Ýaşasyñ gelýar
Ýaşasyñ gelýar
Käteler şeýle bir ýaşasyñ gelýär,
Ýüz ýaşam göwnüñe az boljak ýaly
käte-de ýaşamak oýunjak ýaly
gün ýaşanda señem ýaşasyñ gelýär.
ölesiñ gelýär,
ölümde agtarýañ dynjy, aramy
„gözlerimi ýumsam, hiç oýanmasam”
diýip, öçürýänsiñ gamgyn çyrany.
Käteler şeýle bir durasyñ gelýär
öýüñ jennetiñdir, asman arassa,
her penjiräñ nagyşlanan sungatdyr,
her bir kelam gutarmajak bir owaz.
Ýöne käler
durmuş durşuna gussa,
başyñ alyp mundan gidesiñ gelýär,
Ýitesiñ gelýär.
Kä günler şeÿle bir söýesiñ gelýär
yşka laýyk, söýgä sezwar kimiñ bar!?
kätelerem yşk gämisi gark bolup,
göwün künjeginde bir zat kemelýär.
Şonda sen özüñi tussagda duyÿañ
dört diwar,
Ýapylan polatdan gapy,
gömülen penjire,
çyg çeken howa
Şonda sen bir zady örän ýigrenýäñ,
Näme ýigrenýäñ, nämäni söýýäñ!?
bu zatlañ barysy ýaman gümürtik,
hem dartylýan, hemem çaýkanýan ýaly
aglamaýañ ýa göwnüñde gülmeijäñ
durmuşdan ýadap, ölümden irýäñ
özüñ öz syryñy açabilmeýäñ
bir geñ närsä göýä çokunýän ýaly.
Käteler şeýle bir ýaşasym gelýär,
Yer ýüzüne düşäp sözlerden güller
goşgy goşasym gelýär.
käte gökden ýere düşesim gelýär,
başym ýaýkap owunjaklań oýnuna
aglasym gelýär,
gülesim gelÿär,
dymasym gelÿär
ölesim gelÿär.
E. BADAHŞAN
08-08-2020 Goşgular