| |

Ýañramasana! / satiriki hekaýa

Ýañramasana! / satiriki hekaýa ÝAÑRAMASANA!

Ýañramasana! / satiriki hekaýa

Ol 1915-nji ýylda dünýä indi. Ony öýde aglatmadylar. Çaga aglaberjek boldugy ejesi barmagyny çommaldyp:
— Häýt bedasyl, gap sesiñi! — diýip haýbat atýardy.
Gülmek hem gadagandy, aglamagam gadagandy, kakasy:
— Ýuwaş boluñ! — diýip buýurýardy.
Öýlerine myhman gelende-de:
— Ýuwaşja otur, galmagal etme — diýip, ony geplemez ýaly edýärdiler.
Ejesi öýde ýeke galanda oña:
— Wah, geplemesene, ýüregime-bagryma düşdüñ. Bir salym bir ynjalykly oturaýyn-la — diýýärdi.
Tä ýedi ýaşaýança şu hili gürrüñ dowam etdi.
Mekdebe gitdi. Sapak wagty bir söz aýtdygy:
— Gepleme diýilýär saña! — diýip, mugallym gygyrýardy.
Klas tagtasyna çagyryp:
— Soralýan zada jogap ber. Kän ýañrama — diýip, öñünden duýdurýardylar.
Şeýdip on iki ýaşady.
Orta mekdebe gitdi. Çala agzyny açdygy:
— O senden soralanok — diýdiler.
Direktor oña: "Söz kümüş, dymmagam — altyn" nakylyny ýatlatdy.
Türk dili mugallymy:
— Iki sapar diñläp, bir gezegem jogap ber. Adamyñ iki gulagy, birem agzy bardyr — diýdi.
— Ýuwaş!
— Gap sesiñi!
— Ýañrap oturmasana?
Tä on bäş ýaşaýança şu hili dowm etdi.

◆ ◆ ◆

Liseýe gatnap başlady. Bu ýerde-de onuñ ilki eşiden gürrüñi:
— Ýañrandan dyman gowy! — diýen gürrüñ boldy.
— Kän gepleme?
— Dymyp otur!
— Bes ediñ gürrüñiñizi!
On dokuz ýaşaýança şeýle boldy.

◆ ◆ ◆

Uniwersitete girdi. Öýde oña:
— Uly adamlar gepleýärkä, kiçiler diñlemelidir — diýip, pent berdiler.
Ejesi:
— Söz ~ ulyñky, suw ~ kiçiñki! — diýip öwretdi.
Professor bir sapar:
— Diliñi dişläp gezgin! — diýdi.
Şeýdip ýigrimi üç ýaşady.
Goşun gullugyna gitdi. Bölümiñ komandiri:
— Gepleme, eşşek ogly! — diýip buýruk berdi.
Seržant:
— Bes et samahyllyñy! — diýdi.
Kapitan:
— Tükediñ gürrüñiñizi — diýdi.

◆ ◆ ◆

Polisiýa çagyrdylar. Polisiýa gullukçysy gahar bilen:
— Kim senden zat soraýar! — diýdi.
Komissar bolsa:
— Diliñi damagyña goýbererin — diýdi.

◆ ◆ ◆

Işe girdi. Ýanyndaky ýoldaşlary barmaklaryny dodaklaryna ýetirip:
— Ýuwaş-ş! — diýdiler.
— Jan dogan, diliñi saklaweri! Bir belañ üstünden barýañ.
Sem bol!
Başlyklar hem:
— Gören ýere burnuñy sokup ýörme! — diýdiler.
— O seniñ işiñ däl!
— Seniñ ne işiñ?
— Ugruñajyk gez, bolmasa-da…

◆ ◆ ◆

Öýlendi. Aýaly:
— Başyña döneýin, sen gatyşma — diýdi.
Çagalary dünýä indi, ulaldylar.
— Kaka, bu zatlara seniñ akylyñ çatmaz. Goşulma-da, arkaýyn oturyber! — diýdiler.

◆ ◆ ◆

Bi adam ~ belli bir derejede men, belli bir derejede ~ siz, belli bir derejede-de biziñ hemmämiz.
Öñ zamanlarda aýallar ärleriniñ dilini lal açdyrmak üçin nahara garamandalak atar ekenler. Bize-de, görýän welin, şony beren bolmalylar, hany, serediñ, diliñiz ýerindemi? Dilimizi ýuwdan bolmaly biz. Agzymyz bar-da, dilimiz ýok.

◆ ◆ ◆

Indi şol ~ hem maña meñzeş, hem size meñzeş adam söz azatlygynyñ berilmegini talap edýär. Onuñ gepläsi, aýdasy gelýär.
Emma oña:
— Gepleme! — diýýärler.
Meniñ bolsa oña:
— Aýt! Içiñi dök! Bol, aýdyber! — diýesim gelýär. — Ýöne näme aýtjak? Nädip aýtjak? Hany, seniñ diliñ hany ahyryn?..

Terjime eden: Kemal YKLYMOW.

Eziz NESIN,
türk ýazyjysy. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle