|

Ýa Muhammet, janym arzuwlar seni

Ýa Muhammet, janym arzuwlar seni ÝA MUHAMMET, JANYM ARZUWLAR SENI

Ýa Muhammet, janym arzuwlar seni

Araýyp araýyp tapsam yzyňy,
Yzynyň tozuna sürtsem ýüzümi,
Hak nesip eýlese görsem ýüzüňi,
Ýa, Muhammet, janym arzuwlar seni.

Bir mübärek sapar bolsa-da gitsem,
Käbe ýollarynda gumlara batsam,
Hup jemalyň bir gez düýşde seretsem,
Ýa, Muhammet, janym arzuwlar seni.

Bir zerre galmady kalbymda hile,
Sadyk bolup girdim men bu hak ýola,
Ebubekir, Omar hem Osman bile,
Ýa, Muhammet, janym arzuwlar seni.

Aly bile Hasan, Hüseyin anda
Söýgisi köňülde, muhabbeti janda,
Ertir magşar güni, uly diwanda,
Ýa, Muhammet, janym, arzuwlar seni.

Arafat dagydyr biziň dagymyz,
Onda kabul bolar biziň dogamız,
Medinede ýatar Pygamberimiz,
Ýa, Muhammet, janym arzuwlar seni.

Ýunus, meth eýledi seni dillerde,
Söýülersiň sen bütin köňüllerde.
Aglaýa-aglaýa bu ýat illerde,
Ýa, Muhammet janym arzuwlar seni.

Ýunus Emre Hezretleri. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle