Ýagtylyk ýaýmak (tymsal)

Ýagtylyk ýaýmak (tymsal)

Ýaş oglanlaryň biri orta derejeli bir şäherde dükan açýar. Söwdagäriň özi hem halal, hem göwnaçyk, hem-de känbir mal-mülke kowalaşman, harytlaryny amatly berensoň, dükany gysga wagtyň içinde adygýar gidiberýär. Goňşy etraplardyr şäherlerden hem alyjylary köpelip başlaýar. Her gelenem, öz şäherlerinde-de dükan açmagy teklip edýärler. Sermaýasy köpelensoň, beýleki ýerlerde-de dükanlary açyp, işini has-da ulaltmaga başlaýar. Şeýdibem, uly dükanlar zynjyrynyň eýesi bolýar.

Şeýle derejelere gelýänçä, elbetde wagt hem geçýär. Halal söwdagäriň köpi geçip, azy galýar. Öz ýagdaýyna düşünen söwdagär işlerine kömek edýän üç ogluny ýanyna çagyryp, şeýle diýýär: «Üçiňizem meniň zürýatlarym. Içiňizden menden soň öz ornuma eýe boljak birini saýlamagam juda çetin. Şeýle bolansoň, men sizi synap görmegi müwessa bildim. Sizden şu 10 manady alyp, oňa oturan otagymyzyň içini doldurjak zat tapyp, satyn almagyňyzy isleýän. Haýsyňyz şu synagdan geçip bilseňiz, ornuma şony laýyk görjek».

Oglanlaryň hersi ellerine 10 manat alyp, synagdan geçmegiň ugruna çykýarlar. Agşam öýlerine dolananlarynda, kakalary näme getirenlerini soraýar. Şonda uly ogly:

— Kaka, şu ýerden çykyp, göni dostumyň athanasyna gitdim-de iki halta saman satyn aldym — diýip, getiren samanlaryny sowurmaga başlaýar. Bir pursat otagy saman gaplasa-da, az salymdan bar saman ýere düşýär.

Gezek ortanjy oglana gelýär. Olam 10 manadyna ýassyk tikýänçiden guşuň ýelegini satyn alandygyny aýdyp, otagy ýelek bilen doldurmaga synanyşýar. Emma onuňam islegi başa barmaýar. Birsellem galganlaryndan soň, ýelekleriň ählijesem ýere inýär.

Iki oglundan tamasy çykmansoň, söwdagär umydygär gözlerini körpe ogluna dikýär:

— Oglum, sen puluňa näme aldyň?

— Kaka, öýden çykyp, 10 manadymy böldürdim-de, 5 manadyny haýyr sahawat gutusyna saldym, 4 manadyny hem ýolda duşan mätäçlere berdim. Galan 1 manadyna bolsa, otluçöp bilen şem satyn aldym.

Otagyň çyrasyny söndürip, şemi ýakan dessine otagyň içi ýagtylykdan dolýar. Otag bilen birlikde, söwdagäriň hem ýüzi ýagtylyp gidýär: «Örän oňat, berekella! Men işlerimi saňa ynanýan. Sebäbi sen juda wajyp zada — öz ýagtylygyňy ýaýmalydygyňa akyl ýetiripsiň».

Taýýarlan Ogulmahym ATAÝEWA,
«Türkmen dünýäsi».
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle