|

Ýalta

Ýalta ÝALTA

Ýalta

Göreniňden göwnüň açylyberýär,
Bu-da hut Ýaltanyň gowulygyndan.
Deňiz oň dyzyna başyn goýupdyp.
Depede Gün — tylla saçy egninden.

Dag, tokaýy — bularam bar birýanda,
Isleseň, ümdüzne gidibermeli.
Kenar bolsa durşy bilen gyz-gelin,
(Gürrüňi eşdenden gowsy görmeli).

Geçýär käte gözýetimden ak gämi,
Gadamynda jemläp, pikirdir küýüň,
Döreýär göwnüňde ýakymly duýgy,
Golaýdan sallanyp gyz geçen deýin.

Hoştap ysly howa beýhuş ederli,
Oň bir syny gökde, bir syny ýerde.
Göwnüme düýşe-de giräýjek ýaly,
Bu pursat bir çaklar, ýene bir ýerde. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle