Ýaraşyk
Ýaraşyk

Gursaklarda ýüreklermiz,
Dowla düşüp köp urmasyn.
Gülleýärkä söýgiñ güli,
Öýke-kine kök urmasyn.
Arzuwlarmyz gama baglap,
Möwjäp ýagyp diñmeýäsmi?
Tutuş dünýä saz çalýarka,
Ümsümligi diñleýäsmi?
Dogry, iýdik duza basyp,
Köýüp kakan kebaby-da…
Gezerismi ýatlar kimin,
Unudyld-a sebäbi-de.
Ýetim sözlem başyn egýär,
Halamasañ dala, myja.
Ýöne hayş, eremänkä,
Salyp goýaý sowadyja.
«Sen, men»diýip, mähribanym,
Biz sözüni çalyşarsmy?
Görer gözde bir-birege,
Antisöýgi alyşarsmy?
Ýok!
Tut golumdan, ýüreklermiz,
Dowla düşüp köp urmasyn.
Gülleýärkä söýgiñ güli,
Öýke-kine kök urmasyn.
Ahmet ARAZOW Goşgular