|

Ýaşlyk bilen duşuşyk

Ýaşlyk bilen duşuşyk ÝAŞLYK BILEN DUŞUŞYK

Gelýäň köçe bile,
Köçe dolup dur
Ýüregiňden üzlüp galan ýaşlykdan.
Golaý geldigiňçe,
galpyldaýaryn
hem keýpihoşlukdan,
hem mätäçlikden.

Sen bolsa habarsyz,
Belki, habarly
Meň başymda gopýan harasatlardan!
Geçip barýaň çala başyňy yrap,
Hem özüňi gorap
“seresaplardan”.

Aldyňmy salamňy,
Ýa-da aňk bolup,
Bujagaz bagtdakam galdymmy gapyl!?
Herhalam özümi köşeşdirýärin
Ertirki günüme edip tagapyl.

Ertirki diýýänmi,
Hawa, ertirki,
Bir geçen gün gaýdyp gelmez hiç haçan.
Ölçelgi ömüriň sanalgy güni
Dälmi orta ýaşyň gapysyn açan!

Edil şu gapyda duş geldim saňa,
Eý, sen meniň ýaşlygymyň örküji!
Kän gözläpdim,
kän aýlanyp,
kän ýyllap,
Ahaly, Murgaby, Kesearkajy.

Sen ýene-de iç döküşmän meň bile,
Nirä gidip barýaň öňümden ätläp
Saňa däl,
özüme esedip durun
miwesi sowulan daragty ýatlap.

Hany on sekiziň meý piýalasy,
Göteremde buldurardy al şerap.
Bu gün bolsa el-aýagmy ýitirýän
Nirede içdikçe ýüzüňe garap,
Ýaşlyk piýalasyn doldurýan şerap!?

Bijeli oglan aglamasyz bolsa-da,
Men nädip galarkam saçyň daraman.
Sag bol sen, ezizim, saklanyň üçin
Ýaşlygymy ytygsatman,
yraman.

Juma ORAZOW.

“Edebiýat we sungat” gazeti, 31.01.1979 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle