Ýaponiýa gaýybana syýahat
Ýaponiýa gaýybana syýahat
Üç-dört penjireli pessejik mekdep,
Geçýänimiz geografiýa sapagy.
Häzir hem ýadymda mugallymmyzyñ
Ýyldyz yzy galan gaşly sapagy.
Ýene uruş hakda gürrüñ bermegni
Ýoldaş mugallymdan haýyş edýäris.
Ol diýýär: «Ýaponiýa diýilýän ýurda
Gaýybana syýahata gidýäris!»
Mugallymmyz gürrüñ berýär Ýaponiýañ
Tokaýy, derýasy, bar ýeri hakda.
Sesimiz çykarman diñleýäris biz
Fudziýamañ ap-ak garlary hakda.
Diñleýäs.
Ol ýerde bomba oklanan
Hirosima hesret bilen dem alýar.
Sadako Sasaki atly gyzjagaz
Şöhle keselinden asgynlap barýar.
Mugallym gürleýär —
Sadakoñ ýanna
Akylly, saýhally doktorlar gelýär.
Olar diýýär:
— Sadako jan, Sadako,
Müñ sanjak durnany ýasasañ bolýar!
Ýasaber, ynha şu akja kagyzdan,
Ganatly et, uçup gitsin durnalar!
Müñünji durnañ hem uçar welinjik,
Sagalarsyñ, nepesiñ hem durlanar.
Mugallym gürleýär —
Sadakojygyñ
Eli ysgynsyz, başaranok işini.
…Gapdalymda Abat atly klasdaş
Ýaglym bilen süpürýär gözýaşyny.
Birdenkä-de şakyrdady partalar,
Her kim surat çekýän albomyn açdy.
Ertesi on dokuz sany ak durna,
Aýdyşlarna görä, Ýaponiýa uçdy…
Ýetjekdik biz Sadakonyñ dadyna,
Näbileli oña ýetmejegimizi.
Hem-de gaýybana Ýaponiýa taýa
Ýöne syýahata gitmejegimizi!…
Orazmyrat GURDOW. Goşgular