Ýalňyşlyklar komediýasy (Hekaýa)

Ýalňyşlyklar komediýasy (Hekaýa)

Genrik SENKEWIÇ,
polýak ýazyjysy

Gürrüň bermekçi bolýan wakam, hakykatdanam, bir amerikan şäherjiginde bolup geçipdi. Günbatarda bolupdyrmy ýa-da gündogarda, anygyna ýetip bilmedim, aslynda, munuň ol diýen parham ýok. Haýsydyr bir amerikan ýa-da nemes nowellaçysynyň bu ýordumy menden öňem ulanan bolmagy mümkin, ýöne bu hem okyjylar üçin ol diýen ähmiýetli däldir diýip pikir edýärin.

Bäş-alty ýyl mundan ozal Maripoza okrugynda nebit gorlarynyň üsti açyldy. Şeýle nebit känleriniň Newadadaky we beýleki ştatlardaky ýaly, getirýän ägirt uly girdejileri baradaky myş-myşlar telekeçileriň birnäçesini täze açylan gorlary peýdalanmak maksady bilen, ur-tut şereket işini ýola goýmaga höweslendirdi. Nebit känlerine her hili ulaglary, suw sorujy enjamlary, ýük göterijileri, merduwanlary, çelekdir çelejikleri, burawdyr çanlary getirdiler, işçiler üçin jaý gurdular, bu ýerini «Strak-Oýl» diýip atlandyrdylar. Aradan birnäçe wagt geçensoň, öň iňlär siňek bolmadyk çöllükde birnäçe ýüz adam ýaşaýan onlarça öýli oba peýda boldy.

Iki ýyldan soň bu ýerini eýýäm «Strak-Oýl-Siti» diýip atlandyryp başladylar. Dogrudan-da, sözüň doly manysynda, ol hakyky şäherdi. Şol wagta çenli bu ýerde eýýäm tikinçiniň, ädikçiniň, agaç ussasynyň, demirçiniň, gassabyň hem fransuz lukmanynyň bardygyny göz öňünde tutup, munuň şeýledigine ynanaýmaly. Ýaňky fransuz diýýänimiz dogduk mekanynda sertaraşlyk bilen meşgullanypdyr, ýöne her niçik-de bolsa, ol sowatly, üstesine-de, hiç kime zelelsiz adamdy. Amerikada lukman bolmak üçin bolsa, şunuň özem ýeterlikdi.

Köplenç, kiçijik amerikan şäherinde bolşy ýaly, ýaňky lukman hem dermanhanaçy, hem poçta işgäridi, şeýlelikde, ol üç iş bilen başagaýdy. Onuň dermanhanaçy bolşy hem, edil lukmanlygy ýaly ile zelelsizdi, sebäbi dermanhanadan diňe iki zady — süýjüli şire bilen leruany alyp bolýardy. Ýuwaş hem mylakatly fransuz ýaşy birçene baran müşderilerine:

— Meniň dermanlarymy siz gaty arkaýyn içip bilersiňiz. Mende bir düzgün bar: näsaga şol dermany bermezden ozal, synag üçin ondan bir kişiligini özüm içýärin. Eger maňa — sagdyn adama ondan zelel gelmese, derman hassa üçin hem howply däl. Dogry aýdýanmy?

— Dogry — diýip, göwni aram tapan adamlar razylaşýardylar. Lukmanyň hassalara diňe bir zyýan ýetirmekden saklanmaga däl-de, eýsem, kömek etmäge hem borçludygy, nämüçindir, olaryň kellesine-de gelmeýärdi.

Jenap Dasonwill diýip ýüzlenilýän bu lukman, aýratyn-da, leruanyň gudratly häsiýetlerine ynanýardy. Ol ençeme gezek ýygnaklarda papagyny çykaryp, adamlara şeýle sözler bilen ýüzlenipdi:

— Hanymlar we jenaplar, leruanyň nähili peýda berýändigini öz gözüňiz bilen görüň! Men ýaşy ýetmişden geçen adam, şu serişdäni kyrk ýyl bäri her gün ulanýaryn. Indi bolsa serediň, meniň kellämde ýekeje-de çal saç ýok!

Oturanlar, elbetde, lukmanyň kellesinde diňe bir çal saçyň däl, eýsem, hiç hili saçyň ýokdugyny aýdyp bilerdiler, sebäbi onuň kellesi edil dyzy ýaly ýylçyrdy. Ýöne beýle bellikleriň Strak-Oýl-Sitiniň abraýyna hem şöhratyna hiç hili goşant goşup bilmejekdigi sebäpli, hiç kim bu babatda dillenmeýärdi.

Strak-Oýl-Siti bolsa gitdigiçe ösüp-örňeýärdi. Ýene iki ýyldan bu ýere demir ýol şahasy çekildi. Şäheriň eýýäm saýlawlar esasynda bellenen wezipeli adamlary bardy. Hemmeleriň söýgüsini gazanan lukman, intelligensiýanyň wekili hökmünde, kazylyga saýlandy, asly polşaly jöhit bolan ädikçi jenap Dewis (öňki Dawid) bolsa özünden başga işgäri bolmadyk polisiýanyň başlyklygyna, ýagny şerifiň wezipesine saýlanypdy. Täze gurlan mekdebe ýörite çagyrylan mekdep mugallymasy — mydama diş agyrysyndan ejir çekýän garry gyz müdirlik edýärdi. Ahyrsoňy, şäherjikde «Birleşen Ştatlaryň oteli» atly ilkinji myhmanhana peýda boldy.

Şäherde söwdadyr telekeçilik janlandy. Nebit ep-eslije girdeji getirýärdi. Mister Dewis öz ussahanasynyň öňünde San-Fransiskonyň aýakgap dükanlarynyňka çalymdaşrak aýna witrina goýdy. Bu hemmeler tarapyndan aýratyn bellenip, nobatdaky ýygnakda Strak-Oýl-Sitiniň ilaty «şäheriň täze bezegi» üçin oňa ýürekden hoşallyk bildirdi. Mister Dewis bolsa jogap ýerine beýik raýata mahsus kiçigöwünlilik bilen «Minnetdar! Minnetdar!» diýip gaýtalaýardy.

Kazynyň hem şerifiň bar ýerinde kazyýet işlerem hökman bolaýmaly. Dawa-jenjeliň dörän ýerinde bolsa, ugursyz ýazgylar sebäpli, kagyz garalanjagynyň ujy iki däl, diýmek, kagyz zerurlygy ýüze çykýar. Şol sebäpli, Birinji köçäniň we Möjekler köçesiniň burçunda ýazuw kagyzy dükany açyldy. Ol ýerde kagyzdan başga gazet hem satylýardy.

Strak-Oýl-Sitiniň medeni ösüşi munuň bilen çäklenmedi. Amerikan şäheri metbugatsyz oňup bilmez ahyry: ine-de, aradan ýene bir ýyl geçensoň, Strak-Oýl-Sitide «Saturday Weekly Review», ýagny «Hepdelik şenbe syny» gazeti çap edilip başlandy. Neşiriň abunaçylarynyň sany şäheriň ilatynyňky bilen des-deňdi. «Synyň» redaktory şol bir wagtda onuň neşirçisi hem redaksiýasynyň müdiridi, gazeti özi çap edip, özem paýlaýardy. Soňky wezipesini ýerine ýetirmek o diýen kynçylyk döredip duranokdy, sebäbi onuň sygry bolup, her gün irden her bir öýi süýt bilen üpjün ederdi.

Görşümiz ýaly, bagtyýar Strak-Oýl-Sitide şähere gerek ähli zat bardy. Şeýle-de nebit kärhanasynyň işçileri altyn gözleýjiler ýaly gödek hem başyna giden däldi, şonuň üçinem şäherde asudalyk höküm sürýärdi. Adamlar biri-biri bilen tersleşenokdy, eden-etdilik barada sözem ýokdy, günler suwuň goşa damjasy ýaly, biri-birine meňzeş geçip, abadan durmuş dowam edýärdi. Ir ertirden her kim öz işine gümra, gijagşam ýerli ilat ýygnak-beýleki bolmasa, ertir gijara çenli ýene şu hereketlerini gaýtalajakdyklaryna bolan ygtybarly ynam bilen uka giderdiler.

Ýerli ilata şäheriň üstünden giçlik uçup geçýän ýabany gazlary tüpeňlemek endigini goýduryp bilmezligi, şerifiň ýeke-täk aladasyna hem gynanjyna öwrülipdi. Şäher köçelerinde tüpeň atmak kanun boýunça gadagan edilendi. «Şäherden alysda bolsa ýene ýagşy» diýip, şerif gelene-gidene içini dökýärdi.

— Ýöne biziňki ýaly uly şäherde günüň-gününe «Gümp-gümp, gümp-gümp» bolup dursa, bu — barypýatan murdarlyk ahyry!

Raýatlar şerife hä berip, üns bilen diňleýärdiler, baş atýardylar, ýöne giçlik gyzylymtyl reňke boýalyp başlan asmanda dag tarapdan deňze sary uçup barýan gaz hatary göründigi öz ýagşy pällerinden el çekip, tüpeňlerine ýapyşýardylar-da, ot açyp başlaýardylar.

Elbetde, mister Dewis-ä günäkärleri kazynyň huzuryna eltip, kazy bolsa öz gezeginde olara jerime salyp hem bilerdi. Ýöne kanuny bozan bu kişileriň syrkawlan uçurlary lukmanyň hassalarydygyny, köwüş-beýleki ýamamaly ýa tikmeli bolanda bolsa, şerifiň müşderilerine öwrülýändigini ýatdan çykarmaly däldiris. Şoňa görä-de, el-eli ýuwup durka, eliň eliň göwnüne degmejegi belli.

Şeýlelikde, Strak-Oýl-Siti asudalykdan, abadançylykdan lezzet alýardy. Ýöne garaşylmadyk ýerden bagtly günleriň soňy geldi oturyberdi.

Bakaleýaçy kişi bakaleýaçy zenana, bakaleýaçy zenan bolsa beýleki kişä garşy itden beter ýigrenç bilen gazaba galdy. Şu ýerde size, elbetde, Amerikada bakaleýa söwdasynyň nämedigini düşündirmeli bolar. Bu — tas ähli zat diýen ýaly satylýan dükan. Ol ýerden siz un, şaly, başgap, sübse, ilik, sardina balygy, köýnek hem jalbar, ýag, tohum, çyra çüýşesi, palta, guradylan çörek, gap-gaç, kagyzdan ýaka, kakadylan balyk, garaz, durmuşda gerek bolan ähli harydy satyn alyp bilersiňiz. Strak-Oýl-Sitide ilki şeýle dükanyň diňe biri açyldy. Asly prussiýaly otuz bäş ýaşlaryndaky mölegöz, daýaw, sowukganly nemes Gans Kaske onuň hojaýynydy. Ol hemişe uzyn syýly, iki ýanyna iliklenýän geýimde gezerdi, agzyndan müşdügini aýyrmazdy. Iňlisçe söwda işi üçin zerur bolan bäş oýnam söz bilse-de, soňra welin, duran ýeridi. Şeýle bolsa-da, ol söwdany başarjaňlyk bilen alyp barýardy. Bir ýyldan soň Strak-Oýl-Sitide Gans Kaske barada birnäçe müň dollarlyk gory bar diýip gürrüň edip başladylar.

Ýöne birden şäherde şeýle ikinji dükan peýda boldy. Özem geň görmeli ýeri: olaryň ikinjisinem nemes, ýöne zenan maşgala açdy! Olaryň arasynda ur-tut oňşuksyzlyk döredi. Ählisi miss Neýmanyň (ýa-da onuň özüniň amerikan äheňine laýyk aýdyşy ýaly, Nýumeniň) säher bilen müşderilere sodadyr zäk garylan undan bişirilen çörek satmagyndan başlandy. Eger ol şaýatlara salgylanyp, çörek üçin uny Gans Kaskeden satyn alandygyny kesgin aýtmadyk bolanlygynda, jemgyýetçilik pikiriniň öz garşysyna öjükmegine ýol açardy. Bu bolsa onuň özüne has uly zelel getirerdi. Häzirki ýagdaýda bolsa, turuwbaşdan bäsdeşini masgaralap, ondan dynmak isleýän Gans Kaske görip hem deýýus kişi bolup çykýardy.

Dogry, iki dükançynyň öz aralarynda bäsdeşlik etjekdiklerini öňünden aňmak kyn däldi. Ýöne dükan hojaýynlarynyň bäsdeşligi ýigrenje öwrüler diýip, hiç kim güman etmändi. Bu ýigrenç bahym şeýle bir derejä ýetdi welin, Gans zir-zibilini diňe şemal bäsdeş zenanyň dükanyna tarap öwsende otlardy, bäsdeş zenan bolsa garagyna bakyp, möle gözi üçin oňa «şu mölegöz» diýerdi. Gans muny aşa uly öýke bilen kabul ederdi.

Başda alyjylar olaryň ikisiniňem üstünden gülerdiler, wakanyň gyzykly ýeri, Gansam, miss Neýman hem iňlisçe gürläp bilenokdy. Ýöne her gün şol bir dükandan zat satyn alyp, onuň eýesi ýa-da hojaýyn zenan bilen gümür-ýamyr etmeli bolsaň, olaryň haýsam bolsa birine hä bermän durmagam aňsat däl. Şunlukda, kem-kemden şäherde iki topar — gansçylar we neýmançylar topary döredi. Garşydaş toparlaryň wekilleri eýýäm bir-birege gyýa göz bilen garap başlapdylar. Munuň özi bolsa Strak-Oýl-Siti şäherinde parahat hem asuda durmuşy bozup, geljekde öte çylşyrymly ýagdaýy döredip biljekdi. Şerif mister Dewis çuň pikirli hem üşükli syýasatçy hökmünde, belanyň başdan öňüni almaly diýip hasaplansoň, bäsdeşleri ýaraşdyrmaga çalyşýardy. Onuň ýol üstünde aýak çekip, ikisiniň-de ene dilinde höre-köşe eden gezegi bir ýa iki däldi:

— Ýeri, tersleşmek nämä derkar? Eýsem, siz bir ädikçiden paşmak satyn almaýaňyzmy näme? Häzir mende şeýle bir aýakgap bar welin, onuň ýalysyny tutuş San-Fransiskony sökseňizem tapyp bilmersiňiz!

— Basym aýakýalaňaç gezjegiň öňünde öz aýakgabyňy magtamagyň hajaty nä? — diýip, miss Neýman ýüzüni turşadyp, närazylyk bildirerdi.

Gans hemişekisi ýaly sowukganlylyk bilen jogap gaýtarardy:

— Alyjylar meniň ýanyma aýagym üçin gelenok.

Miss Neýmanyň örän owadan aýajyklary bardy, şonuň üçinem Gansyň kakdyryp aýdan şerebeli sözleri onuň ýüregini gahar-gazapdan püre-pürlärdi. Öçli iki partiýa şäher ýygnaklarynda Gans we miss Neýman hakyndaky meseläni orta atyp başladylar. Emma Amerikada zenan bilen jetleşmek hyýalyna münen adamyň hiç haçan adalatly kazyýet goragyna bil baglap bilmejegi belli. Şoňa görä-de, raýatlaryň köpüsi miss Neýmanyň tarapyna geçdi. Tiz wagtdan Gans söwdasynyň çykdajylary zordan ödeýändigini görüp galdy.

Ýöne welin, miss Neýmanyň hem işi o diýen ugruna däldi, çünki şäheriň zenanlary Gansyň tarapyndady. Bu olaryň ärleriniň odur-budur satyn almak üçin nemes näzeniniň ýanyna ýygy-ýygydan gatnaýandyklaryny we onuň dükanynda eslije eglenýändiklerini bilip-duýup başlan uçurlaryndan şeýle boldy.

Iki dükanda hem alyjy bolmadyk halaty Gans hem miss Neýman daşarda durup, biri-birini gözi bilen iýäýjek bolýardylar. Miss Neýman «Meniň mähriban Awgustinim» atly nemes aýdymynyň heňinde hiňlenerdi:

— Mölegöz…möle-göz…mö-le-gö-öz!

Gans bolsa oňa başyndan aýagyna çenli bir aý mundan ozal öldürilen möjegi synlaýşyndaky ýaly garaýyş bilen nazar aýlaýardy. Soňra şeýtany gülküsini hem goşup gygyryp goýberýärdi:

— Eý, Taňrym!

Bu äwmezek kişiniň ýigrenji şeýle bir derejä ýetdi welin, irden işige çykyp, miss Neýmany görmese, nämedir bir zady ýetmeýän adam ýaly, duran ýerinde aýaklaryny ynjalyksyz tarpyldadyberýärdi.

Eger Gansyň hökümet wekilleriniň hiç biriniň özüni goldamajagyna magat gözi ýetip durmadyk bolanlygynda, olar bireýýäm çaknyşmalydy. Üstesine, miss Neýman «Şenbe synynyň» redaktorynyň mysalynda özüne goragçy tapynypdy. «Synda» gögüň gürrüldisi ýaly makala peýda boldy. Onda redaktor käbir «mölegözleriň» töhmetçilikli gylyklary barada jikme-jik gürrüň berýärdi.

Şol günden başlap mister Gans ir bilen süýtsüz kofe içip başlady, çünki indi redaktordan süýt satyn almak islemedi. Oňa derek miss Neýman alýan süýdüniň möçberini iki esse köpeltdi. Mundan başga-da, tikinçä şeýle bir nusgadaky köýnek tikmegi sargady welin, bu oňa Gansyň töhmetçidigine hemmeleri ynandyrmaga gutarnykly ýardam etdi.

Indi Gans aýal hilegärliginiň garşysyna özüni diýseň goragsyz duýýardy. Nemes zenany bolsa her säher dükanyň işigine çykyp, has çasly hiňlenýärdi:

— Mölegöz… möle-göz… mö-le-gö-öz!

Gans: «Oňa näme ýamanlyk edip borka? — diýip, kän gezek oýa batdy — Mende alakalar üçin awuly bugdaý bar, towuklaryny zäherläýsemmikäm? Ýok, bolmaz, tölemäge mejbur ederler!.. Hä-ä, näme etmelidigini bilýän!»…

Agşamara miss Neýman juda geň galmak bilen, Gansyň ýabany aşygotunyň desselerini gujak-gujak edip äkidip, ýerkümäniň gözenek-gözenek penjiresiniň alkymyna basýandygyny gördi. «Geň zat, bu näme hyýala mündükä? — diýip, öz ýanyndan dillendi. — Belki, meniň garşyma bir zatlar etjekdir!»…

Şolarada garaňky gatlyşdy.

Gök otlary ýerkümäniň penjiresine geçelge galar ýaly iki hatar goýuşdyran Gans öýden daşy mata bilen örtülen nähilidir bir zady alyp çykdy. Goňşusyna ýeňsesini öwrüp durşuna, ýaňky syrly zadyň üstüni ýapraklar bilen örtdi. Şondan soň diwaryň öňüne bardy-da, bir zatlar ýazyşdyryp başlady.

Bilesigelijilikden ýaňa miss Neýmanyň içine ot düşen ýalydy. «Men barada bir zatlar çyrşaýan bolmaly — diýip, ol pikir etdi. — Goý, hemmeler uka gitsin, şonda baryp görerin. Ölerin welin, onuň näme ýazandygyny biljek bolaryn!»…

Syrly işini tamamlap, Gans öýüne sümüldi-de, tiz wagtdan çyrasyny söndürdi. Şol wagt miss Neýman howlukmaçlyk bilen halatjygyny egnine atyp, ýalaňaç aýagyna çepegini ildirdi-de, köçeden ylgap geçdi. Aşygotuly hatarlara ýetip, ol diwardaky ýazgyny okamak maksady bilen, iki setiriň arasynda goýlan geçelgeden göni ýerkümä tarap ýöneldi.

Ýöne birden onuň gözleri maňlaýyna tarap süýşerli göründi. Ol arkan gaýşyp, naýynjar gygyrdy: «Aý! Waý!» Soňra «Ýeteweriň, kömek ediň! Halas ediň!» diýip umytsyz bagyryp başlady.

Ýokarda penjiräni açdylar.

— Ýeri näme? — Gansyň parahat sesi eşidildi. — Näme boldy?

— Nälet siňen mölegöz — diýip, miss Neýman çirkin ses etdi. — Janymy aldyň, öldürdiň meni! Munuň üçin ertir seni dara çekerler! Ýeteweriň! Halas ediň!

— Häzir aşak düşýän — diýip, Gans öňküsi ýaly parahat seslendi.

Ol bir minut geçip-geçmänkä eli şemli aşakda peýda boldy. Göýä, ýere çüýlenen ýaly bolup duran miss Neýmana bakdy-da, elini bykynyna urup, hahahaýlap gülüp goýberdi:

— Men näme görýän-ä? Miss Neýman? Ha-ha-ha! Gijäňiz rahat bolsun, miss! Ha-ha-ha! Şagallara gapan gurup, boý gyzy ele salaýdym! Miss, siz näme meniň ýerkümäme göz gezdirmek islediňizmi? Hiç kim golaý gelmesin diýip, men diwarda ýörite ýazgy galdyrdym-a. Indi siz bokurdagyňyza sygdygyndan gygyryp bilersiňiz, goý, adamlar ylgap gelsinler! Siziň gijelerine jyklamak üçin meniň ýerkümäme gelýäniňizi, goý, hemmeler görsün! Sesiňiziň ýetdiginden gygyryberiň, siz tä ir ertire çenli butnaman durmaly bolarsyňyz. Gijäňiz rahat bolsun, miss, ýakymly düýşleri görmegiňizi arzuw edýän!

Miss Neýmanyň haly harapdy. Gygyrmalymy? Ol-a bolmaz, adam bary ýygnanar, masgaraçylyk ahbeti. Sesiňi çykarman durmalymy? Uzyn gijäni gapanda geçirip, ertir tutuş şähere gülki bolmalymy? Gapan gapjan aýagyň agyrysy hem janyňy alyp barýar.

Onuň başy çaşdy, gözüniň öňünde ýyldyzlar birigip, olaryň arasynda bolsa Gansyň eýmenç ýüz keşbine meňzäp, Aý ýalpyldaýardy… Miss Neýman özünden gitdi.

Gans hem biynjalykdy: «Eger ol öläýse, ertir kazyýete ýetirmän, meniň işimi görerler».

Gorkudan ýaňa onuň saçlary syh-syh boldy.

Başga alaç ýokdy. Gans demir gapany ýazdyrmaga howlukdy. Emma ony ýazdyrmak ýeňilem däldi, miss Neýmanyň halady päsgel berýärdi. Ony birneme ýokaryk çekmeli boldy we… ähli gahar-gazabyna hem gorkusyna garamazdan, Gans Aýyň ýagtysyna öz duşmanynyň, göýä, mermer mysaly ajaýyp aýajyklaryna bakman durup bilmedi.

Megerem, onuň haýpy geldi. Ol howlukmaçlyk bilen gapany ýazdyrdy, gyz henizem huşsuz ýatansoň, ony göterip, öýüne tarap ýöneldi.

Gans öýüne dolanyp gelensoňam, kirpigini kirpigine gatyp bilmedi.

Ertesi irden miss Neýman hemişekileri ýaly, öz eý görýän setirlerine hiňlenmek üçin dükanyň bosagasynda görünmedi. Belki, utanandyr, belki-de, ar almagyň kül-külüne düşendir.

Ol ar almagyň çemini gözleýän bolup çykdy. Şol günüň agşamy «Saterdeý uikli rewýunyň» redaktory Gansy ýumruklaşma söweşine çagyrdy-da, ur-tut gözüni gögertdi. Ýöne soňra Gans ony şeýlebir ýençdi welin, uzaga çekmedik netijesiz garşylykdan soň, redaktor ýere süýnüp: «Bes indi! Bes indi!» — diýip gygyryp başlady.

Kimdir birinden tutuş şäher miss Neýmanyň gijeki «gezelençleri» hakynda eşiden bolarly. Redaktor bilen bolan darkaşdan soň, Gansyň ýüreginde garşydaşyna bolan dözümsizligiň deregine, öç tutaşdy.

Ol haçandyr bir wagt geljek duýdansyz urgyny syzýardy. Şol urgy uzak garaşdyrmady.

Dükançylar, köplenç, dükanyň öňünde öz satýan harytlary barada bildiriş asyp goýagan bolýar. Şeýle-de amerikan dükanlarynda, adatça, restoranlar hem barlar üçin buz satylýandygyny bilmegiňiz gerek, şonsuz amerikaly ne arpa suwuny, ne-de şerbet içip biler. Ine, Gans birden özünden düýbünden buz satyn alynmaýandygyny bilip galdy. Onuň demir ýol bilen getirip, ýerkümä salan buz gory eräp gitdi, çekilen zelel on dollardan agdy. Eýsem, sebäp nämede? Näme üçin beýle boldy? Gans öz tarapdarlarynyň hem her gün buzy miss Neýmandan satyn alýandyklaryny görüp durdy, munuň näme üçin beýledigine welin, hiç akyl ýetirip bilenokdy. Ýogsa ol köne alyjylarynyň hiç biri bilen tersleşmändi.

Ol munuň änigine-şänigine ýetmegi ýüregine düwdi:

— Näme üçin siz menden buz alaňzok? — diýip, ol dükanyň deňinden geçip barýan meýhanaçy Piterse öz patdyk-putduk iňlis dilinde habar gatdy.

— Sadadan düşnükli aýdaýyn: siziň indi buz söwdasyny etmeýäniňiz üçin.

— O näme üçin etmeýämişim?

— Men nireden bileýin?

— Bu ýalan ahyry! Mende buz bar-a!

— Onda bu näme? — Piters barmagyny diwara ýelmenen bildirişe dürtdi.

Gans şol taýa äňedende, gahardan ýaňa ýüzi boz-ýaz boldy. Kimdir biri onuň bildirişindäki «Notice» diýen sözüň «t» harpyny kesip alypdyr. Netijede «No ice» bolupdyr. Bu bolsa iňlis dilinde «Buz ýok» diýmegi aňladýar. Gans:

— Haý, deýýus diýsänim! — diýip, gygyrdy-da, gyssagly miss Neýmanyň dükanyna urdurylyp girdi.

— Munyňyz haýynlyk bolýar! — diýip, ol agzyny köpürjikledip gygyrmaga durdy. — Siz meniň bildirişimden bir harpy dyrmap aýyrmaga neneň milt edip bildiňiz?

— Eýse, men näme dyrmap aýranmyşym? — diýip, miss Neýman bigünä halda sowal oklap, geň galan boldy.

— Men size aýtdym ahyry — «t» harpyny, näme gulagyňyz gapykmy? Ony siz dyrmap aýrypsyňyz! Ýok, eýesiz galan, munuň soňuna çykmasam bolmaz. Siz maňa erän buzumyň hakyny tölärsiňiz!

Gansyň adaty sowukganlylygyndan nam-nyşan galmady. Miss Neýman hem gep alyp galarly däldi. Gykylyga adam bary ýygnandy.

— Halas ediň! — diýip, miss Neýman çirkin gygyrdy. — Nemes guduzlapdyr. Ol öz ýanyndan bir zady dyrmap goparandygymy gaýtalap goýanok, ýöne men onuň hiç zadyny dyrmamok. Men onuň nämesini dyrmalap goparaýyn? Taňry şaýat, eger başarsam, başga hiç zat etjek däl, heşelle kakyp gözüni dyrmalap goparjak. Men bir ýalňyz, arkasyz gyz! Ol indi maňa gün bermez!

Ol gygyryp durşuna ajy gözýaş dökýärdi. Amerikalylar nämäniň nämedigine düşünmän galdylar, ýöne olar zenan aglasa halanoklar. Şonuň üçin Gansy mazalyja ýenjip, südenekledip çykardylar. Ol gapynyň söýesine direnmäge çalyşdy, ýöne köplük bilen oýnuň deň geljekmi?! Ok ýaly atylyp dükanyna aşyşyna, ýere ýazyldy.

Aradan bir hepde geçensoň onuň dükanynyň gapysynyň ýokarsynda harsal reňklenen ýazgy peýda boldy. Onda edil miss Neýmanyň geýnişi ýaly geýnen bijin şekillendirilipdi. Aşagynda bolsa zer bilen bezelensoň, ýalpyldap duran şeýle ýazgy bardy:

«BIJINIŇ ALKYMYNDA» BAKALEÝASY

Bilesigelijileriň bary üýşdi, her kimiň ýazgyny synlasy geldi. Köçedäki çasly gülki sesleri gulagyna degen miss Neýman daşaryk çykyp töweregine garanjaklady, dessine-de ýüzi ak tam boldy. Ýöne özüni ýitirmedi:

— «Bijiniň alkymynda» bakaleýasy? Elbetde, bu şeýle — dükanyň alkymynda mister Kaske ýaşaýar ahbeti. Ha-ha-ha!

Muňa garamazdan, bu onuň üçin ýürege urlan hanjar ýalydy. Gündizlerine topar bolup mekdepden gaýdyp gelýän çagalaryň ýazgynyň öňünde aýak çekip gygyryşýan sesleri onuň gulagyna gelýärdi:

— Wiý, bu hakyt miss Neýman-a! Salam, miss Neýman!

Bu eýýäm artykmaçdy. Agşamara ýanyna redaktor gelende, ol oňa şeýle diýdi:

— Ýazgydaky bijin — men-dä! Bilip durun! Muny jogapsyz geçirer öýtmesin! Men ony ýazgyny sypyryp aýryp, gözümiň alnynda bijini dili bilen ýalamaga mejbur ederin!

— Sen näme etmekçi bolýaň?

— Häziriň özünde kazynyň huzuryna barjak!

— O nähili häziriň özünde?

— Ýeri bolýar-da, ertir ötägiderin.

Ol ertir irden öýden çykdy-da, Gansyň ýanyna baryp, şeýle diýdi:

— Näme diýseňizläň, mister mölegöz, meni maýmynjygyň şekilinde görkezeniňizi bilýän. Hany, ýör, kazynyň ýanyna! Göreli, ol muňa näme diýerkä?

— Öz ýazgymda islän suratymy çekmäge hakymyň bardygyny aýdar!

— Görübereris! — diýip, miss Neýman kynlyk bilen demini dürsedi.

— Şol bijiniň özüňize ýanalandygyny nireden bilýäňiz?

— Ýüregim aýdýar! Boluň, hany, kazynyňka gideliň! Eger buýtar-suýtar etseňiz, şerif eliňize gandal dakyp alyp gider.

— Ýeri bolýar, ýörüň — diýip, bu gezek ýeňilmejekdigine ynamy bolan Gans ylalaşdy.

Olar dükanlaryny ýapyp, kazynyň ýanyna ugradylar. Diňe mister Dasonwilliň gapysyna ýetenlerinde, kaza bolan işi beýan etmek üçin iňlis dilini ýeterlik bilmeýändikleri güpbe ýatlaryna düşdi. Ýeri, indi näme etmeli? Şerifiň polşaly jöhitdigini, iňlisçe-de, nemesçe-de gürläp bilýändigini ýada salmaly boldy. Şerifiňkä tarap ýöneldiler. Emma nirädir bir ýere hyýallanan şerif eýýäm paýtunda otyrdy.

— Baryň, owarra boluň! — diýip, şerif heňkirdi. — Bolgusyz zat üçin tutuş şäheri howsala saldyňyz! Ýyllarboýy şol bir jübüt paşmakly özüňizem! Siziň bilen güýmenip ýörmäge elim degenok. Men oduna barýan, hoş galyň!

Ol ýola düşdi.

Gans iki elini bykynyna diräp, parahat gürledi:

— Hä, miss, ertire çenli gaýrat etmeli borsuňyz.

— Garaşmaly diýdiňizmi? Eger-eger, ondan ölenim gowy… Ýöne siz bijini aýyrsaňyz…

— Bijini aýyrjak däl!

— Onda sizi dara çekerler! Agaçda ikibaka yranarsyňyz, nemes, baý, hallan atarsyňyz-a! Şerifsizem mesele çözüler! Kazynyň hem ähli zatdan habary bar.

— Beýle bolsa, onuň ýanyna şerifsiz gidibereli!

Her niçik-de bolsa, miss Neýman ýalňyşypdy: tutuş şäherde ýeke-täk kazy olaryň dawa-jenjelinden düýbünden bihabardy. Däri-derman taýýarlamaga gümra azarsyz-bizarsyz goja hyýalynda dünýäni halas edýändirin öýdýärdi.

Ol kabul edýän her bir adamy ýaly, olary hem mähir-mylakatly garşy aldy:

— Hany, diliňizi görkeziň, balalarym!.. Häzir men size derman ýazyp bereýin.

Derman üçin gelmändiklerini düşündirjek bolýan äheňde ikisem elini galgatdy. Miss Neýman ilki dillendi:

— Biz derman üçin gelemzok!

— Ýeri, onda size näme gerek?

Gans bilen miss Neýman biri-biriniň sözüni bölüp, birden gürläp başladylar. Gans bir söz aýdýança, miss on gezek dillendi. Ahyrsoňy, nemes zenanynyň kellesine bir gowy pikir geldi: Gansyň öz ýüregini gylyç bilen paralandygyny mälim etjek bolup, ýüregine tarap ümledi.

— Hä, indi düşünýän! Düşünýän-le! — diýip, lukman begendi.

Ol küti kitaby açdy-da, bir zatlar ýazyşdyrmaga durdy. Gansdan ýaşyny sorady. Otuz alty bolup çykdy. Miss Neýmandan soranynda, ol anyk bilmeýändigini mälim etdi.

— Adyňyz näme? Gans hem Lora. Näme bilen meşgullanýarsyňyz? Söwda bilen! Juda gowy!

Lukman ýene-de nähilidir bir sowallary orta oklaşdyrdy. Olar o diýen düşünmeseler-de, häki bir, baş atmak bilen jogap gaýtardylar. Lukman ýüzüni kagyzdan göterdi: ine, indi bolaýdy.

Ýazmasyny bes edensoň, ol ýerinden turdy-da, Lorany geň galdyryp, ony gujaklady.

Gyz muny ýagşylyga ýorup, iň gowy umytlar bilen öýüne gaýtdy.

Ýolda ol Gansa haýbat atdy:

— Men siziň gözüňize görkezerin! Siz, gerek bolsa, tans oýnarsyňyz!

— Tapdyň tans oýnatjagyňy! — diýip, ol arkaýyn jogap gaýtardy.

Ertesi irden olaryň ýanyna şerif geldi. Olaryň ikisem öz dükanlarynyň gapysynda durdylar.

— Kazynyň huzuryna gitmek niýetindemi? — diýip, şerif sowal berdi.

— Biz eýýäm gitdig-ä.

— Ýeri, onsoň?

— Gadyrdan şerif! Mähriban mister Dewis! — diýip, miss Neýman haýyş edýän äheňde aýtdy. — Baryp, onuň näme karara gelenini anyklap beräýiň-dä. Menem näme, gadyryňyzy biljek borun… Maňa häzir täze köwüş hem gerek. Siz maňa derek kaza towakga edäýiň-dä! Görüp dursuňyz-a, men ýalňyz, arkasyz gyz ahyry.

Şerif gidip, aradan çärýek sagat geçensoň dolanyp geldi. Ýöne, nämüçindir, onuň yzynda giden mähelle sürrekdi.

— Ýeri, nähili? Nähili? — diýşip, iki garşydaş hem bir adam ýaly gyzyklandy.

— Ähli zat gülala-güllük — diýip, şerif jogap berdi.

— Kazy näme etdikä?

— Ol erbet zat edip bilmez, ahbeti. Ol siziň goşuňyzy birikdiripdir.

— Go-şu-ňy-zy bi-rik-di-rip-dir?!

— Hawa, hawa. Bu ýerde geň galar ýaly zat ýog-a? Ähli adamlar irde-giçde öýlenýärler.

Hatda ýyldyrym uraýanda-da, Gans hem onuň goňşy gyzy mundan aşa tolgunma ahwalyna düşmezdiler. Gans gözlerini petretdi, agzyny açyp, misli kemakyl ýaly, miss Neýmana bakdy, haýran galmakda ondan kem galmadyk gyz hem oňa äňetdi. Ilkinji minutlar ikisem, göýä, doňup galana çalym etdi, soňra gopgun turdy:

— Onuň aýaly? Menmi?!

— Indi men onuň adamsy bolmalymy?

— Dat-bidat! Eziz adamlar! Eger-eger ýol bermen! Häziriň özünde aýrylyşmaga gidýän! Islämok!

— Ýok, sen däl, men islämok!

— Taňrym, häziriň özünde aýrylyşjak. Bu nä eden-etdilik?!

— Gopgun turuzmak nämä derkar, ezizlerim — diýip, şerif parahat sözledi. — Bu ýerde gykylygyň haýry ýok. Kazy goş birikdirýär, ýöne aýrylyşdyryp bilenok. Aýrylyşyp ýörer ýaly, siz san-fransiskoly millionerler däl, ahbetin. Munuň hak-heşdeginiň näçeräk boljagyny bileňzokmy? Eý-eý-eý! Gygyrmak nämä gerek? Meniň ammarymda täsin çaga paşmaklary bar, size arzanjak satyp biljek. Hoş wagtyňyz!

Şadyýan adamlar hem dargap, ýaş çatynjalar ýeke galdylar.

— Bu zatlaryň ählisine fransuz günäkär — diýip, miss gygyrdy. — Nemes bolanymyzsoň, ol bilgeşleýin bize şu zeýilli ýamanlyk etdi.

— Dogry aýdýaň! — diýip, Gans tassyklady.

— Ýöne bizi aýrylyşdyrmagy talap ederis!

— Ilki men! Siz meniň bildirişimiň ortasyndaky «t» harpyny dyrmap aýyrdyňyz.

— Ýok, ilki men! Siz maňa gapan gurduňyz!

— Maňa asla, beýle aýal gerek däl!

— Meniňem sizi görsem işdäm kesilýär!

Olar dükanlaryny ýapyp dargadylar. Zenan uzyn gün öz otagynda oýlanmalar kölüne batdy, ýokarda Gans hem hut şeýle ahwaly başdan geçirdi. Garaňky gatlyşdy. Belli bolşy ýaly, gije adamlara rahatlyk getirýär, ýöne bularyň welin, gabagyna çiş kakylan ýalydy. Gans: «Köçäniň aňry ýüzünde meniň aýalym uklap ýatyr!» diýip oýlandy. Neýman bolsa öz-özüne: «Ol ýerde meniň adamym ýatyr!» diýdi. Olaryň ýüreginde täze düşnüksiz duýgular döräp gidip otyrdy.

Her biriniň gahar-gazaby özüniň ýekeligi baradaky düşünje bilen garylyp-gatylýardy. Gans bolsa ýazgydaky bijin hakynda oýlanýardy. Nädip indi ony öňküligine galdyrmaly, bu onuň aýalyna bagyşlanyp çekilen gülkünç surat ahyry! Göwnüne bolmasa, ol hakynda şeýle ýazgyny asyp, öte pislige ýol beren ýaly bolup görünýärdi. Emma Neýmanyňam ýüzüni ýuwar ýaly däl! Ol zerarly Gansyň ähli buzy eräp, ýere siňip gitdi. Ony ýigrenmez ýaly däl… Dogry, ol şol

aý-aýdyň gije gapana düşüreni üçin öç almakçydy… Şu ýerde onuň Aýyň şuglasy düşen aýajyklary ýadyna düşdi. «Dogry zada dogry diýmeli, onuň gyz kemi ýok! — diýip, ol pikir etdi. — Ýöne ol meni itden beter ýigrenýär. Menem şeýle. Eý, Taňrym, bu ne ahwal!? Öýlendim! Ýeri, kime diýsene? Miss Neýmana! Aýrylyşmagam çökder gymmat, tutuş dükany satsaňam, serişde ýetjek däl».

«Diýmek, men şol mölegözüň gelni bolýan-da — diýip, şol wagt miss Neýman hem pikir öwürýärdi. — Men indi gyz däl… Has anygy, gyz, ýöne durmuşa çykan-da. Özem kime diýsene? Özümi ownuk haýwanjyk ýaly, gapana düşürene!.. Dogry, ol meni göterip öýüme getirip gitdi… Asla emgenmän elinde göterdi ötägitdi… Weý, bu näme? Bu nämäniň çybşyldysy?!»…

Hiç hili çybşyldy ýokdy, öň garaňkylykdan heder etmeýän miss Neýman birden gorkup başlady.

— Birden indi ol… Eý, Taňrym!

Dessine-de düşnüksiz äheňde sözüniň üstüni ýetirdi:

— Ýok, ýürek edip bilmez… Ýok-la…

Her niçik-de bolsa, gorkynyň oňa berýän azary artypdy. «Eýsem, ýalňyz zenan nädip gije gorkmasyn? — diýip, ol pikir ýüwürtdi. — Öýde erkek kişi bolanlygynda…»…

Ol şeýle oýlara berlip, uklap bilmän, özüniň ýaýbaň amerikan sekisinde eýlesine-beýlesine agdarylyp ýatyşyna, hakykatdan-da, özüni öte ýalňyz duýýardy.

Birden ol ýene-de tarsa ýerinden galdy. Bu gezek sebäpsizem däldi: ümsüm gijede çekiç sesi mese-mälim eşidilýärdi.

Miss Neýman gygyryp goýberdi:

— Meniň dükanyma ogry girdi öýdýän…

Ol düşeginden syçrap galyp, penjiräniň öňüne bardy-da, köşeşdi. Aýyň ýagtysyna köçäniň aňry tarapynda gapynyň agzynda goýlan merduwan, onuň üstünde bolsa, Gansyň gujurly göwresi göründi. Ol bijinli ýazgyny saklap duran çüýleri goparýardy.

Miss Neýman ýuwaşlyk bilen penjiräni açdy: «Hä, ol bijini aýyrýar! Bu onuň adamkärçilikli tarapy!»…

Ol birden ýüreginiň ýumşap barýandygyny duýdy.

Gans çüýleri gopardy, demir ýazgy güňleç ses edip ýere gaçdy.

Miss Neýman ondan gözüni aýryp bilenokdy. Gije asudady we maýyldy…

— Mister Gans — diýip, gyz pyşyrdady.

— Wiý, siz heniz ýataňzokmy? — diýip, Gans dillendi.

— Ýok. Gijäňiz rahat bolsun!

— Gijäňiz rahat, miss!

— Ýogsa-da, siz näme işleýärsiňiz?

— Bijinjigi aýyrýan.

— Ine, munuň üçin sag boluň, mister Gans!

Bir minutlyk dymyşlyk ara düşdi.

— Mister Gans! — Ýene-de penjiräniň aňyrsyndan gyzyň sesi eşidildi.

— Ýeri, näme, miss Lora?

— Aýrylyşmak barada düşünişäýseg-ä kem däl.

— Kem däl, hut şeýle, miss Lora.

— Ertirmi?

— Ertir.

Ýene-de böwşeňlik ara düşdi. Aý asmanda gülüp bakýar, itler welin, diýseň parahat, üýrenoklar.

— Mister Gans!

— Näme, miss Lora?

— Maňa tizräk aýrylyşmak wajyp-da…

Bu sözler gaýgyly äheňde ýaňlandy.

— Maňa-da şol gerek, miss Lora!

Gansyň sesi sussupes çykdy.

— Siz düşünýäňizmi, muny soňa goýmak bolanok…

— Elbetde, gowusy, soňa süýşürmezlik.

— Biz bu meseläni näçe tiz çözsek, şonça-da gowy.

— Häzirem çözsek bor…

— Eger siz garşy bolmasaňyz…

— Eýle bolsa, bärik — meniň öýüme geliň!

— Bolýar, häzir…

Aşakda gapy açyldy, Gans garaňkyda ýitip gitdi. Ýöne bir minut hem geçip-geçmänkä, ol gyzyň alnynda häzir boldy.

— Miss, gulagym sizde! — Gansyň sesi juda ýakymlydy.

— Bilýäňizmi näme… men aýrylyşmagyň tarapdary, ýöne…

— Menem şeýle… — diýip, Gans onuň bilen bir hörpden gopdy.

Soňra aýrylyşmak barada süýji söhbet başlandy…

Strak-Oýl-Sitide asuda durmuş dowam edýärdi.

 

Rusçadan terjime eden Rejep GUWAJAÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle