| |

Ýaşasym gelýär

Ýaşasym gelýär ÝAŞASYM GELÝÄR

Gara gözlüm, gül görküňe guwanyp,
Gollaryňy gysyp  ýaşasaym gelýär.
Sözleriňe, ýylgyrşyňa daýanyp,
Dertlerimi kesip ýaşasym gelýär.

Näzi onuň iň ullakan hilesi,
Ýeke söze ýumşaýandyr kinesi,
Dünýä gelen arzuwlarmyň şinesin,
Saçlaryňa sapyp ýaşasym gelýär.

Edebiň, utanjyň köňlüňe nikap,
Aýdan görk alypsyň, güneşden bekäp,
Gursaga el goýup, etseň-de ejap,
Seni bagra basyp ýaşasym gelýär.

Lebleňde eresem ysyňdan ganyp,
Kuýaşa baglansam gussadan tänip,
Biserhet gözleriň kenarna  gonup,
Mähiriňi susup ýaşasym gelýär.

Razy, gabanyber her ädim derňäp,
Razy, garşylagyn gollaryň çermäp,
Emma, bir islegim seň bilen örňäp,
Seniň bilen ösüp ýaşasym gelýär.

Ahmet ARAZOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle