Wonnegutyñ meşhur romany ekranlaşdyrylýar
Wonnegutyñ meşhur romany ekranlaşdyrylýar

Biziñ köpümize amerikan ýazyjysy Kurt Wonnegutyñ ady «5-nji gassaphana» romany arkaly tanyşdyr.
Ikinii Jahan urşuna gatnaşyp, şol aýylganç uruşda nemeslere ýesir düşen Wonnegut uruşyñ elhençliklerini we onuñ döreden düşnüksiz režimini beýan eden bu deñsiz-taýsyz eserinde kalbyñy üýşendiriji epizodlar arkaly sarkazmyñ yşaratlaryny berip bilipdir. Romanyñ «hökmany okalmaly gerek häzirki zaman naýbaşy eserleriñ» sanawynda ýygy-ýygydan ýer almagy-da, hut şol sarkazmyñ miwesi bolsa gerek.
Kurt Wonnegutyñ bu romany öñem 1972-nji ýylda Jorj Roý Hill tarapyndan ekranlaşdyrylypdy we kinofilm «Kann» kinofestiwalynda ýörite baýraga mynasyp bolupdy. Otuz alty ýyl geçensoñ «5-nji gassaphananyñ» gaýtadan ekranlaşdyrylmagy müwessa bilindi. Eser bu gezek teleserial görnüşinde surata düşürilmeli. Teleseriala meşhur režissýor Kari Skiglandyñ režissýorlyk etmegine garaşylýar.
Teleserialyñ teleýaýlymlarda goýberlip başlanjak wagty heniz belli däl.
* Bellik: Roman bilen tanyşmak isleýänler saýtymyzyñ audio-kitaphana bölüminde rus dilindäki ses ýazgysyny diñläp bilerler. Edebiýat täzelikleri