Ýalñyzlyk keşbi
Ýalñyzlyk keşbi
Aýyñ ondördünde dañ atyp barýar,
goşa dolanaý batyp barýar.
Şeýle bir dury
şeýle bir ümsüm,
duýmarsyñ janyñda ýekeje tolgun.
açylman dur garry köçe ukudan,
Süzülmän dur gözleriñ,
serpilen suw ýaşmagy,
gözgi kölüñ bozulman dur gaýmagy.
Üýtgeşik görnüş kölüñ keşbinde,
Asman,
dolanaý,
sallanyp dur agaç,
jaý.
Zaman
gözlerini sowman bu gözellikden,
seýl edip ýör göýä çuñ ümsümlikde.
Undulan dünýäniñ gohy!
* * *
Salymlar,
salymlar
salymlar geçýär,
ýumşajyk şemal
sypalap hyýalyñ ýañaklaryny,
açýar gözlerimiñ doñaklaryny.
Bozýar bar zady
köli,
aýy,
daragty, jaýy
puja çykýar jahanyñ ýary.
Gün şöhle saçýar,
gögi bombalaýar oñ çyrazlary.
Gözümden köle çekilen ýoly
kesip dur säheriñ guba gazlary.
Ýaşyl, narynjy, mawy,
janlanýan köçe,
adamlar, maşynlar, zeýrenýän otly
Radio
habarlar
sesleri batly
eşidilýär jahanyñ hakyky ýary.
* * *
guşlar saýraşýar,
ýalñyzlykdan doly, gat-gat tutuly garañky otag
maña garaşýar.
maý 2018. Goşgular