|

Ýalñyşlyk hakynda

Ýalñyşlyk hakynda ÝALŇYŞLYK HAKYNDA

Ýalňyşmaýan adam ýok bu dünýäde,
Ýalňyşýandyr adam adyn göteren.
Megerem tegmildir gödek ýalňyşy,
Bu babatda men özümden çen tutýan.

“Ýalňyşmaryn” diýip, ýalňyşdym ýene,
Soň ýene, soň ýene, bi nä ahwalat?
Gaplap alýar käte görer gözleri,
Çyn nire diýsene, durşuna galat.

Ýalňyşlyk köp boldy, alýaryn boýun,
Käsi ýatda, sapak etdim käsini.
Ýalançy biriniň gürrüňin diňläp,
Näme üçin berdim onuň “häsini…”

Ýene-de ýalňyşdym, boýun alýaryn,
Ýalňyşmajak bolup ýalňyşdym ýene.
Ýalňyşlykdan ýalňyşlyklar döreýär,
Ýalňyşlyklar öwsüp gitmeýär ýele.

Durmuşda ýalňyşman ýaşap gören ýok,
Bu tegmildir, belki, tohum-tijiňe.
Ýalňyzmazlyk başartmandyr diýýärler,
Dünýä döräp, adamlaryň hijine.

Alymam, daýhanam ýalňyşyp biler,
Agsaksyz bolmaýar ahyry süri.
Sen iliň ýalňyşyn sanajak bolma,
Habar al özüňden Allaýar Çüri.

Allaýar ÇÜRIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle