Ýabany atlary gowy görýän gyzjagaz (Hekaýa)

Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Ýaşlaryň geljege taýýarlykly barmaklary üçin olaryň daşary ýurt dillerinden ýeterlik derejede baş alyp çykmaklary we barha kämilleşmekleri derwaýysdyr. Türkmenistan döwletimizi dünýä ýüzünde has-da beýgeltmek, daşary ýurtlaryň taryhy, şu güni we ösüşleri, edebiýaty we medeniýeti bilen ýakyndan gyzyklanmak, täze-täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin dünýä dillerini öwrenmegiň ähmiýeti mese-mälim duýulýandyr. Hut şonuň üçinem daşary ýurt dillerinde erkin gürlemek, terjime edip bilmek üçin döwletimizde ähli şertler döredilen. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan çykyşlarynda we ýazan eserlerinde hem ýaşlaryň dünýä dillerini öwrenmeklerine aýratyn ünsi çekilýär. Maşgaladaky terbiýeden başlap, çagalar baglary, orta mekdepler, ýörite we ýokary okuw mekdepleri, ýörite gurnaklar arkaly dil biliş derejämizi kämilleşdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Bu babatda orta mekdebiň okuwçylary hem dürli mazmunly gysgaça eserleri türkmen diline geçirip, özleriniň terjimeçilik ukyplaryny kämilleşdirmek üçin yhlas edýärler, öz öwrenýän dillerine baglylykda dürli makalalary taýýarlaýarlar. Redaksiýamyza orta mekdebiň ýokary synplarynda bilim alýan okuwçylardan hem yzygiderli hatlar gelip gowuşýar. Žurnalymyzyň şu sanynda yzygiderli meşgullanyberseler, zehinine bil baglap boljak ýaş terjimeçilerimiziň başarnyk hoşalaryndan käbir «miweleri» okyjylarymyza hödürleýäris! Baha bermek okyjylarymyza bagly!
Pol GOBL,
amerikan ýazyjysy
Oba adamlary mydama öküz sürüleriniň yzyna düşüp, bir ýerden başga bir ýere göçmeli bolýardylar. Çatmalaryny we ähli goşlaryny ýüklemek üçin atlary kändi. Olar öküz awlamak üçin iň ýyndam atlaryny türgenleşdirýärdiler. Obada atlary gowy görýän bir gyzjagaz bardy. Guşlar Günüň dogşy hakda aýdym aýdyp, saýrap başlanlarynda, ol gyzjagaz ukudan oýanyp, ýerinden turardy-da, atlary suwa ýakmaga derýanyň kenaryna alyp giderdi. Ol ýuwaşja gürländen, atlar eýýäm onuň yzyna düşerdiler. Oba adamlary bu gyzyň atlar bilen düşünişip bilşine aýratyn üns berip, geň galardylar. Gyz atlaryň haýsy oty gowy görýändiklerinem, gyşyň gaý-tupanlaryndan nirede gaçybatalga tapýandyklarynam gowy bilýärdi. Atlaryň biri ýaralanan bolaýsa dagy, bar onsoň, gyzjagaz oňa göz-gulak bolup, idi-yssuwat edýärdi. Ol her gün ejesine suw daşamaga we odun ýygnamaga kömek edeninden soňra ýene atlaryň ýanyna gidýärdi. Ol öýüň töwereginden daşlaşman, çemenlikde atlar bilen galýardy.
Yssy günleriň birinde Günüň aşagynda onuň ukusy tutdy. Ol düşegini ýazyp ýatdy. Atlaryň gülleriň arasynda otlap, ýuwaş hereket edýändiklerini görende, seslerini eşidende ol özüni gowy duýýardy. Tiz wagtdan ol uklap galdy. Uzakdaky ýyldyrymyň çakýan çalaja eşidilýän sesem ony oýarmady. Asman garaňkylygynda bulutlaryň gahary geldimi-nämemi, ýyldyrym çakyp başlady. Emma arassa howa we ýagşyň ysy ony gowy uka gideripdi. Birden ýyldyrym has güýçli çakdy we ýer titredi. Gyzjagaz gorkup, böküp turdy. Hemme zat janlandy. Atlar yzky aýaklarynda durup, gorkudan ýaňa hokranýarlar. Ol bir atyň boýnundaky ýüpünden tutdy-da, onuň arkasyna böküp mündi. Bir salym süri edil ýel ýaly çapyp gitdi. Gyzjagaz atlary saklajak bolup gykuwlaýardy, ýöne onuň sesi ýyldyrymyň sesi bilen garyşyp, ýitip gidýärdi. Atlary hiç zat saklap bilmeýärdi. Gyzjagaz atyň boýnundan elleri bilen berk tutýardy. Ol ýykylmakdan gorkup, has berk ýapyşýardy. Atlar ýyldyrymyň yzyndan kowalaýan ýaly, öňküden-de çalt çapýardylar. Olar daglaryň üstünden we jülgelerden goňur suwuň akyşy ýaly, sypyrylyp gitdiler. Gorky olaryň ylgawyny dowam etdirýärdi. Olaryň gezýän öri meýdanlary yzda galypdy. Ahyrynda tupan gözýetimde ýitip gitdi. Ýadaw atlaram haýalladylar, soňra olar birsellem durup dynç aldylar. Ýyldyzlar çykypdy we Aý depeleriň arasyndan şöhlesini saçýardy, beýle owadanlygy gyzjagaz hiç haçan görmändi. Ol özleriniň azaşandyklaryny bildi.
Gyzjagaz ertesi irden çykan çasly sese oýandy. Bir owadan at onuň öňünde aýlanyp ýördi. Ol at gyzjagazyň arzuw eden atlaryndan has owadan we güýçli eken. Ol daglarda aýlanyp ýören ähli ýabany atlaryň ýolbaşçysydy. At gyzy özleri bilen bile ýaşamaga çagyrdy. Gyzjagaz begendi, onuň atlary hem başlaryny galdyryp, mylaýym kişňediler. Adamlar ýitip giden gyzjagazy we atlaryny gözlemäge başladylar. Emma hiç ýerden olary tapyp bilmediler.
Şeýlelikde, aradan bir ýyl geçenden soň iki awçy ýabany atlaryň ýaşaýan daglaryna çykypdyr. Olar depä çykyp, daş-töwerege seredenlerinde, ýabany atlary hem olaryň ýanyndaky gyzjagazy görüpdirler. Awçylar gyzjagazyň yzyndan gygyrypdyrlar. Gyzjagaz yzyna seredip, elini salgady, emma ýolbaşçy at ony arkasyna alyp gaçypdyr. Awçylar öýlerine gaýdyp gelenlerinde näme görendiklerini aýdyp beripdirler. Adamlar iň ýyndam atlaryna münüp, derrew ýola düşüpdirler.
Olar atlary uzak wagtlap kowaladylar. Ýolbaşçy at gyzjagazy we beýleki atlary goraýardy. Awçylar ony ýüp bilen tutjak bolýardylar, emma at mekirlik bilen olary aldap gaçýardy. At olardan gorkmaýardy, onuň gözleri bolsa ýyldyzlar ýaly şöhle saçýardy. Ol kişňedi-de, toýnaklary bilen ýer peşäp, ýyldyrym ýaly çalt çapyp gitdi.
Awçylar ýolbaşçy atyň batyrlygyna haýran galdylar. At büdräp, gyzjagaz ýykylmadyk bolsa, olar ony hiç haçan tutup bilmezdiler. Gyzjagaz ene-atasyny görüp birbada begendi. Olar gyzlary öýe dolanyp gelenine begener öýdüpdiler. Emma tiz wagtdan olar gyzjagazyň ýabany atlary küýseýänini bildiler. Her gün agşam Gün ýaşanda adamlar ýolbaşçy atyň depeden zaryn kişňäp, gyzjagazy yzyna dolanyp gelmäge çagyrýandygyna düşünipdirler.
Birnäçe gün geçipdir, gyzjagazyň ene-atasy onuň özüni ýalňyz duýýandygyny görüpdirler. Gyzjagaz keselläpdir, lukman gyzjagaza kömek edip bilmändir. Olar gyzjagazdan ony nämäniň gowulaşdyrjakdygyny sorapdyrlar. «Men ýabany atlar bilen ylgamagy halaýaryn» diýip, gyzjagaz jogap beripdir. «Olar meniň ýakynlarym. Siz meniň olaryň ýanyna dolanyp barmagyma razy bolsaňyz, men hemişe bagtly bolaryn» diýip, gyzjagaz ata-enesine aýdypdyr.
Gyzjagazyň ata-enesi onuň ýabany atlaryň ýanyna dolanyp barmagyna razy bolupdyrlar. Olar gyzjagaza owadan köýnek we obadaky iň çalt çapýan aty beripdirler. Ýolbaşçy at beýleki ýabany atlara depeden aşak düşmegi buýrupdyr. Adamlar olara owadan zatlar dakypdyrlar. Reňkli ýorganlar we bezegli eýerler bilen eýerläpdirler. Olar atlaryň teninde her hili şekiller çekipdirler we olaryň guýruklaryna bürgüdiň tüýlerini daňypdyrlar. Gyzjagaz obadan alyp gaýdan atyny ene-atasyna beripdir. Hemme kişi bagtlydy. Gyzjagaz atlary bilen bagtlydy. Ýöne ol obadaky ýakynlaryny hem ýatdan çykarmandyr. Ol her ýyl ene-atasyny görmäge oba gelýän ekeni. Soň bolsa dolanyp gelmändir we gaýdyp görünmändir. Ýöne awçylar derýanyň kenarynda owadan guýrukly at görüpdirler. Olar gyzjagazyň ýabany ata öwrülendigini duýupdyrlar we gelip aýdypdyrlar.
Häzirki wagtda atlaryň adam bilen garyndaş bolany üçin biz bagtly. Ýabany atlaryň erkin çapýandyklaryny görmek bize şatlyk paýlaýar. Biziň pikirlerimiz hem olar bilen uçýar.
