
Altynjy gat gögi söýlesem ýatdan,
Ady Defna, asly sary ýakutdan,
Perişdesi bardyr wildan suratlyg,
Beýikleri bardyr Abaýyl atlyg.
Sorsañ ýedinji gat gökdäki syrdan,
Ady Ajabadyr, asmany nurdan,
Perişdesi bardyr adam suratlyg,
Beýikleri bardyr Nurbaýyl atlyg.
Ýer-u asmandaky bolan serişdä,
Nyzam beren erer şol tört perişde,
Mikaýyl, Ysrafyl, Ezraýyl atlyg,
Tördünjisi bardyr Jebraýyl atlyg.
Magtymguly, paş eýleseñ syryñ hem,
Eýesi bar derýanyñ hem, ýeriñ hem,
Ýerler beýigi bar Sarsaýyl atlyg,
Derýalar beýigi Garkaýyl atlyg.
Magtymguly PYRAGY.
Goşgular