Ýaş gitdi
Ýaş gitdi
Bilmeýärdim oglanlykda, ýaşlykda,
Bu gün diýýän böküp-böküp:
«Ýaş gitdi».
Howlugýardym uruş wagty, açlykda,
Boş saçaga bakyp-bakyp,
Ýaş gitdi.
Çybyk atdan böküp mündüm taýa men,
Çapyksuwar bolup gitdim toýa men.
Kä gyz maña garaýardy ölemen,
Gözün-gaşyn kakyp-kakyp,
Ýaş gitdi.
Atýüwrük çalan dek aýaklaryna,
Gözüm gidýär Wagtyñ ýüwrükligine!
Burnumyñ teýine, eñeklerime
Murtdur sakal ekip-ekip,
Ýaş gitdi.
Aşyk boldum gara göze, gaşlara,
(Şonuñ üçin geñ galamok ýaşlara)
Siñip dodaklara, hünji dişlere,
Ýüregimi ýakyp-ýakyp,
Ýaş gitdi.
Söýginiñ öñünde çökdüm men dyza,
Dünýäni eçildim garagöz gyza.
Men öñe howlukdym,
Aý, ýyllar yza,
Derýa kimin akyp-akyp,
Ýaş gitdi.
Sepilen tohum dek azal yzyna,
Boý berip körpeje ogul-gyzyma.
Ýyl-ýyldan agyr ýük urup özüme,
«Burnugymdan» çekip-çekip,
Ýaş gitdi.
Etjek işim kändi, bitmedi ýary,
(Geleñsizlik — senden almaly ary).
Şar gara saçyma ap-akja Gary,
Habar etmän, sepip-sepip,
Ýaş gitdi.
Ýyl-ýyldan azalyp deñi-duşlarym,
Galypdyryn arasynda ýaşlaryñ
Ýeke, iki galan kütek dişlerim,
Ötgürini kakyp-kakyp,
Ýaş gitdi.
Indi oýlanýaryn her bir ädimde:
Ikinji ömür ýok hiç bir adamda,
Adym galsa Adamlaryñ ýadynda,
Diýmerin men çöküp-çöküp:
«Ýaş gitdi!»
Nazly TUWAKGYLYJOW. Goşgular