Ýagşylygyň jogaby (nowella)

Ýagşylygyň jogaby (nowella)

Şady çopanyň ädikleriniň astyndan syçraýan toprak, guşlugözüň däneleri ýaly pytrap gidýärdi, maňlaýyndan syrygýan der ýaňaklarynyň üstünden ýol salýardy. Ondan galman gelýän alabaýlar kä öňe geçip, kä deňine gelip ýüzin salýardylar. Gözleri welin gurtlaryň yzlaryndan sowlarman däldi. Çopan birden säginip, töweregine ser saldy. Şonda ol sürüden gaty daşa gidendigine düşündi. Olar bir depäniň eteginde saklandylar. Şady çopan bu alaňyň kesek atym aňyrsynda daglara direnip duran baýyrlygyň başlanýandygyny bilýärdi. Börüler baýyrlyga, daglyga siňensoň, olary tapyp bolmaýandygyndan hem habarlydy. Onuň sürüsinden şu çaka çenli bir ýyrtyjy-da mal sogrup almandy. Bu gün welin…

Gije ýarymdan agan dessine, «daňa derek men geldim» diýýän ýaly, ýyldyzlaryň ýagtysyna çalaryp görünýän börüleriň gündogardan çykan sesleri, çopan goşunyň janly-jandarlaryny, golundan dartylan ýaly aýaga galdyrdy. Alabaýlar topar bolup sesiň gelen tarapyna eňdiler. Şol arada Şady çopanyň:

— Akbilek, Goňurja, Boýnak, Menekli dolanyň! — diýen sesi alty alabaýyň dördüsini saklady. Olar saklanan ýerinde durup, üýrüp, möjeklere tarap barýan alabaýlara goltgy berdiler.

Iki alabaý ýyrtyjylar bilen öňe-yza gaýdyp, kän kowalaşdy. Şol barmana günortadan hem gurtlaryň sesi eşidildi. Ol sese tarap Akbilek bilen Boýnak eňdi. Bu gurt toparlarynyň hiç birisi-de sürä gelip bilmediler. Daňa golaý alabaýlar olary allowarra kowdular.

Edil şol mahal hem süriniň içinde topalaň turdy. Çopan çolugydyr alabaýlary bilen çalmara tarap eňende, iki sany böriniň bir öweji egnine atyp, garaňkylyga siňip gidenini gördüler. Şady çopan alabaýlary bilen şol gurtlaryň yzyny yzlap gaýtdy. Ol saklanan ýerinde aşak oturdy. Gurtlaryň aýak yzyna ýiti-ýiti seretdi. Olaryň biriniň çep öň aýagyny gyşyk basýandygyna göz ýetirdi.

Şady çopan:

— Aýagy gyşyk gurduňam yzyndan ýetip bilmedim — diýip, aýak yzyna ýumruk saldy. Alabaýlar hyňranyşyp öňe gidermen boldular. Goňurjadan beter Menekli aýagy bişen ýaly, bir ýerde durasy gelmedi. Alabaýlar eýesiniň aşak oturanyny görensoň, çopana gyjalat berýän kysmy üýrüp, öňe topuldylar. Emma turman oturan eýesini görüp, Goňurja daşa gitmän saklandy. Menekli welin çägeli depä dyrmaşdy. Onuň depäniň üstüne çykan dessine tüýlerini hüžžerdip, dişlerini syrtardyp, elhenç seslenmegi yzda galanlary örüzdi. Menekli äpet göwresini ýaý ýaly büküp, topularman bolsa-da, çopan bilen Goňurja ýanyna gelýänçä, öňe-de, yza-da süýşmedi.

Gum depesine çykan Şady çopanyň gören ahwalaty, elindäki tüpeňi dessine ulandyrdy. Haýbat bilen çenelen tüpeňiň gulaklaryny gaýtartdy. Alabaýlar bolsa tüpeňiň göçerine garaşman, öňe-öňe süýşdüler. Tüpeň welin wagty bilen atylmady. Şady çopan gyssanmady. Gum depesinden soň başlanýan baýryň eteginde goýun läşiniň ýanynda bir gurt süýnüp ýatyrdy. Olaryň arasynda bolsa ene gurt art aýaklarynyň üstünde gymyldaman, özüne çenelen tüpeňe-de, alabaýlaryň bolşuna-da ähmiýet bermeýän ýaly, sarsman, dim-dik bolup otyrdy. Onuň gymyldaman, töwereginde bolýan zatlara intipis etmän oturyşy, edil jansyz heýkele çalymdaşdy.

Bu ahwalat çopany tüpeňiniň mäşesini gysmakdan saklady. Şady çopanyň namysjaňlygy hem bu ahwalatdan rüstem çykdy. Ol gurdy gaýtadan nyşana aldy. Alabaýlar eýesiniň bolşuny oňlap, pany dünýäden doýan kysmy bolup oturan gurda haýbat atdylar. Şol barmana alaňyň üstünde gurt çagalary peýda boldy. Olar sähel salym ysyrganyşyp durdular-da, ene gurda tarap depeden aşak togalanyşyp gaýtdylar. Gelişleri ýalam enelerine gysmyljyraşdylar. Çagalar enesiniň bolup oturyşyna garaman, ony emmegiň aladasyny etdiler. Gurt welin şol bir oturyşyny üýtgetmedi, gözlerini-de gyrpmady.

Şady çopanyň ýiti gözleri ene böriniň gözlerindäki ahmyry saýgardy. Ol gözlerde kaýyllyk bilen bir wagtda ahmyr, lapykeçlik bardy. Olaryň barysynyň bir ýere jemlenmeginiň netijesi hökmünde birdenkä böriniň gözlerinde ýaş göründi. Şady çopana bu ahwalat ýiti täsir etdi. Şojagaz pursatyň içinde onuň mundan birnäçe ýyl öň ýaş üstünden ýurduny täzelän ýanýoldaşynyň ýaňy dünýä inen ekiz balasyny gujagyna alyp, bu dünýäde galan ahmyryny gözlerindäki ýaşy bilen beýan edip ýatyşy göz öňüne geldi. Agyr ýatlama, gözüniň öňündäki agyr görnüş onuň öz gözlerini-de gözýaş örtügi bilen örtdi.

Ol ýuwaşlyk bilen gaýra çekildi. Eýesiniň yza süýşüp barýanyny görüp, alabaýlaram gaýra çekildiler. Menekliniň welin ýerinden süýşesi gelmedi. Ol gurtlara dişini syrtardyp, gaharly hyňranyp, eýmenç üýrmäge durdy. Ol diňe Şady çopanyň haýbatyndan soň, beýleki itleriň yzyna eýermeli boldy.

Sessiz-üýnsüz üstüne gelen çopanyň we onuň itleriniň gum depesiniň aňyrsynda gözden ýitip barýanyny görse-de, ene böri şol bir oturyşyny üýtgetmedi.

Şady çopan sürä gelen dessine çolugyna ýüzlendi:

— Börüleriň ýene zaýalan maly boldumy?

— Ýene bir toklyny parçalapdyrlar.

Şondan geçäýse, bir hepde-on gün geçendir-dä, gije ýene-de süri bimazalyk tapdy. Itleriň sesi ýatmady. Hatyrjem itleriň sesi bu golaýa möjek getirer ýaly däldi. «Haýbatam medet bor» diýip, çopan asmana garadyp, goşasynyň gözlerini boşatdy. Şondan soň börüleriň sürä aralaşyp bilmejegine ynanan çopanlar az-kem ynjaldylar.

Çolugyň daň bilen turzan gopguny welin, bularyň wagtyndan ir arkaýynlaşandygy baradaky pikiri çopanyň ýüregine guýdy. Ol çolugyna tarap haýdaşlap barşyna gözüniň görjek görnüşlerini her hili edip göz öňüne getirdi. Öz ýanyndan näçeräk zyýan çekendigi barada pikirlenýärdi.

Alaňdan aşan ýeriňdäki ýagdaý Şady çopana mundan birnäçe gün öň şaýat bolan görnüşini ýatlatdy. Ýöne bu gezek jansyz serlip ýatan gurduň gapdalyndaky tokluda hereket bardy. Tejribeli çopan derrew yzlary gözden geçirdi. Töwerekdäki yzlar geçen agşam bu ýerde aldym-berdimli tutluşygyň bolandygyndan habar berýärdi.

Şady çopan yzlary gaýta-gaýta synlap, haýran galmakdan ýaňa başyny ýaýkady. Çoluk halypasynyň hereketlerine düşünjek bolup, yzlary näçe synlasa-da, aňybilen zady bolmady. Şonuň üçinem ol Şady çopana soragly seretdi.

— Görýäňmi yzlary? Olaryň barysy böriniňki.

— Olja paýlaşyp bilmedilermikä?

Şady çopan ýylgyryp başyny ýaýkady.

— Ýok, gep awda däl. Biziň köne tanşymyz bergisini bermäge gelipdir.

Çoluk ýene-de halypasyna soragly seretdi.

— O nämäň bergis-aý, Şady aga?

— Ine, seret, böri yzlaryny gowuja synlasaň, olaryň biriniň aýagynyň şikeslidigini bilip bolýar. Özem çep öň aýagy şikesli. Hol günki gürrüň berenimiňem şol aýagy zeperlidi-dä.

Çoluk haýran galmakdan ýaňa başyny ýaýkap, gözlerini tegeläp, Şady aga seretdi.

— Bäh, bu wagşylarda-da beýle duýgy bolýarmykan-aý?

— Wagşy bolsa-da, ene eneligine galýar. Biz oňa dünýädäki iň uly ýagşylygy edip gaýtdyk — çagajyklaryna aman berdik. Ol öz jany barada pikirem edenokdy o wagt, bar aladasy zatdan bihabar çagajyklarynyň düşjek ýagdaýyna şaýat bolmakdan dynmakdy. Biz welin ony şol apatdan dyndardyk.

Goşa tarap gelýärkäler Şady çopan öz-özi bilen gürleşýän ýaly:

— Şular ýaly ýagdaýyň bolanyny oglankak, ýaşuly çopanlardan eşidipdim — diýdi. — Açyk ýadyma-ha düşenok welin, ýöne çakym çak bolsa, indi ol ene möjek ýa-ha ömürboýy bizi goraglap gezer, ýa-da bu jelegaýlary hemişelik terk eder…

Şady çopanyň çaky dogry çykdy. Ol şondan soň agsak möjegiň yzyna gabat gelmedi.

Orazberdi ÄREKOW.
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle