Wýetnam goşgusy
Wýetnam goşgusy
WÝETNAM GOŞGUSY
Otuz ýyla golaý goja-ýaşynyñ,
Gijesi-gündizi egninde tüpeñ.
Azatlyk,
Rahatlyk,
Şat durmuş üçin
Olar alyp bardy adalatly jeñ.
Haçan gutararka bu elhenç uruş?
Her gün bererdiler şeýle sowaly.
…Ýañy nepesiñi dürsänsiñ welin
Görýänsiñ täzeden turan gowgany.
Howa trewogasy…
Bir ene atasyz galan perzendin
Emdirip tokaýa ylgap barýardy.
Birden…
Ýeñsesinde ýarylan bomba
Çagaly enini topraga gardy.
Turdy ene jemläp soñky güýjüni,
Turdy ýerden perzendini gujaklap,
Soñ ýuwaş oturyp gyşardy bir ýan,
Hem jan berdi çep egnini tirsekläp.
Kesedeb synlasañ misli çagasyn,
Emdirip ýatany ýada salýardy.
(Wýetnamda adamlaryñ ölmegi —
bu zatlar gündelik hadysalardy.)
Ah, ümmülmez çaga
agzynda emme…
Duýmaýar dünýäni,
Gohly jahany.
Enäñ ak süýdüne goşup emip dur,
Enäniñ ýaraly göwsünden akýan
Mukaddes gany.
Ýumrujagyn düwüp depirjekleýär,
Kim duýsun arassa süýt soraýanyn.
Wah! Ol ganojaklar saýgaranoklar,
Enäni,
gojany,
emzik sorýany.
Gan, gum garlan süýdüñ şor tagamyndan
Dadan çaga aglap, özün gynaýar.
Çaga rehim ediñ!
Aýdyñ adamlar,
Arassa ak süýdün berip bilmeýän,
Enäń jesedinde näme günä bar?
— Haçan gutararka bu elhenç uruş?
Her gün bererdiler şeýle sowaly.
Mert ýürekli Wýetnamly merdanlar,
Ýeñsi ajal bolup gelen gowgany.
Bombanyñ astynda bagtyn gorady,
Däriniñ ysyna bogulan çaga.
Uruşyñ soñunda otuz ýaşady,
Uruşyñ başynda dogulan çaga.
Abdyreşit TAŞOW.
Goşgular