| |

Ýalan, ýalan, ýalan!

Ýalan, ýalan, ýalan! ÝALAN, ÝALAN, ÝALAN!

«Eý möminler! Neçün etmedik işleriñizi etdik diýip aýdýarsyñyz? Etmejek işiñizi aýtmak Allanyñ gatynda halanylmaýar».
«Gurhan».

Allanyñ Resulyna salawat we salam bolsun, bir gün sorapdyrlar:
— Musulman husyt bolup bilermi?
— Hawa, bolup biler.
— Ýalta bolup bilermi?
— Hawa, bolup biler.
— Eýse, ýalançy bolup bilermi?
— Ýok, asla bolup bilmez!
Bu hadys bize Ahmet ibn Muhammet ibn Ahmetden, oña Ahmet ibn Seýitden, oña Ubeýdulla ibn Ýahýadan, oña kakasyndan, onuñ kakasyna Mälik ibn Enesden, oña-da Safwan ibn Süleýmden rowaýat edilipdir.
Hut şolar ýaly rawylar zynjyry arkaly rowaýat edilen başga bir hadysda Allanyñ Resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
— Ýalanda haýyr we gowulyk ýok.
Mälik ibn Enesden gaýdýan rawylar zynjyry arkaly aýdylýan ýene bir hadysda, ol hem Ibni Abbasdan rowaýat edip şeýle diýipdir:
— Adam ýalan sözlemegi pişe edinse, onuñ kalbynda gara tegmiller emele geler, şeýdibem onuñ kalby ymykly garalar we Allanyñ nezdine onuñ ady ýalançylaryñ hataryna ýazylar.
Ibni Mesutda-da şeýle hadys bar:
— Dogrulykdan aýrylmañ. Çünki dogrulyk gowulyga, gowulygam jennete äkidýär. Ýalandan saklanyñ. Çünki ýalan pyssy-pyjurlyga, pyssy-pyjurlygam jähenneme äkidýär.
Ýene bir hadysda şeýle diýilýär: Bir adam Pygamberimiziñ ýanyna gelip, şeýle diýipdir:
— Ýa Resulalla! Meniñ üç pişäm bar: içgi, zyna we ýalan. Indi maña aýt, men şularyñ haýsysyny taşlaýyn?
Allanyñ Resuly (s.a.w):
— Ýalany taşla — diýip jogap beripdir.
Şondan soñ ol adam öz ýoluna gidipdir. Biraz wagt geçensoñ onuñ zyna edesi gelipdir. Emma bir pursat oýlanyp, öz-özüne: «Ýene bir gün pygamberiñ huzuryna gitmeli bolaryn. Şonda ol maña zyna edip-etmändigimi sorar. Menem edendigimi boýun alsam, zynanyñ jezasyny berer. «Ýok, edemok» diýsemem ýalan sözledigim bolar» diýdi.
Şeýdibem ol zynadan el çekdi. Içgi babatda-da şeýle ýagdaý gaýtalandy. Soñra ol bir gün Pygamberiniziñ (s.a.w) huzuryna gitdi:
— Eý Allanyñ Resuly, hemmesini taşlandyryn! Hakykatdanam, ýalan hemme erbetlikleriñ sakasy, ol hemme ýaramaz gylyklary, Eziz we Jelil bolan Allatagalanyñ lagnatyny öz içine alýan eken.

* * *

Ýalan barada aýdylan sözlerden:

«Ynam edip bolmaýan adamyñ imany ýokdur». (Hezreti Ebu Bekir).

«Ýalandan we hyýanatdan başga ähli ýaramaz gylyklar adamyñ tebigatynda bardyr» (Ibni Mesut)*

_______________________________
* Ibni Hazm / «Gögerçin gerdanlygy»

Ryza Tekin UGUREL. Pedagogika we edep-terbiýe

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle