|

Ýangyn

Ýangyn ÝANGYN

Omaryñ halyflyk eden döwründe
Ýangyn tutaşypdyr illeñ birinde.

Ony hiç söndürip bolmaýarmyşyn,
Ot bar zady gowrup-ýalmaýarmyşyn.

Ýangyn haýbat berip gyzyl diline,
Gabsapdyr bar zady oda-ýalyna.

Haýygypdyr onuñ badyny gören,
Daragtlaram, guşlañ höwürtgelerem

Ýalyn üçin şatlyk-keýp bolupdyr,
Oñ deminden gara köýük bolupdyr.

Degmändir suwuñam hiç hili haýry,
Hökümdar bolmandyr ýangyndan gaýry.

Hiç zatdan jinnek deý görmän zowaly,
Dabyrapdyr Allañ gazaby ýaly.

Adamlar Omaryñ ýanyna baryp,
Kömek isläpdirler boýnuny burup.

Hökümdara şeýle diýipdir olar:
«Bu ýangyny nädip dep etse bolar?»

Omar aýdan: «Üns beriñ, bir zada,
Herki zadyñ sebäbi bar dünýäde.

Daşdan gözlemäliñ muñ günäkärin,
Size köpden bäri syn edip ýörün.

Garyp-gasarlary gözden saldyñyz,
Şeýdibem, şu bela duçar bolduñyz…»

«Ýok, beýle däl.
ýarap olañ derdine,
Baýlygymyzdan ýoksullara berdig-ä!»

«Paýlanam bolsañyz suw bilen nany,
Kemsidip berdiñiz garyp ynsany.

Her kim pes tutmasa niýetin, pälin,
Allañ gazabyna duşjagy mälim!» Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle