Ýalan dost hakynda kyssa
Ýalan dost hakynda kyssa
ÝALAN DOST HAKYNDA KYSSA
Onuň dosty kändi, özlerem ýalaň,
Uly wezipeli, ägirt ketdeler.
Oň welin owadan, zyba aýaly,
Il içinde gezenokdy haýaly.
Dostlar belet bu aýalyň kärine,
Ýöne ony aýdanoklar ärine.
Onuň dosty kändi, törli, tabaly,
Töweregi duran ini-agady.
Jygyldap başlapdy oň arabasy,
Muny görüp ýördi oň galabasy.
Gaýta daljykdyryp boş şöhrat-aty,
Sürdüler öňküden müň kerem gaty,
Araba lagşady, söküldi tigir.
Ol şondan soň bildi, dostlaň kimdigni.
Onuň dosty kändi, özlerem kileň…
Ýöne depesinden bela inende,
Ýalňyzlykda galdy öz-özi bilen.
21.1.1988.
Öwezdurdy NEPESOW.
Goşgular