|

Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa

Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa ÝAŞAÝYŞ ŞOL PURSATLAR

Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa

Ýa­şa­ýyş­ —­ bu­ gün­leriň,­ aý­la­ryň,­ ýyl­laryň­ top­lu­my­ bo­lup, ­ olar­ örän­ çalt­ geçýär,­ hiç­ wagt­ yzy­na do­lan­ma­ýar.­ Wagt­ — tylla­dyr,­ «Wagtyň­ bar,­ nag­tyň­ bar»­ diý­ýär­ler.­ Se­bä­bi wag­ty­ sarp­ edip,­ bol­çu­ly­ga­ —­ al­tyn­-kümüşe­ ýe­tip­ bi­le­ris,­ em­ma­ ýi­ti­ri­len­ mi­nut­la­ry yzy­na­ gy­zyl­ pul­ bi­le­nem­ sa­tyn­ alyp­ bilme­ris.­ Gö­ýä,­ bu­ dur­muş­da­ asyr­lar­ bo­ýy ýa­şa­jak­ ýa­ly,­ köp­ler­ wag­ty­ny­ bi­hu­da­ geçir­ýär.­ Eger­ ola­ryň­ pu­ly­ azal­sa,­ ýü­rek­le­ri agyr­ýar.­ Olar­ dün­ýä­niň­ göz­le­gi­ni­ ag­tarýar­lar,­ em­ma­ hiç­ wagt­ ýi­ti­ri­len­ wagt­ hakynda alada etmeýärler.
Ha­ky­ky öm­ri pas­por­ty­myz­da­ky­ ýa­şymyz­ kes­git­le­me­ýär. — Ha­ky­ky­ ýa­şa­ýyş­—­bu di­ňe go­wy he­re­ket­le­ri­miz­ we­ peý­da­ly işle­ri­miz bi­len ge­çir­ýän pur­sat­la­ry­myz­dyr.
Bir­ gün­ Is­gen­der­ bir­ go­nam­çy­ly­gyň için­den­ ge­çip­ bar­ýan­ eken.­ Ol­ gu­bur­ daşla­ry­nyň­ ýü­zün­dä­ki­ ýaz­gy­la­ry­ okap,­ geň ga­lyp­dyr.­ On­da­ eýe­le­ri­niň­ dog­lan­ we ölen­ se­ne­le­ri­ ýa­zy­lan­ eken.­ Ýö­ne­ ola­ryň hiç­ bi­ri­ 10 ýaş­dan­ aň­ryk­ geç­me­ýär­di.­ Ol şä­he­riň­ ýa­şu­lu­la­ry­nyň­ bi­ri­ni­ ýa­ny­na­ ça­gy­ryp:­ «Aras­sa,­ ýa­kym­ly­ ho­wa­ly,­ süý­ji­ suw­ly­ bu­ şä­her­de nä­me­ üçin­ adam­la­ryň­ öm­ri­ beý­le­ gys­ga?»­ di­ýip so­rap­dyr.­ Ol­ adam­ bol­sa:­ «Biz­ dur­mu­şa­ baş­ga­ça ga­ra­ýa­rys.­ Ýa­şa­ýyş­ —­ bu­ iý­mek­-iç­mek,­ ýat­mak we­ ýö­re­mek­ däl­dir.­ Eger­ şeý­le­ bol­sa,­ bi­ziň­ haýwan­dan­ ta­pa­wu­dy­myz­ bol­maz.­ Ha­ky­ky­ ýa­şa­ýyş ylym­ göz­le­mek,­ peý­da­ly­ iş­ et­mek­ ýa­-da­ bir­ zatlar­ dö­ret­mek­dir.­ Bu­ ýer­dä­ki­ adam­lar­ 10­ ýyl­dan ar­tyk­ ýa­şa­ma­ýar,­ se­bä­bi­ olar­ öm­rü­niň­ köp­bö­legi­ni­ gaý­gy­-gam­syz­ ýa­şa­ýyş­da­ ge­çir­ýär­ler».
Kim­dir­ bi­ri­niň­ ýa­şaý­şy­ go­wy­ bol­sa,­ şol­ pur­sady­ bi­len­ ýa­şap,­ ony­ iň­ go­wy­ gün­ ha­sap­ ed­ýär.­ Şu gün­ki­ işi­ňi­ er­ti­re­ goý­mak­ we­ gel­je­gi­ňi­ umyt­syz ýa­şa­mak­ dog­ry­ däl­dir.­ Şeý­le­ hem,­ şu­ gü­nü­ňi elden­ gi­de­rip,­ geç­mi­şi­ňi­ ýat­lap­ ge­çir­mek­ hem­ myna­syp­ iş­ däl­dir.­ Bu­ ba­ra­da­ Omar­ Haý­ýam­ şeý­le
diýipdir:

«Deý aýy¹ geçdi, ony ýatlama!
Gelmedik ertiriňi çagyrma!
Gelmedige, geçene esaslanma!
Hoş bol, ömrüň biderek sarp etme!

Şy­gyr­da­ky­ hoş­ bol­mak­ly­gyň­ mak­sa­dy­ —­ bihu­da­ iş­le­re­ özü­ňi­ ber­mez­lik­dir?­ Ha­ky­ky­ ho­şallyk­ —­ baş­ga­la­ryň­ ýü­re­gi­ni­ şat­lan­dyr­mak,­ iş­le­rini­ ýe­ňil­leş­dir­mek­dir.­
Wag­ty­ňy­zyň­ ga­dy­ry­ny­ bi­liň,­ gym­mat­ ba­ha­ly mi­nut­la­ry­ňy­zy­ el­den­ ber­mäň.­ He­mi­şe­ al­jy­raň­ňy bol­sa­ňyz,­ ra­hat­ly­gy­ňy­zy­ ýi­ti­rer­si­ňiz.­ Dost­la­ryňy­zyň­ ara­syn­da­ bol­sa­ňyz­ ýa­-da­ ge­ze­lenç,­ sport bi­len­ meş­gul­la­nan­ sa­gat­la­ry­ňyz,­ ol­ ýi­ti­ri­len wagt­lar­ däl­dir.­ Biz­ ot­la­ryň,­ agaç­la­ryň,­ gül­le­riň ara­syn­da,­ ýyl­dyz­dan­ do­ly­ as­ma­nyň­ as­tyn­da,­ deňiz­de­ ýa­-da­ der­ýa­da­ ge­çi­ren­ wagt­la­ry­my­zy­ bu dün­ýä­niň­ owa­dan­ pur­sat­la­ry­ ha­sap­la­ýa­rys.­ Bula­ryň­ ba­ry­ baş­ga­ dur­muş­dyr.­
Dur­muş­da­ el­den­ gi­de­ren­ pur­sat­la­ry­ňyz­ gaý-gy­gam­dan­ baş­ga­ hiç­ za­dy­ bol­ma­dyk­ pur­sat­lardyr.­ Pur­sat­lar­ bu­lut­la­ryň­ ge­çi­şi­ ýa­ly­ ge­çip­ gidýär­ler.­ Şo­nuň­ üçi­nem­ go­wy­ we­ eziz­ pur­sat­lar ga­zan­jak­ bo­luň!

________________________
1. Deý aýy — hijri şemsy ýyl senenamasynyň 10-njy aýy (22 dekabr — 20 ýanwar).

Abbas Egbal AŞTIÝANY,
pars ýazyjysy.

Pars dilinden terjime eden:
Dünýägözel HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň uly mugallymy. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle