Ýadawlyk
Ýadawlyk
Ýere ýadawlyk geldi,
gaçyp bolanok hiç
ondan gutulyp!
Ýer şarynyñ enelerniñ ählisi,
Ýadadylar diñe esger doguryp.
Ýadadylar
çüýrük umytda ýaşap,
oýun kartyn ýaýradyp pal açmakdan…
Ýadadylar
geýim tikýän fabrikler
harby formalary
tikip biçmekden!
Ýadady
reaktiw samolýot uçup
geçip
täze urşa taýýarlyklary
Ýadady
gür tokaýlaryñ ýollary
hopba edip daşamakdan tanklary.
Şeýle pursat geldi islemeseñ-de,
Ýadawlyk duşady planetany.
Okean ýadady
üwremeklikden
kreýseri
üsti raketaly.
Suwlarynyñ
düýpsüz galyñlygynda
hem suwasty gämileri ýygşyryp,
belañ
demir tagamyny
datmakdan
okean
çyrpynýar
ýüregne düşüp.
Ýadady
giñ asman
gümmürdilerden,
ýadady
çydamly bu dilsiz toprak.
Sebäp,
bularyñ hem ýüregne düşdi
şäher gurmak däl-de,
nyşana atmak.
Hatda,
iñ bärkisi,
kütek hem sowuk
rehimsiz
mydam metal dälmidi,
ana, şol hem näçe müñ ýyldan bäri
şol hem ýarag bolmaklykdan
ýadady!
Robert ROŽDESTWENSKIÝ.
Terjime eden: Gurbanýaz DAŞGYNOW. Goşgular