Ýapon diliniň we ýazuwynyň aýratynlyklary

Ýer togalagynda näçe halk bar bolsa, şonça-da dil bardyr, emma olaryň ulanylyş derejesi birmeňzeş däldir. Dilleriň bir topary köp sanly adamlar tarapyndan işjeň ulanylsa, başga bir toparyny az sanly adamlar ulanýar. Diller adamlaryň özara aragatnaşygynyň möhüm serişdesidir.
Ýapon dili hem dünýäde köp ulanylýan dilleriň biridir. Ylmy maglumatlara görä, dünýäniň diňe bir ýurdunda ulanylýan bu dilde 125 000 000-a golaý adam gepleýär. Ýaponlaryň sözlük gorunda hytaý dilinden geçen sözler köpdür. Ýapon dili owazly dil hasaplanylýar. Ýazuwy garyşyk häsiýetlidir. Bu dilde hem Hytaý ýazuw belgileri — ieroglifler sözleri aňlatmak üçin ulanylýar.
Ieroglif ýazuwy b.e.öň V asyrda Hytaýda döreýär we ilkibaşda süňkleriň ýüzüne ýazylypdyr. Ieroglif grek dilinde «mukaddes hat» diýmegi aňladýar.
Nihon Şoki we Kojiki ýaly gadymy ýazuw ýadygärliklerinde bellenilişi ýaly, V asyrda ýaşan Wani atly akyldar Baekje Hytaý patyşalygy tarapyndan ieroglifleri ornaşdyrmak üçin Ýaponiýa ugradylýar.
Ýapon dilinde her ieroglifiň öz şekili, sesi we aňladýan manysy bardyr.
Eger bir ieroglife başga bir ieroglifi goşsaň, onda onuň manysy üýtgeýär. Ieroglifleriň birigýän elementlerinden olaryň başlangyç manysyny yzarlap bolýar.
Ýapon dilinde ýazuwyň üç görnüşi tapawutlandyrylýar: hiragana, katakana, we kanji. Olaryň her biriniň özboluşlylygy we baý dörediliş taryhy bar. Iň täsin ýeri-de, ýapon dilinde näçe ieroglif bilseň, şonça-da özbaşdak many aňladýan (ýa-da aňlatmaýan) sözleri bilýärsiň. Türkmen dilinde bolsa harplaryň birikmeginden sözler düzülýär.
Ýapon diliniň ilkinji ýazuw görnüşi — kanji, bolupdyr. Haçan-da, Hytaý ieroglifleri ýaňy ýapon diline girizilip başlananda, ýaponlar olary hytaýça aýtmaga synanyşypdyrlar. Kanji — bu birnäçe gezek üýtgedilen hytaý ieroglifleridir. Olar ýapon diliniň häzirki zaman ýazuwyny emele getiripdir. Kanji haty ýokardan aşak, çepden saga ýazylýar.
Ýapon dilinde kanji ieroglifleri ulanylyşy boýunça dürli görnüşde bolýar. Olara Joýo kanji jinmeýou kanji degişlidir.
Joýo kanji — 2136 sany ieroglifden ybarat bolup, has köp duş gelinýär we hökümet tarapyndan resmi taýdan kabul edilen gündelik ulanylýan ýazuwdyr. Ýapon dilinde gepläp bilmek üçin 2136 sany ieroglifden ybarat bolan joýo kanjini özleşdirmek zerurdyr.
Jinmeou kanji — 2928 sany ieroglifden ybarat bolup, bu adam atlarynyň ýazylyşynyň kanji topary.
Adam atlaryny aňlatmak üçin 2136 sany joýo kanji we 983 sany jinmeou kanji belgilerinden (ierogliflerinden) peýdalanylýar. Joýo kanjiden we jinmeou kanjiden başga-da ieroglifler hem ulanylýar. Olara hýougaiji diýilýär. Jinmeou kanjisi we hýougaiji kanjisi bolsa bu dilde joýo kanjiden daşary has erkin gepläp bilmek üçin peýdalanylýar.
Wagtyň geçmegi bilen hytaý harplary arkaly ýapon edebi sözlerini ýazmak üçin häzirki zaman kana atly bogun elipbiýi döreýär. Bu elipbiýde ýazuw sillabogrammalardan — çekimli we çekimsiz sesleriň birikmesinden ybaratdyr. Şol sebäpden, kana hiragananyň we katakananyň bir bogunda ulanylýan görnüşidir, ýagny kananyň düzümi hiragana we katakana degişli ierogliflerden ybarat bolýar. Kana (bogun) elipbiýi kanjiden soňra häzirki zaman ýapon diliniň ýazuwyny emele getirýär.
Görnüşi ýaly, ýapon dilinde türkmen dilinden tapawutlanyp, hem söz elipbiýi (kanji), hem bogun elipbiýi (düzümine hiragana we katakana degişli bolan kana) ulanylýar. Ýazuwyň bu görnüşleriniň her biriniň öz ulanylyş maksatlary bardyr.
XIX asyryň ortalaryna çenli ýapon elipbiýiniň hiragana görnüşi zenan maşgalalar üçin ýeke-täk elýeter elipbiý hasap edilipdir. Hiraganada, esasan, goşulmalar, kömekçi işlikler, ümlükler we çylşyrymly kanji sözler ýazylypdyr.
Ýapon diliniň başga bir ýazuw görnüşi bolsa katakanadyr. Ýapon diliniň bu ýazuw görnüşi, ondaky harplaryň-ieroglifleriň mukdary we aýdylyşy taýdan öňkülerden tapawutlanýar. Onda, esasan, alynma sözleriň, tehniki adalgalaryň, haýwanlaryň we ösümlikleriň atlary, şiwe sözleri, telemahabatlar, kafe-restoranlaryň atlary, daşary ýurtly adamlaryň atlary ýazylypdyr.
Ýapon diliniň hiragana we katakana ýazuwy birmeňzeş bolmasa-da, olar aýdylyşy we sesleri boýunça birmeňzeşdir.
Ýapon we hytaý dilleriniň arasyndaky düýpli grammatik tapawudyň bardygy sebäpli, ýapon diliniň dürs ýazuwynyň hytaý ieroglifleri arkaly berilmeginde uly kynçylyklar döreýär. Şoňa görä-de, ýazuwda ýüze çykan bu kynçylygy aradan aýyrmak üçin, Ýaponiýada birnäçe gezek
orfografik reformalar geçirilipdir. Bu reformalaryň esasy maksady çagalara ieroglifleri öwretmegiň hilini gowulandyrmak, aňsatlaşdyrmak bolupdyr. Çagalara okamagy ýeňilleşdirmek, çeper edebiýaty, gazet-žurnallary halkyň aňyna has düşnükli bolar ýaly etmek maksady bilen, ýapon dilindäki ieroglifleriň sany azaldylypdyr, şeýle-de olaryň ýazylyşy ýönekeýleşdirilipdir.
Görnüşi ýaly, ýapon diliniň elipbiýi türkmen diliniňkiden düýpli tapawutlanýar. Onda dildäki dürli hili sözleri ýazmak üçin, birnäçe elipbiýiň — kanjiniň we kananyň, onuň görnüşleri — hiraganadan we katakanadan peýdalanmaly bolýar.
Ýapon diliniň elipbiýlerini we olaryň görnüşlerini aşakdaky ýaly tablisada has aýdyň göz öňüne getirmek bolýar.
