Ýaşaýardym
Ýaşaýardym
Ýaşaýardym söýýänligňe buýsanyp,
Bagtlydygmy duýýardym her pursatda,
Söýgi sözlerini bilýärdim aýdyp,
Gat-gat bolup ýatmaýardy gursakda.
Duýmaýardym ýyllaň geçip durşuny,
Gussa baryn bilmeýärdim durmuşda,
«Ýüregim özgede» diýeniň bäri,
Gelýän günler gaýgy-gamly görnüşde.
Gelenok sütemli aýlaň ahyry,
Mendäki ýürek-de daş dan däl etden,
Çekip-çydap bilermikän ýarylman,
Bir hemaýat bolmasa bir gudratdan.
Öz zadymdyň-durşuň bilen meňkidiň,
Örmesek-de bir düşekden her günde,
Tirkeşmäge çekinmezdiň hiç kimden,
Ýalňyz goýduň gitdiň ýekeje demde.
Dünýäni dolduryp duran ýalydyň,
Dokuzym-da dokuz gezek düzüwdi,
Rysgym giden ýaly boldy elimden,
Ýüregimem ýaşaýyşdan bezigdi. Goşgular