Ýagşylyk yzyndan ýagşylyk geler (Tymsal)

Hudaýberdi TOHTABAÝEW,
özbek ýazyjysy
Günlerde bir gün Horezm döwletiniň patyşasy halkyň arasynda iň jaýdar jümle aýtmak boýunça bäsleşik geçirmekçi bolupdyr. Şol günden başlabam adamlaryň agzyndan «owadan söz, gözel söz» diýen gürrüňler düşmändir. Ine, şol sözler hem bäsdeşlige öwrülip, uly bir geňeş geçirilipdir. Geňeş bütin ülkä yglan edilipdir. Bir daýhan ýigit: «Men hem gatnaşaýyn, bäsleşikde baýraga eýe bolsam, goşa goýun alaryn» diýip, niýet edipdir. Patyşanyň derwezesiniň öňüne barypdyr-da, gerdenindäki kätmeni ýere goýup, nobata durupdyr. Ýaryş soňky derejä ýeteňkirläpdir.
Tagtynda ýaryşy dabaraly ýagdaýda synlap oturan patyşa elini gursagyna goýup, salam ýollapdyr. Ýaryşa köşk agzalary serenjam berip otyr eken. Ýaryşa gatnaşýan bir kişi ýerinden turup:
— Ýamanlyk etme! Ýamanlyk yzyndan ýamanlyk geler — diýen sözleri aýdypdyr.
Ýetmiş ölçäp bir kesýän emin agzalary el çarpyşypdyrlar. Patyşa hem el çarpypdyr.
Nobat daýhan ýigide ýetipdir.
— Ýagşylyk et! Ýagşylyk yzyndan ýagşylyk geler — diýip, elini gursagyna goýupdyr.
Daş-töwerekdäkiler el çarpyşypdyrlar. Patyşa bolsa ýerinden turup, el çarpypdyr.
— Patyşahym — diýip, emin agzalarynyň biri seslenipdir. — Birinji ýaryşa gatnaşyjy öz sözlerini aýdanda ýeňiljek el çarpdyňyz, ikinji ýaryşa gatnaşyjy sözüni aýdanda bolsa ýeriňizden turduňyz, munuň sebäbi nämekä? Muny bize hem aýdyň, biz hem bileli — diýipdir.
— Aslynda ikisi hem peýdaly sözleri aýtdy, ýöne birinji «ýamanlyk» diýdi welin, näme üçindir, ýüregim doňan ýaly bolup gitdi. Ikinji «ýagşylyk» diýdi welin, ýüregimdäki buz erän ýaly bolup gitdi. Şonuň üçinem ýerimden turup el çarpdym. Dogry sözi, owadan sözi ýakymly edip aýdany üçin birinjilik baýragy şu daýhan ýigide bermeli — diýip, patyşa karar edipdir.
