|

Ýanýoldaşyñyz size ikilik edýärmi?

Ýanýoldaşyñyz size ikilik edýärmi? ÝANÝOLDAŞYÑYZ SIZE IKILIK EDÝÄRMI?

Ýanýoldaşyñyz size ikilik edýärmi?

MESELE DÄL: BURNUNDAN IKLI GAN GETIRIP BILERSIÑIZ…

Adamyñ başyna gelip biljek iñ erbet zatlaryñ birem — ýanýoldaşyñ aýagyny gyşyk basmasy bolsa gerek. Aýal ýa erkek — tapawudy ýok, ýanýoldaşyña ikilik etmek — sözüñ doly manysynda haramzadalykdyr diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ýeri, siziñ ýanýoldaşyñyz nähilikä, bilesiñiz gelýärmi? Onda, şu aşakdaky testi jogaplañ:

1. Ýanýoldaşyñyza gijelerine ogryn-dogryn sms-ler gelýärmi we ol muña «Aý, işdenlaý, dostum (joram) we ş.m.» diýýärmi?

✔ Hawa, her gün agşam gelýär.
✔ Kämahal şular ýaly sms gelýär.
✔ Aý, ýok, bular ýaly zat bolanok.

2. Partnýoryñyzy ýoldan barýarka owadan zenana (ýa gelşikli erkege) seredip durka gördüñizmi?

✔ Hawa, her günem görýärin.
✔ Seredibersin, hiç zadam bolmaz.
✔ Ýok, görmedim.

3. Ýanýoldaşyñyzyñ zol-zol «Selbilere köýnegini tikdirmäge» ýa-da «Myratlara top oýnamaga» gidýän wagty bolýarmy?

✔Hawa-la, her hepde şeýle.
✔Olam mahal-mahal tanyş-bilişleriniñ ýanyna gidip, wagtyny hoş geçirmeli ahyry.
✔ Ýo-ýok, meniñ ýeke-tägim hiçem beýdenok.

4. Size öñ şeýtmedik ýerinden birdenkä her dürli sowgatjyklar, gül desselerini almaga başladymy?

✔ Hawa, käwagt şeýle bolupdy.
✔ Meñ pikirimçe-hä, munda erbet zat ýok.
✔ Ýok, diñe belli-belli günlerde.

5). Saçagyñ başynda otyrsyñyz we ýoldaşyñyza jañ geldi…

✔ «Möhüm bir iş bardy» diýip beýleki otaga geçýär.
✔ Telefona jogap bermän, «men oña soñ özüm aýlaryn» diýip oñýar.
✔Ýanymda alyp, arkaýyn gürleşýär.

6. Ýanýoldaşyñyz iş saparyna gidende ýanynda owadan sekretarşasyny (ýa-da gelşikli kömekçisini, sürüjisini) alyp barýan bolsa…

✔Bu onuñ hemişe edýän zady.
✔Oña ýygy-ýygydan jañ edip, gürleşip durýaryn.
✔Bir ýere gidende köplenç meni-de äkidýär.

7. Partnýoryñyzyñ egin-eşiklerinde saçyñ tary tapylan wagty boldumy, ýa garşydaş jynsa degişli atyryñ ysy ýaly zatlar burnuñyza gelipmidi?

✔Hawa, köplenç duýýaryn.
✔Köpçülik bilen işleşýär. Bolaýjak zat.
✔Ýok, hiç gabat gelmedim.

8. Soñky wagtlarda size bolan gyzyklanmasy peseldimi?

✔ Hawa

Ýanýoldaşyñyz size ikilik edýärmi?

✔ Belki-de, biraz ýeke bolasy gelýändir.
✔ Ýok, hemişe şeýle.

9. Aýdaly, ýanýoldaşyñyz öz dost-ýarlary (joralary) bilen daşary çykdy we siz oña jañ etdiñiz. Telefonyñ añyrsynda garşydaş jynsyñ sesi gelýärmiş…

✔ Bilmedim-dä, näme etsemkä…
✔ Dessine şo ýere giderin.
✔ Mesele däl. Men oña ynanýaryn.

10. Aýdaly, öýe ir geleniñizde, aýalyñyz sizi gaşy çytyk, äriñiz ýüzi açyk garşylaýar…

✔ Belki-de, erbet niýeti ýokdur.
✔ Şotaýdan derrew gaýdaryn.
✔ Dessine dogry düşündirerine garaşaryn.

11. Bir haýwany saýlañ

✔Keýik.
✔Ýyrtyjy delfin.
✔Angut guşy.

# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. Psihologiýa

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle