Wysal (hekaýa)
Aýbike ene hem aglady, hem güldi. Aslynda-ha sähel ahmyr yzasy goşulypdyr diýmeseň, gözýaşam begençdendi. Ahmyrmy? Wa-a-h, sorama şony? Bagyrda ba:ş, didede ýaş, ýürekde da:ş bolup galan hijrandyr ol. Hijranam-aýralyk-da, janlarym! Göbek ganyň şu ýere — Ýekesöwüt gyşlagyna damanam bolsa, düýp kökeniň aňyrda, ho-ol towlanyp dumana gaplanyp ýatan derýanyň — Jeýhunyň Kelif daglaryna ýetip, egremçe ýasaýan ýerinde — Garkyn obasynda ýatyr ahyry! Ykbalyň bu günki oýnuna näme diýersiň?! Birwagtlar ata-babalaryň atly-eşekli, düýeli, ýabyly gaýdan ýerinden bu ýere otly ýol geldi oturyberdi. «Türkmenistandan otly ýol çekiljekmiş» şow-şowy ýaýranda togsany tegelän Aýbike ene däl, bu ýeriň tutuş jelegaýy-halaýygy haýrana galdy.
Aýbike ene-hä gorkdam. Gübürdäp, ýer sarsdyryp gelende şapadaň çalyşýan oglanlaryň arasynda agtygy Babyşy görende gara jany galmady. Ellerini galgadyp, gyňajyny taýak ýaly edip, garry göwre olaryň yzyndan galgap gitdi.
— Waý-eý, garagollar, gaty golaýyna barmaň-a! Gyý-w, Babyş, nirä dazlap barýaň, birden demine soraýmasyn-a, garabagtym…
Oglanlaryň biri yzyna gaňrylyp, el salgady:
— Demine sorar ýaly aždarha däl-ä bu, otly diýilýä muňa.
Demi tükenere gelen ene daljygyp, bezbeltek urdy:
— «Haş-haş» urup durşuny görseň, şire-gaplaňa-da meňzemän duranok, sary giden ýürek elheder alyberýä-dä, janlarym.
Baý-buw, gorkany gut boldy weli, indi garry göwre özüni ýedi gat asmana gidendirin öýtdi. Begenmegem begenmekmi! Görüp otursalar, bu otlynyň Türkmenistandan mata-marlykmy, süýji-kökemi, egin-eşikmi, aýakgapmy, nepýagmy… getirmedik zady ýok eken-ä!
Ine, şundanam müçesi jübä salaýmaly garry göwrä bir galgyn düşdi. Bir soran zady:
— Jemşit janyň sünneti haçana goýuldy? — diýen söz boldy. «Ussa ýene iki hepdeden dolanjak» diýipdir» diýen jogaby eşidendenem, gyrmyldysy artdy. Kiçi gelni Gyrmyzy: «Bir küýe-hyýala münene meňzeýäň-le enesi, bizden näme delalat?» diýende, bar aýdanam:
— Bitenden soň bilersiňiz. Sen gowusy, maňa şo otly bilen gelen matadan bir ýorganlyk, ýorgana ýeter ýalam pamyk tapyp getir.
Bular bitensoňam Aýbike ene ynjalmady. Gözi bilen bir ujuny garry erigiň biline ildirip, kendirden ýüp iýşip oturan ogly Babyly gözläp tapdy.
— Jan balam, elem görme-de, sen meň şu ýumşumy bitir…
Pygamber ýaşyna aýak basan gyrçuw sakgal adam käbesiniň daşy göm-gök damar, aýasy gataňsy ellerini sypalady:
— Eje, beýle bitmez ýaly näme ýumuş ol?
— Maňa ata ýurtdan getirilen sapak gerek. Ak bolsun özem.
Mundan artyk sowal berse tykyrganly jogap eşitjegini bilen Babyl hortap eginlerini bir gysdy-da, ýerinden turdy.
Onuň ugry aglaba ýüküni Türkmenistandan getirýän Semender täjiriňkä boldy. Bir çäýnek çaý içer salymdan akly-gökli, inçeli-ýogynly sapak bilen gapydan giren ogluny görende, Aýbike enäniň halys ýukalan dodagy bilen kemperip giden eňegi begenjinden ýaňa bir ýerde durmady. Ine, şondanam gerekli zatlaryny jem eden ene içki jaýdan çykmady. Gelinleri, goňşy-golamlary ýanyna baryberse-de, kän ýüz bermedi. Diňe çaýsyran wagty: «Hany, Ogulbeg ýokmy? Oda gatnaýan ýaly hemişe hasasyny tyrkyldadyp gelibererdi-de, tüýküligine düwnüp. Ýok bolsa, bar: «Enem bileje çaýlaşaly» diýýä» diý-de, gapa çykyp gygyr. Ýüz ýaşyň bärsini sermeläp ýörenem bolsa, gulagy jam ýalydyr» diýer, bolany!
Bu gün weli, şo gylygynam goýdy. Kellesini gaýym egip, ýüzüni içerik Güni bolluk bilen düşürýän äpişgä tarap edip, özem giň ýeňi päsgel bermezi ýaly çermelensoň, halys eti çekilip, ataşgire meňzäp giden elleri iňňäni aşak-ýokary kä batly, kä haýaljykdan inderýän hepbik ýaly göwre bir gapdala çalaja gyşardy. Kellesiniň ýassyga ýeteni taň bolaýdy. Gün ir guşlukdan ýaňy geçenem bolsa, birhili ymyzganasy geldi. Sol elini owalary oýulyp, kirpikleri seýreklän göreçlerine perdeläp, gabaklaryny bir-birine ýetirdi. Ýok, kişdäniň daşy ýaly ýukalyp giden gabaklaryň özi bir-birini tapdy. Şondanam birgeňsi düýşüň gujagyna düşdi.
…Uzyn hatar tutup, aňyrsy görünmeýän otlynyň edil öňüni çekip barýan Symrug guşmuş. Ganatlaryny ýaýyp, barha pelpelleýär weli, gidip barýanyň demir aýaklary «şakyr-şakyr» edip, asyl ýere galtaşmajak bolýamyş. «Waý-ý, guş atyma döneýin!» diýip, Aýbike ene-de galkyjyklap otyrmyş üstünde. Baý-buw, otly agyn çaga-çugadan doly. «Awaza barýas. Deňze suwa düşeris hezil edip. Dynç döwrümizi şol ýerde geçireris» diýşip, jagyl-da-jugul. Özlerem dürli dilde — türkmen, özbek, täjik, puştun, aýmak, buluç dilinde şeýle bir şadyýan gürleşýämişler. Göýä bilbil saýraýan ýaly. «Balalam, siziň hemmäňiz Ýekesöwüdiň, Ilerki Garkyn obasynyň çagalarymy?» diýip sorasa, biri «Mazary-Şerifden», beýlekisi «Akjadan», gapdaldaky garajürjeneje, burunlajyk oglanjyk «Çardepeden» diýýä. Görse bularyň içinde ýaňy bir müçäni dolduran körpe agtygy Derkar hem barmyş. «Wah, o «deňiz» diýýäniňiziň saý ýerine suwa düşeweriň, birden gark bolaýmaň, jan balalarym». Şeý diýýämişem weli, jigeriň düýbünden gaýdan bir seda bokurdaga gelip duruberýämiş: «Ah-h, ata ýurtda çaýkanýan şol suwdan gark bolup, şol ýerde tümmek bolmak meň bagtyma ýazylsa bolmaýamy, jan Alla?!».
— Wah, bozgunç ysyna döneýin, ölmänkäm ata Watana zyýarat etmek nesibämem bar eken-ä men garybyň…
Tebsiräp, halys nemi guran dodaklardan soň näme çykany öz gulagyna-da eşidilmedi. Ganatlaryny barha giňden gerýän Symrug bolsa öňe myçyp, töwerekdäki geň-taňlygy, görülmedik gözelligi bilen üstündäkileri aňk edip barýarmyş. Özi guşa dönen göwre bolsa hasam telwasly. Heýem, gulpaklyja gyz wagty gözde galan, öçmez bolup ýürege siňen, gemre baglap arzuwa öwrülen, şol şugla bilenem ömür salyna kürek bolup ýören Watan ezizligi gözüňe sürme edäýmeli bolup durar-da, garlawaç ýalyjak bolup duran göwre atygsyramazmy eýse?!
Symrug guş hakyt adam dilinde gürleýärmiş:
— Gaýdamyzda muň üstüni süýji-kökeden, bu barýan çagalar okar ýaly kitap-depderden, garaz, gerekli zatlardan dolduryp gaýdarys.
Enäniň guşy uçýar:
— Ozalam Babyş jan dagy özi ýaly çagalar bilen Türkmenistanyň gurup beren mekdebinde okaýar-da. Wiý, ony diýsem, sünnetlejek bolup ýören Jemşit janymyzyň göbegem Türkmenistanyň gurluşykçylarynyň gurup giden bäbekhanasynda kesilipdi-dä…
— Enesi, näme samrap ýatyrsyňyz. Çaýyňyza çykmadyňyz-a, turuň!
Hasanaklap galanda, başyndan başbogusy sypyrylan ene äm-säm boldy. Elini aýlanda, guramyş üçin kesip-biçen gökli-gyzylly mata bölejikleri barmaklaryna ilişip, dyr-pytrak boldy. Ýakasyna elini ýetirip, begenjeginem bilmedi, gynanjagynam. «Şükürim kändir, Biribar. Giden syrgyn bolup oturan ogul-gyzy, agtyk-çowlugy meň naçar başyma atyp, mundan dört ýyl ozal bakyýa göç eden kakalary Rozynyň ady dakylan çowluk han-ha, emedekläp ýör. Bäş ogul, üç gyzyň, olardan örňän bala-çagalaryňam güni özlerinden geçýär. Göbegi bäri gömlenem bolsa, ýöne hemmesiniň gözi gaýrada-da. Ol ýerden öwsen şemalam ata Watanyň ysyny getirýär-ä…».
Äpişgeden keseligine urýan Gün zireleri owalary halys içine çöken, çöňňelişen göreçleri gamaşdyranda, göwnüne şol zireler yzda galan ömrüň salgymlary ýaly bolup göründi. Birdenem hasyr-husur hersi bir reňkdäki, iň ulusy şapbat ýaljak matalara ýapyşdy.
— Ýetişdireýin-ä men muny.
Gyrmyzy delmundy:
— Çaýa çykaýyň, ýa bäri getireýinmi?
— Sowan çaýy soňam içse bolar, galan işiň weli petine gar ýagar.
Bu jogaba gözüni tegelän gelin gapydan çykdy. «Garry — gaýrat» diýleni boldy. Ertesi günorta çaýyna Aýbike ene bitiren işini alyp çykdy. Daş işige baryp, elindäki ýorgançanyň ortarasyndan tutup, ýazyp goýberdi. Dürli matalaryň böleklerinden küştüň öýüne meňzeş edilip tikilen, ýok «agyn dokalaýan ýaly-la bu» diýdirýän galyňdan ýumşajyk, keseligine ak matadan pugtaja edilip köklenen ýorgan älemgoşara meňzedi duruberdi. Tas gözüne degräýjek bolup synlan, çybyk ýaly bolup galan elleri bilen sypalan, gapdaly meňlije burnuna ýetirip, ysgan ilki Ogulbeg garry boldy. Dilem dek durmady:
— Gelin wagtyňdan galan bir heýjan gatan sanaç ýaly bolan böwrüňe dürtüp goýmandyr-ow…
Aýbike ene elini salgady:
— Gepletseň, köne guduk ýaly hüňlär durar bu. Baryň, gowusy, Rozy jan bilen Jemşit jany getiriň. Me, ýazyň ýorgany keçäniň üstüne! Üstünde ýatyryp, yrymyna görä birküç gezek togalaň…
Diýlenine mähetdel, düňküldeşip gelen körpeler täzeje matanyň ysy kokap duran, ýumşakdan ýakymly ýorganyň üstünde däbşenekleşip, togalanyp, baý, hezil etdiler-ä! Begenjinden, tolgunjyndan bokurdagy hykga dolan Aýbike ene elini Ogulbeg garrynyň hökgerip giden egnine atdy:
— Bu ýorgançany ýapynyp Jemşit jan sünnete ýatsa, üstünde düýp Watany bar ýaly bolar durar. Sebäbi muň matasam, pamygam, sapagam Türkmenistandan gelen, bilseňiz. Muny ýapynan arkaly duýar özüni.
Gelinleriň biri ýorgançany silkip aldy-da, ýokary galdyrdy. Gyzyl, sary, gök, ýaşyl, mämişi, ak… mata bölejiklerinden guramyş edilensoň, ol sähranyň bahardaky keşbiniň bir bölegi ýaly owadandy.