| |

Ýaşlygymyzyň şaýady

Ýaşlygymyzyň şaýady ÝAŞLYGYMYZYŇ ŞAÝADY

Seret, ikimizem talapdyr ýyllar,
Ýüzüňde gasyn bar, mende-de bar ol.
Ýaşlygmyzdan bir üýtgeman galan zat,
Bir çak ikimizi penalan baglar.

Ah, şo baglar,
Ah, şo baglar diýsene,
Ýatlamasy ýatdan çykmajak döwrüň.
Ýeketäk şaýady şol goýry baglar
Intizarlyk bilen çekilen şöwrüň.

Gasyn goýan bolsa maňlaýda ýyllar,
Wagt geçer,
Ýyllar bizi garradar.
Hyýallar kütelşip, ýaş geçdigiçe
Ýatlamalarsyzam tapars bir mydar.

Emma biziň asla ýatdan çykmajak,
Ýöne ýatdan çykarylan çagymyz
Galar şol baglaryň şahalarynda,
Ýaşyl ýapraklarda galar adymyz.

Çünki biziň obamyzda söýginiň
Ömürlik düşlegi şol baglaň goýny.
Şoň üçin hemişe juwan bu baglar,
Şoň üçin hemişe bu baglar goýry.

29. 09. 2011 ýyl Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle