Ýara ýüzlenme
Ýara ýüzlenme

Bir dem aladaňy pitikläp goýber
Üfläp goýber sere üýşen pikiriň.
Satyp bolmaz başyňdaky derdiňi
Ol seni ir-u-giç ýüpsüz kökerer.
Biz satyn almadyk derdi, onsoňam
Artykmaç zatlaram başa towky bor.
Ýapyp bolmaz ýetmeziňi el bilen
Ine, ahyr biziňkiňem gowsy bor.
Ökjäňi galdyryp uly bolnanok,
Hiç kimiň ýetenok eli Aýa-da.
Geljek günleriňe sabyrly gara,
Ertiriňe güýjüň-gurbuň aýada.
Öz başymyň gaýgysy ýok beýnimde
Ony owurt suw deý ýuwdup goýberýän.
Geçen günler geçip gidýär salgym deý,
Ertir hem şu güne gaýdyp goýbermez.
Günler ynamyňa ynamyn goşsun,
Bagtsyz galjagyňa ynanma, ýarym!
Kosmonawtlar Aýy elläp gaýdansoň
Men bagtsyzlygyma ynanmaýaryn.
Goçmyrat Orazberdiýew Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.