|

Ýadygär

Ýadygär ÝADYGÄR

Ýadygär

Jana-janlyk, mähribanlyk kadasy,
Nurly geljek – adamlara wadasy.
Köp çekendir jebir Gorkut dädesi,
Bular maňa SSSR-den ýadygär.

Ymam däl-de, ynam ömrüň manysy,
Görenlerim danalaryň danasy.
Okan kitaplarym gözbaş – hanasy.
Bular maňa SSSR-den ýadygär.

Atam diýen sözi: – Zynhar, pis bolma,
Köňül bossanynda dür bol, mis bolma,
Mert bol, aslyň batyr, bus-bus bolma,
Bular SSSR-den galan ýadygär.

Söz bazary ajap bazar, gül bazar,
Ýöne işiň bilen bolarsyň Hasar.
Kär bolmasa elde, il senden bizar,
Bular maňa SSSR-den ýadygär.

Toý tutuldy, ýas baglandy bir bolup,
Tilki däl-de, ýaşalandyr şir bolup.
Zanny iman, ynsap, sogap, il bolup,
Bular maňa SSSR-den ýadygär.

Adam sözi ýaňlanypdy belentde,
Lenin syýasaty – deňlik, elbetde.
Gardaşyň niýeti däldi erbetde,
Bular maňa SSSR-den ýadygär.

Baý-garyp zamanaň bolmaz hezzeti,
Ölinçäm ýadymda atam wesýeti.
Çekmedim men haram puldan ezýeti,
Bular maňa SSSR-den ýadygär.

06-07.12.2013. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle