|

Ýaşaýyş we ölüm / goşgular toplumy

Ýaşaýyş we ölüm / goşgular toplumy

Ýaşaýyş we ölüm / goşgular toplumy

• ÝAŞAÝYŞ WE ÖLÜM

Gül kükeýän Ýaşaýyş
Ölüme şeýle diýen:
“Her kim meni eý görýär:
Barmyka seni söýen?”

“Meni söýmezler – diýip,
Ölüm ýylgyran ýadaw –
Men – eýmenji hakykat,
Sen bir eýjejik aldaw!”

• OMAR HAÝÝAMDAN

Bir damja suw deňze garylyp gitdi,
Bir zerre gum çölde toz bolup gitdi;
Bu ýalança gelşiň bilen gidişiň:
Bir çybyn doguldy – “Wyzzz! – ölüp gitdi.

Bu çeçek – birmahal söwer ýarymdy,
Bu maýsa – ak ýüzde zülpi-tarymdy;
Bu topragy beýdip ýüze sylýanym:
Bu toprak – ala göz bir nigarymdy.

Gojalaram, juwanlaram öterler,
Aglanlaram, gülenlerem öterler;
Kime wepa berer diýýäň bu dünýä –
Bizden soňra gelenlerem öterler.

• DUWLANMAK DIÝMEK TOPRAGA…

Duwlanmak diýmek topraga –
Bir bahar jünbüşi bolmak;
Dört pasylda aga-döne
Tebigatyň yşgy bolmak.

Bir bulutdan ýagan ýagmyr,
Bir ýyldyzdan parlaýan nur,
Mes toprakdan gelýän howur,
Bir gunçaň gülüşi bolmak.

Tomus çäç bolmak harmanda,
Gyşda möwç urmak ummanda;
Daň säheriň tümlüginde
Bir guşuň saýraýşy bolmak.

• PIDAKÄR KIM?

At-owazyn eşidip
Beýik öwliýä piriň,
Çagyrýarlar köşgüne
Nedirşa jahangiriň.

Guwanyp myhmanyna
Meýlisi giňden tutup,
Ýagşyzadaň şanyna
Nedir sözläpdir nutuk:

«Gutlamaga örän şat
Zamananyň welisin!
Baky dünýä çalyşyp
Ýaradanyň panysyn,
Beripsiňiz, eý, pirim,
Pidalaryň ulusyn!»

Ine, şeýle diýende
Dünýäni alan adam,
Şu jogaby beripdir
Dünýäni ýeňen adam:

«Öwmäň meni, eý, tagsyr,
Çyn pidakär, belki, siz:
Panysyna çalyşyp
Dünýäleriň bakysyn,
Gaýtam siz beripsiňiz
Pidanyň hakykysyn!»

• RINTLERIN ÖLÜMI
(Ýahýa Kemal Baýatlydan)

Hafyzyň gabry ýatan bakjada bir bägül barmyş:
Her säher gunça açarmyş gyzyl gan reňňi bilen;
Hem gijeler bir bilbil daňa çenli zarlarmyş
Şirazyň gadym günlerin ýatladýan heňi bilen.

Ölüm – baky asuda bahar ülkesi rinte:
Yşky kalbyndan kükäp, anbar dek dünýä ýaýrar.
Hem sergin serwileriň astyndaky gabrynda
Her säher bir gül açylar, her gije bir bilbil saýrar.

• RUBAGYLAR

Ömür geçer, ýollar geçilmese-de,
Gunça solar gider açylmasa-da;
Jaýryk käsä guýlan çaýdyr ömrümiz –
Içilse-de durmaz, içilmese-de.

Ömrüň durumy ýok, örki ýok janyň –
Ömri ömür etmek üçin tijeniň!
Ömür diýýänimiz – bir gysga gündiz
Arasynda iki uzak gijäniň.

Ynsany ynsana bir nygmat biliň,
Ömri yzzat üçin bir pursat biliň;
Ýogalan bendäni müň taryplandan
Aýatda dirikä bir gymmat biliň! Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle