Wezuwiý mozaikasy (He­ka­ýa)

Wezuwiý mozaikasy (He­ka­ýa)

Joýs HANNAM,
iňlis ýazyjysy

iňlis zenan ýazyjysy Joýs Hannam Ýewropanyň birnäçe döwletlerinde — Gresiýada, Ispaniýada, Türkiýe Respublikasynda, Çehiýada mugallym bolup işledi. Häzirki wagtda ol Angliýanyň demirgazygynda ýerleşýän Ýork şäherinde ýaşaýar we şol şäherdäki beýleki milletlere iňlis dilini öwretmek boýunça ýardam edýän uniwersitetde zähmet çekýär. Ýazyjy iňlis dilini öwrenýän talyplar üçin sanardan köp eserleri ýazypdyr, olaryň hatarynda «Ariadnanyň hekaýaty», «Mumyýanyň näleti», «Mugallymyň syry», «Beýleki milletiň gürrüňi», ylaýta-da, «Wezuwiý mozaikasy» ýaly eserlerini aýratyn bellemek bolar.

I bölüm
Erkin adam

— Feliks, howluksana, işleri gutaranymyzdan soň tizräk öýe barmaly. Ertir Pompeýden birnäçe myhman geljek. Kassiýa olaryň bizlik wajyp işleriniň bardygyny aýtdy — diýip, Spirius öz kömekçisini gyssady.

— Häzir bolýan, ussam, ýöne men ýene birnäçesini kesişdirip goýaýjakdym. Olar laýyk gelmelisi ýaly gabat gelenok.

— Bolýa-la, şonsuzam gowy görünýär — diýip, Spirius göwnühoş halda jogap berdi.

Ýöne Feliks hojaýynyň aýdanlaryna üns bermedi, sebäbi Spiriusyň bu işde kütek adamdygyny bilýärdi. Ol her bir bölegiň mozaikanyň üstünlikli gutarylmagy üçin örän möhümdigine asla düşünenokdy.

Tiz wagtdan eýwan tarapdan ses eşidildi. Bu mozaikanyň müşderisiniň sesidi. Feliks mozaikalary ýasamak üçin taýýarlan böleklerini ýygnaşdyryp ugrady.

— Hany meniň mozaikam? Ol taýýar boldumy?

— Baş üstüne, geliň, seredip görüň, jenap Kaýus Kalwinus Leptus — diýip, Spirius müşderisini mozaikanyň ýanyna alyp bardy. Bu adam Rimdäki senatorlaryň arasynda möhüm wezipäni eýeleýän adamlaryň biridi. Ol otagyň içinde gezmeläp, diwarda şekillendirilen mozaikany üns bilen synlady. Öz gezeginde Feliks hem mozaikanyň müşderisiniň ýüzünden many aňlamak isleýän ýaly ony ünsden düşürenokdy hemem «haladymyka?» diýip öz ýanyndan pikir öwürýärdi.

— Bular-a meniň çak edişimdenem has gözel bolupdyr — diýip, Leptus begenç bilen öz pikirini beýan edende, Spirius göwnühoş ýylgyryp:

— Zähmetimizden hoşal bolmagyňyz biziň üçin örän ýakymly, jenap. Aýalym Kassiýa biraz wagtdan hasap-hesibiň ýazgysyny ugradar. Indi bolsa gideýin, şu töwereklerde işgärim Petrus bolmaly, ýolugra onam alyp geçmeli.

— Belki, gitmeziňizden ozal bir zatlar içersiňiz? — diýip, Leptus oňa mürehet etdi.

— Başga wagt bolsa uly höwes bilen içerdik, jenap. Men aýalyma öýe irräk barmagy söz berdim. Bu babatda rimli zenanlaryň nähilidigini bilýänsiňiz-le — diýip, degişme äheňde ýylgyrdy-da:

— Hany, gideli, Feliks — diýip, ýola düşmek bilen boldy.

Feliks mozaika seredip durdy. Bu bakyş enesiniň öz çagasy bilen hoşlaşýan gussaly pursadyna meňzeýärdi. Ahyry ol agyr oýlanmalaryny bir gapdala goýdy-da, Spirius bilen tirkeşip köşgüň eýwanyndan ýöräp başlanlaram şoldy welin, birdenkä täsin ses eşidilip, edil ýere aýak biten ýaly gymyldap ugrady. Spiriusyň golaýynda daşdan ýasalan agyr heýkel bardy. Bu heýkel Spiriusyň üstüne gaýtjak-gaýtjak bolup durka, Feliks oýlanyp durman hojaýynyny heýkeliň ýykyljak ýerinden uzagrak bir ýere çekdi. Heýkel uly goh bilen ýere ýykyldy-da, çym-pytrak boldy.

— Ýer titreýär! — diýip, Leptus batly gygyrdy.

Sanlyja pursatdan sesler kesilip, daş-töweregi ýene asudalyk gurşap aldy. Spirius döwlen heýkel bölekleriniň golaýynda gorkudan ýaňa duw-ak bolup otyrdy.

— Hudaýyň rehimi bilen aman galdym. Feliks, eger sen bolmadyk bolsaň… — diýip,

Spirius sandyraýan sesi bilen Felikse minnetdarlyk bildirmek islände, damagy dolup, sözüni dowam edip bilmedi.

Feliksem örän gorkupdy hemem zordan özüne gelipdi.

— Minnetdarlyk bildirmegiň zerurlygy ýok, ussam.

— Spirius, bu hyzmatkär ýigit janyňy halas etdi. Oňa erkinlik ber, bu babatda resminamada öz adymy goýup biljek — diýip, Leptus söze goşuldy.

— Feliks, saňa ýeterlik derejede hiç wagtam sagbolsun aýdyp bilmenmikäm diýýän… Şonuň üçinem sen şu günden başlap azat.

Feliks hojaýynyna elini uzadyp, oňa ýerinden turmaga ýardam etdi.

— Taňryýalkasyn, Feliks, meniň ýagdaýym gowy.

Eýwan tarapda Leptusyň aýaly gaýgyly ýagdaýda ýer titreme sebäpli ejir çeken hyzmatkärlerini hasaba alyp durdy.

Spirius bilen Feliks ýene bir sagatlap Leptusyň öýünde galyp, ýer titreme hakynda pikir alyşdylar. Bu hadysa Rim şäheri üçin adatdan daşary ýagdaýlaryň biridi, muňa garamazdan, Leptus soňky wagtlarda şular ýaly ýer titremeleriň Rimde ýygy-ýygydan bolýandygyny düşündirdi. Beýle ýagdaýyň näme sebäpden gaýtalanýandygyny welin hiç kim düşündirip bilmedi.

Spirius bilen Feliks Petrusyň garaşýan öýüne baranlarynda eýýäm öýle bolupdy. Spirius Felikse erkinligi baradaky resminamany berdi.

— Ýaňky hadysany nähili gördüňiz? Men-ä ölerin öýdüp gorkdum — diýip, Petrus gyzyklanma bilen yzly-yzyna sorag berdi.

— Şeýle-de bolsa, ýagdaýyň gowy görünýä. Işiňi bitirip bildiňmi? — diýip, Spirius sorady.

— Elbetde, ussam.

Petrus erkin adamdy, indi hyzmatkär däldi, şeýle-de bolsa, Spiriuse «Ussam» diýip ýüzlenýärdi.

— Bu mozaikanyň müşderisi maňa jomartlyk bilen töledi.

— Hany, Feliks, bu mozaika-da göz aýla — diýip, Spirius haýyş etdi, sebäbi Feliksiň mozaikadaky ýalňyşlary dessine seljerýändigini bilýärdi.

Feliks Petrusyň eden işini synlamaga durdy.

— Bärdäki deňzi şekillendirýän gök reňkli bölek ýalňyş dur. Bakjany şekillendirýän ýaşyl bölegem döwlüpdir — diýip, Feliks birnäçe bellik etdi.

— Ýeri bolýar, Petrus, tizräk ýalňyşlary düzet. Sen işiňi hiç ýalňyşsyz gutaryp bileňok — diýip, Spirius oňa igendi.

Feliks Petrusyň ýalňyşlaryny bellik edenden soň, gaýdyp oňa seretmedi, çünki Petrusyň şeýle ýagdaýlara sezewar bolan wagty gaharly duýgulara berilýändiginden habarlydy.

Olar öýe gaýdanlarynda paýtunyň içinde bolsalaram biri-biri bilen gürleşmediler.

Spirius özüniň ölümden gutulyşy barada, Feliks bolsa erkinligi hakyndaky resminama seredip, bolup geçen wakalara haýran galyşyp otyrdylar. Indi ol, hakykatdan hem, erkin adammyka? Bu barada Petrus biläýse gaharlanjakdygy anykdy.

Haçan-da Spiriusyň öýüne gelenlerinde Kassiýa olara garaşyp duran eken.

— Sen beren sözüňi unutdyňmy? — diýip, Kassiýa adamsyndan gaharly sorady.

— Biz ýer titreme sebäpli gijä galdyk.

Petrus bilen Feliks ýuwaşlyk bilen eýwanyň daşyna çykdylar. Olar Kassiýanyň gaharlanan wagty gözüne görünmezlikden gowy zadyň ýokdugyny bilýärdiler.

Spirius aýaly bilen dynç alynýan otaga tarap ýöneldi. Ol aýalyna heýkeliň üstünden gaçjak bolşuny hemem şol pursat başdan geçiren duýgulary hakynda gürrüň berdi:

— Kaýus Leptus Felikse erkinlik bermegimi isledi. Meň başga çykalgam bolmady. Ol senatoryň gözüniň alnynda janymy halas etdi.

Kassiýa adamsynyň bu sözlerini eşidip agyr oýa batdy-da, birsalymdan şeýle diýdi:

— Söwdaň ugrukmagy üçin Feliks bize örän zerur. Adamlar onuň ussatlyk bilen mozaika ýasaýandygy barada eşidipdir. Feliksiň işlerini sorap gelýänleň sany köpeldi. Ol erkinlik berenligiň üçin minnetdarlyk hökmünde bärde biraz wagt galmagam mümkin, ýöne günleriň birinde gowy girdejili iş hödürleseler gitjegi anyk — diýip, ol sözüne dyngy berdi-de, golaýda duran bulgurdan suw owurtlady.

— Mende bir gowy pikir bar. Flawiýany Felikse durmuşa çykaraly. Eger şeýtsek, ol biziň maşgalamyzyň agzasy bolar we hiç ýere gitmez. Biz ony öz ýanymyzda saklarys.

Spirius aýalynyň aýdýanlaryna haýran galdy.

— Flawiýa biziň gyzymyz ahyry, sen ony erkinlige çykan hyzmatkäre durmuşa çykarjak bolýarmyň? Sen akylyňdan azaşyp ýörsüň öýdýän. Belki, bu babatda gyzymyzyň öz pikiri bardyr? — diýip, aýalynyň aýdanlaryna garşy çykdy.

Kassiýa adamsynyň aýdanlaryny gaty görmän, gülüp:

— Hawa, hawa, dogrusy, onuň bu babatda öz pikirjigi bar. Sen gözüň alnynda bolup ýören zatlardan habaryň ýok, sebäbi ol Petrusy söýýärmikä diýýän. Gyzymyz şeýle samsyjak bolmasa, haýsydyr bir hyzmatkäre göwün bermezdi. Nähili ýagdaý bolanda-da, maşgalamyzyň söwdasynyň ugrukmagy üçin ony Felikse hökman durmuşa çykaraýmaly — diýdi.

Spirius örän ýadawdy, şonuň üçinem ol bu mesele barada ertir gürleşjekdigini aýdyp, tiz wagtdan uka gitdi. Kassiýa oňa seredip durşuna:

— Arkaýyn ýatyber, men bolsa geljegimiz hakyndaky meýilnamalary düzeýin — diýdi.

Kassiýa özünden örän hoşaldy. Gör, ol nämeleriň pikirini edip ýör. Eger şu pikir amala aşaýsa, onda olaryň söwdasy gülläp öser hemem şäheriň iň baý we tanymal maşgalalarynyň biri bolar. Hudaýlar kiçijik gudraty bilen, ýagny ýer titremäniň üsti bilen olaryň ezeneginden galdyrypdy.

II bölüm
Diwardaky ýazgy

Flawiýa säher bilen oýandy. Ol bu gün Petrus bilen duşuşmagy hem-de öz aralaryndaky pynhan gatnaşyklary kakasyna aýdyp, toý tutmaga razylyk bermegi soramak isleýärdi. Belki, ol juwanlaryň durmuş gurmagyna razylyk berer? Öz ýanyndan süýji arzuwlar edip, Flawiýa Petrus bilen belleşen ýerine tarap ýöneldi. Ýolda oňa ejesi Kassiýa duşdy.

— Flawiýa, gyzym, saklan, saňa möhüm aýtmaly zatlam bar — diýip, ol gyzyny Spiriusyň iş otagyna alyp gitdi.

Biraz wagtdan Petrus kimdir biriniň aglaýan sesini eşitdi. Bu baga ylgap gelen Flawiýanyň sesidi. Onuň ýüzi aglamakdan ýaňa gyzarypdyr. Petrus Flawiýanyň golaýyna gelip:

— Ezizim, näme boldy? — diýip sorady.

Flawiýa ejesiniň aýdan zatlaryny oňa gürrüň berdi.

— Sen Felikse durmuşa çykmalymy? Ýöne ol gul, üstesine-de, entek ýaş ahyryn.

— Ejem onuň indi erkin adamdygyny hemem söwdamyzyň ugrukmagy üçin oňa barmalydygymy aýtdy — diýip, ol ýene aglap ugrady.

— Näme? Ýöne menem mozaika ýasaýan ahyryn. Olar näme üçin menden öň Feliksi öýerjek bolýarka?

— Petrus, biraz köşeş. Birden goňşy-golam eşidäýmesin.

Feliks ir bilen turup, Spiriusyň ýanyna ugrapdy. Ol erkin adamlar ýaly Rime gezelenç etmek üçin rugsat soramak isleýärdi. Ol ýolugra Flawiýa bilen Petrusa sataşdy.

— Ertiriňiz haýyrly bolsun! — diýip, ol şähdaçyklyk bilen salam berdi.

— Ertiriň haýyr — diýip, Flawiýa onuň göwünli-göwünsiz salamyny aldy, emma Petrusdan ses çykmady.

Feliks Petrusyň sowuk-salalygyny düýnki mozaikada bellik eden ýalňyşlary üçindir diýip güman etdi.

Feliks olaryň ýanyndan geçip gidenden soň Flawiýa Petrusa bakyp:

— Indi biz Feliksi näme ederis? — diýdi.

— Ony bu ýerden gider ýaly ederis.

— Ýöne ol mozaika ýasamakda ussat. Ejem onuň edýän işleriniň örän ajaýypdygyny aýdýar.

— Beýle bolsa Kassiýanyň Feliks baradaky pikirlerini üýtgederis. Aýtsana, Flawiýa, ejeň ähli zatdan beter nämäni halanok?

— Ol goňşularymyzyň ikimiz baradaky edýän gürrüňi üçin örän gaharlanýar.

— Mende bir pikir bar. Biz diwara Feliks ýazan ýaly edip, «ejeň goňşularyň birine halys ýürekden imrinipdir» diýen mazmunda hat ýazarys.

— Ýöne ejeme goňşularymyzyň hiç haýsysy ýaranok. Bu hata hiç kim ynanmaz.

— Sen bu barada alada etme, adamlar elmydama erbet zatlary diňlemegi gowy görýär. Onsoňam goňşularam ejeňi halap barýan däldir, şeýle dälmi? Şonuň üçinem ejeň hakdaky ýazylan zatlaryň çyndygyna ýa ýalandygyna hiç kim ähmiýet bermez. Ýöne Kassiýanyň muňa gaharynyň geljekdigi welin çyn.

Flawiýa biraz pikirlenip durandan soň:

— Bu iş örän çylşyrymly, şeýle-de bolsa, başga çykalgamyz ýok — diýdi.

Soňra olar öňlerinde goýan maksatlarynyň amala aşjakdygyna umyt edip, bir-birine söýgi bilen seretdiler.

Feliks Spiriusyň ýanyna baryp gürleşenden soň, ýanyna depderçesini alyp, erkinligiň ilkinji gününden lezzet almak üçin ýola rowana boldy.

Kassiýa Pompeýden geljek myhmanlar üçin taýýarlyk görüp ýördi. Rimdäki dostlary olara Feliksiň ýasaýan ajaýyp mozaikalary barada gürrüň beripdi. Şol sebäpli olar Rime gelýärdi. Bir sagat geçenden soň, ahyry garaşylýan myhmanlar geldi.

Spirius, Kassiýa hemem gyzlary Flawiýa iň owadan lybaslaryny geýip, myhmanlary hormat bilen garşy almak üçin eýwanda taýýarlyk görüp durdular.

— Jenap Bassus, jenap Festus, hoş geldiňiz! Baş üstüne, öýe giriň, maşgalamyzyň arzyly myhmany bolmagyňyz biziň üçin uly abraý.

Bassus uzyndan dolmuş adamdy. Ol ýylgyryp:

— Şeýle ýakymly sözleri eşidenime diýseň şat. Ýör bakaly, dostum Festus, içerik gireli.

Festus kynlyk bilen ýöreýärdi. Flawiýa oňa ýarawsyzdyr öýdüp, täsin myhmandan gözüni aýyrman seredýärdi.

— Belki, bir zatlar garbanarsyňyz? — diýip, Kassiýa mylakatlylyk bilen mürehet etdi.

— Ýupiteriň goldawy bilen, elbetde, naharlanarys. Bu gowy pikir. Paýtundakak bir bulgur şerbet içdik welin, bu Festusa ýaramadyk borly.

Festus haýaljakdan ýöräp ýaňy bir jaýyň eýwanyna ýetipdi.

— Gapyň öňünde basgançaklar köpräk diýäýmeseň, örän oňat jaýyňyz bar eken — diýip, Festus ünsüni Flawiýada jemledi. — Bu näzenin hanym kim bolar?

— Tanyş boluň, bu gyzym Flawiýa — diýip, Spirius myhmanlary bilen gyzyny tanyşdyrdy.

— Eger öte eşitmedik bolsam, kimdir biri nahar barada sorapdy — diýip, Kassiýa iki elini çarpdy welin, şol pursat hyzmatkärler myhman otaga iýer-içer ýaly zatlary getirip başlady.

Myhmanlar nahar başynda seslerini gataldyp gürleýärdiler. Flawiýa bilen Kassiýa gürrüňdeşlige goşulman naharlaryny iýip otyrdy. Diňe Spirius myhmanlar bilen — her näçe kyn hem bolsa — mylakatlylyk bilen gürrüňdeşligi dowam etdirýärdi. Bassus täze mozaika ýasatmagynyň aýratyn sebäbiniň bardygyny aýtdy:

— Men on ýedi ýyl mundan ozal bolan ýer titremäniň ýetiren zyýany sebäpli, öýümde düzediş işlerini geçirip ugradym. Häzir bu işler paýawlap barýar diýseňem boljak. Ýöne maňa bagdaky öýüm üçin aýratyn bezeg gerek. Men o ýerde uly şagalaň guramak isleýän.

— Örän gowy pikir, dostum. Meni çagyrmagam ýadyňdan çykarma — diýip, Festus degişme äheňinde Bassusyň sözlerini goldady.

Myhmanlar nahardan soň Kolizeý teatryna gidip, gladiatorlaryň söweşine tomaşa etmek isleýändiklerini aýtdylar.

— Gitmeziňizden ozal mozaikalaryň birnäçesine seretmek isleýäňizmi? — diýip, Kassiýa myhmanlaryndan sorady.

— Ýok, Kolizeýden yzymyza dolananymyzdan soň göreris. Biz ilki Kolizeýe baryp gladiatorlaryň söweşine tomaşa etmek isleýäs, sebäbi men Rime diňe şoň üçin geldim — diýip, Festus jogap berdi.

Myhmanlar gidenden soň Flawiýa Petrusdan diwardaky ýazgy barada sorady. Petrus Flawiýany daşaryk alyp çykdy-da, ýazgyny görkezdi.

— Bu, dogrudanam, Feliksiň hatyna meňzeýär. Häzir ejem dynjyny alýar, ýöne ukudan oýanyp, bu haty görenden soň nämeleriň boljakdygyny bir hudaý bilýär.

Iki sagatdan soň ýüzi gahardan ýaňa dym gyzyl bolan Kassiýa gygyryp Feliksiň nirededigini sorady.

— Gadyrdanym, ol şähere aýlanmaga gitdi — diýip, Spirius sowukganlylyk bilen jogap berdi.

Kassiýa adamsyny daşyna alyp çykyp, oňa diwardaky ýazgyny görkezdi.

— Ol nädip beýle zatlary edip bildikä? Bu akyla sygmajak samsyklyk ahyryn!

— Köşeş, gadyrdanym, Feliks yzyna dolanyp gelenden soň onuň bilen hökman gürleşerin.

— Näme? Gürleşerin diýýäňmi? Sen oňa çäre görmeli. Men gaýdyp onuň ýüzüni görmek islämok.

III bölüm
Pompeý

Bassus bilen Festus Kolizeýden şähdaçyk ýagdaýda dolanyp geldi. Olar Spiriusdan mozaikany görmäge alyp gitmegi soradylar.

— Ýogsa-da, aýalyň nirede?

— Ol häzir dynç alýar — diýip, Spirius jogap berdi, sebäbi Kassiýany otagyna girenden soň görmändi.

Ol myhmanlaryna bagyň içindäki otagda şekillendirilen Feliksiň ýasan mozaikasyny görkezdi.

— Nähili owadan. Men heniz Pompeýde şeýle ajaýyp mozaikany görmändim. Ol örän ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir, reňklerini görsene, nähili üýtgeşik. Bu ajaýyp sungat seniň işiňmi?

Spirius örän hakykatçyl adamdy, şonuň üçinem dogrusyndan geldi.

— Feliksiň işi, ol öň hyzmatkärimdi, indi erkin adam.

— Onda Felikse aýt, goý, ol meniň üçin mozaika ýasasyn — diýip, Bassus özüniň hyrydardygyny aýtdy.

Spirius gamgynlyk bilen dymdy.

— Siz näme, meniň sargydymy kabul edip biljek dälmi? Men artygy bilen gadyryňyzy bilerin. Ýupiter Hudaýynyň haky üçin, aýtsaňyzlaň, size näme boldy?

Spirius myhmanlar üçin nahar getirmegi tabşyrandan soň, olara ýörite niýetlenen sekä geçmegi haýyş etdi.

— Siziň maňa şeýle ýumuş buýurýanyňyz üçin özümi bagtly duýýan. Ýöne mesele aýalym bilen baglanyşykly. Ol meniň Feliksi öýden kowmagymy isleýär.

— Näme? Ol akylyndan azaşdymy? Bu ýigidiň siziň söwdaňyza örän köp girdeji getirjegi görnüp dur ahyryn.

Spirius Feliksiň diwarda ýazan hatyny myhmanlara görkezdi.

— Görsene, ähtimal, bu onuň samsyk degişmesidir. Ol muny erkinlik bereniň üçin edýändir. Bahym düzeler. Gel, gowusy şeýdeli, biz ýigidi bagymdaky otagda mozaika ýasamak üçin alyp gideli. Wagtyň geçmegi bilen aýalyň köşeşip, belki-de, diwardaky ýazgyny unudar. Felikse bolsa eden işi üçin Pompeýe gitmek jeza bolar. Işini gutarandan soň, islese yzyna dolanyp biler. Meň pikirimçe, şu meselede şeýle etmekden başga çykalga ýokmuka diýýän — diýip, Bassus ýagdaýy düşündirdi.

Öýlän Spirius Felikse Pompeýe gitmegi tabşyrdy we diwardaky ýazgyny görkezdi.

— Ussam, men hiç bular ýaly iş etmen.

— Şeýle-de bolsa, bu seň hatyňa meňzeýär. Seň bagtyň çüwdi. Tizräk Pompeýe git-de, Kassiýadan uzakda bolmaga çalyş.

Feliks mundan artyk günäsizligini düşündirip oturmagyň biderekdigine düşündi. Spirius oňa ynanmandy. Eýsem, haty kim, näme sebäpden ýazdyka? Feliks muňa akyl ýetirip bilmedi.

Ir bilen Bassus, Festus hemem Feliks Pompeýe gitmäge taýynlyk görüp ugrady. Haçan-da Bassus paýtuna münjek bolanda, Flawiýa bilen Petrusyň ýylgyryp duranyny gördi-de, birden aýak çekdi.

— Spirius, şol ýigidem seniň işgäriňmi? Eger şeýle bolsa mozaikamyň tiz wagtda gutarylmagy üçin ýene bir işgär gerek boljak.

Spirius Kassiýanyň ýüzüne seretdi. Onuň ýüzünde hiç hili garşylyk alamaty ýokdy. Sebäbi onuň üçin Petrus Flawiýadan näçe uzakda bolsa, şonça-da gowudy.

— Petrus, tizräk goşlaryňy ýygnaşdyr. Sen Pompeýe gidip, jenap Bassusyň mozaikasy gutarýança Feliks bilen işlemeli bolarsyň. Men özüme başga kömekçi tapynaryn — diýip,

Spirius Petrusa tabşyryk berdi.

Petrus çykgynsyz ýagdaýa düşdi. Ol hiç wagt munuň ýaly zatlara garaşmandy. Flawiýanyňam ýüzi duw-ak boldy.

— Tizräk bol, gämi häzir ugramaly — diýip, Bassus ony agyr pikirlerinden oýardy.

Feliksiň lapy keç boldy. Ol Petrusdan, Kassiýadan daşlaşýanyna tüýs ýürekden begenipdi. Pompeýdäki durmuş onuň üçin gowy başlangyç bolar diýip pikirlenipdi. Petrus bolsa goşlaryny ýygnaşdyryp durşuna Flawiýa gamgyn bakyp, hat ýazjakdygyny aýdyp pyşyrdaýardy.

Sagat sekizde olaryň gämisi Ostiýadan Gerkulanuma tarap ýola düşdi. Ýolda Petrus bilen Feliksiň arasynda hiç hili gürrüň bolmady. Feliks Petrusyň näme sebäpden özüne beýle gaharlanýanyna düşünip bilmän, bu barada oýlanýardy.

Gündiz daşary örän yssy bolup, agşamyna salkynlady. Salkyn howada ýeke özi gezelenç etmek maksady bilen Feliks gäminiň üstüne çykdy. Gije daşary aý-aýdyň bolup, örän gözel görünýärdi. Feliks ilkinji gezek Rimden uzaklara gidýändigine begendi. Rimden gaýdaly bäri ony diňe bir ýagdaý biynjalyk edýärdi, ol hem Spiriuse öz bigünädigini subut edip bilmänligidi. Deňizde öwüsýän näzik şemal jana ýakymlydy. Ol Feliksiň ýüzüni mylaýymlyk bilen sypap, erkinligini gutlaýan ýalydy. Tebigatyň ajaýyplygyndan lezzet alyp duran Feliksiň arka tarapyndan bir daýaw pyýada geldi-de, boýnundan goluny geçirdi. Soňra gäminiň gyrasyna süýräp, deňze oklamaga synanyşdy. Çykgynsyz ýagdaýa düşen Feliksiň bir wagtlar dostunyň: «Eger kimdir biri arka tarapyňdan hüjüm etse, dyzyňy epäge-de aşak otur, şonda ol büdräp ýykylar» diýen sözleri ýadyna düşdi. Ol dostunyň aýdyşy ýaly etdi-de, derrew arka tarapyna öwrüldi hemem hüjüm eden pyýadanyň aýagyndan tutup, itip goýberdi. Aýyň ýagtysyna onuň ýüzi göründi. Ol Petrusdy. Onuň garört bolan ýüzüni gahar-gazap gurşap alypdy.

— Men seni öldürerin, Feliks. Sen meniň kärimi hemem söýýän gyzymy elimden almarsyň.

— Söýýän gyzym diýýärmiň? Ol kim?

— Elbetde, Flawiýa. Näme bilmedik bolýaň?

— Men Flawiýany söýemok. Ol menden birnäçe ýaş uly ahyryn. Onsoňam ol Rimiň raýaty. Beýle zatlary aýdar ýaly, sen näme, akylyňdan azaşyp ýörmüň?

Bu gürrüňden soň Petrus özüni ýuwaşlyk bilen aşak goýberip, uludan demini aldy.

— Ýöne Kassiýa seniň Flawiýa bilen durmuş gurjagyňy aýtdy. Ol söwdasynyň ugrukmagy üçin Flawiýa ikiňiziň är-aýal bolmagyňyzy isleýär.

— Men Flawiýa bilen är-aýal bolmalymy? Bu asla mümkin däl. Kassiýa meni diwardaky bolgusyz ýazgy üçin Rimden Pompeýe kowdy. Men seniň aýdýan zatlaryňdan asla habarymam ýok. Eger Kassiýa isläýende-de, men hiç wagt göwün bermedik gyzyma öýlenmen.

Petrus aljyraňňy ýagdaýa düşdi.

— Meni bagyşla, Feliks. Men Flawiýany diýseň gowy görýän… Şonuň üçinem näme edýänimi bilmändirin. Gijäň rahat bolsun! — diýip, ol ýatýan ýerine ugrady.

Petrus ýitirim bolýança Feliks onuň yzyndan seredip durdy. Ol Petrus bilen bolan garpyşmadan soň özüni ýadaw duýdy. Sebäbi Petrus Felikse garanyňda beden taýdan güýçlüdi. Ol öz ýanyndan: «Ertiriň özünde Petrus bilen gürleşmeli» diýen karara geldi, çünki Petrusyň göwnünde güman galsa, onda geljekde olaryň iki bolup işlemegine kynçylyk dörejekdi.

IV bölüm
Gök lybasly gyz

Säher bilen Gün gyzdyryp ugrady. Gäminiň içindäki adamlaryň köpüsi özüni ýaramaz duýýardy. Gämi Gerkulanumyň portuna gelip daýanýança Petrus ýatýan otagyndan çykmady. Bassus gämiden düşüp iki sany at satyn aldy-da, dosty Festus bilen Pompeýdäki hammamlaryň birine gitdi. Petrus bilen Feliks olaryň ýanyndan ýöräp barýardy.

— Uzak syýahatdan soň hammamda suwa düşmesek bolmaz. Ikiňizem biziň bilen gidersiňiz. Ýolda ýasamaly mozaikaňyz barada düşündirerin. Ony diňe ikiňiz ýasamaly bolarsyňyz, şonuň üçinem mozaikany tamamlaýançaňyz boş wagtyňyz bolmaz. Feliks, mozaika tamam bolandan soň, meniň öýümde boluber, sebäbini özüň bilýäň, diwarda ýazan bolgusyz hatyň üçin. Petrus, sen bolsa mozaikalaryň böleklerini kesişdirip bolanyňdan soň, yzyňa dolanyp bilersiň. Men saňa hasap-hesipleň sanawuny bererin, ýöne pullary biderek sowaýma. Başga soragyňyz barmy?

— Şu mahal-a ýok, jenap.

— Örän gowy.

Feliks bilen Petrus seslerini çykarman şäheri synlap barýardy. Bärde, deňziň kenarynda örän owadan jaýlar gurlup, ýoluň ugruna ekilen palma agaçlary şähere owadanlyk berýärdi. Agaçlaryň aşagynda birnäçe at çapyksuwary bilen durdy.

— Bu zatlara gaty kän pul harç edilendir — diýip, Feliks Petrusa pyşyrdady.

— Entek nämäni görýäň, şäheri doly synlanyňdan soň aýdarsyň.

Olaryň öňünden şäheriň galasy göründi. Soňra demir derweze açylyp, ýolagçylar şähere girdi. Hammama ýetýänçäler olaryň öňünden örän owadan jaýlar çykdy. Pompeý şäheriniň ilaty, gör, nähili gurply ýaşaýan eken.

Hammamyň içiniň diwarlary we aşagy her dürli owadan mozaikalar bilen bezelendi. Feliks olaryň arasynda heniz hiç ýerde duş gelmedik owadan gök reňkleriň bardygyny görüp, Petrusa sorag berdi:

— Petrus, şu mozaikalarda şekillendirilen gök reňki jenap Bassusyň mozaikasynda ulansak nähili görýäň?

— Gaty gowy pikir. Bu Pompeý şäheriniň iň ýörgünli we owadan reňkleriniň biri.

— Sen ony nireden bilýäň?

— Men bärde birnäçe ýyl mundan ozal, heniz çagakam ýaşapdym.

Bassus hammamyň içinde oturan ýerinden olara ýüzlendi:

— Siziň mozaikaňyz awgust aýynyň 23-ne çenli taýyn bolmaly. Men şol gün şagalaň gurnamakçy. Oňa şäheriň iň abraýly adamlary myhman bolar. Men senator bolmak meýlim bar hemem niýetimiň amala aşmagy üçin kömek edip biläýjek adam gerek.

— Dogry aýdýaň, şeýle adamlary tapmak aňsat iş däl — diýip, Festus onuň sözlerini tekrarlady.

Soňra iki dost hammamdan çykdy, Feliks bilen Petrus olara süpürgiç uzatdy.

— Diýmek, şeýle — diýip, Bassus söze başlady — ikiňizem meni üns bilen diňläň. Men öz mozaikamda yşk hudaýy Kupidonyň hemem ejesi Weneranyň kenarda gezelenç edip ýören pursadyny, şeýle-de Weneranyň arka tarapynda biziň dagymyz we Wezuwiý patlawugynyň şekiliniň bolmagyny isleýän. Feliks, meniň aýdan zatlarymy şekillendirmegi başararmyň?

— Elbetde, başararyn, ýöne maňa iki gün puryja beriň.

— Ýagşy, beýle bolsa maňa, ilki bilen, olaryň suratyny çekip görkez. Häzir bolsa mozaikanyň bölekleri satylýan dükana gideliň-de, hasap depderçesini açdyralyň.

— Jenap Bassus, maňa onuň nirede ýerleşýänini aýtsaňyz hemem dükança berer ýaly hat berseňiz, hammamdan çykýançaňyz baryp gaýdardym — diýip, Petrus aýtdy.

— Sen bu ýere belet däl ahyry. Dükany nädip tapjak?

— Meň şähere azrak beletçiligim bar, salgy berseňiz taparyn.

— Ol-a hasam gowy. Sen gerek zatlaryňy satyn alanyňdan soň, meniň öýüme baryber. Ol gurply adamlar üçin niýetlenen köçäniň ugrundadyr. Men Festus bilen bararyn hemem aýalyma geljegiňiz barada habar ýetirerin. Onsoňam birden Feliksi ýitiräýme, men mozaika ýasaýan ussamy ýitiresim gelenok.

On minut geçenden soň Feliks Petrusyň yzyna düşüp dükana ugrady. Olar bazarda täsin dilde gürleýän, rimlilere meňzemeýän adamlaryň birnäçesine duş geldiler. Bazardaky dükanlarda Feliksiň henize çenli görmedik miweleridir gök önümleri satylýardy.

— Bu täsin dilde gürleýän adamlar dünýäniň dürli künjeginden gelen söwdagärler. Olaryň arasynda demirgazyklylaryna-da, afrikalylaryna-da, gresiýalylaryna-da duş gelmek bolýar — diýip, Petrus Felikse bazaryň ýagdaýyny düşündirdi.

Ol uly dükanyň golaýyna ýetip aýak çekdi.

— Meň bu meýdança beletçiligim ýok. Görýän welin, täzelikde gurlan bolmaly — diýip, ol azaşandyryn öýdüp, birsalym oýurganyp durdy.

Feliksiň gözi meýdançadan biraz uzakda duran eli sebetli gyza düşdi. Ol dükandan gök önümlerini satyn alyp duran eken. Gyzyň saçlary altynsow mele öwsüp, gözleri edil umman ýaly göm-gökdi. Onuň egnindäki lybasy Pompeý şäheriniň halaýan reňkindedi. Feliks ondan gözüni aýryp bilmän seredýärdi. Gyz bolsa Feliksi diňe yzyna öwrülip, meýdança tarap ýola düşende gördi. Feliks özüne näme bolýanyna düşünmedi, çünki ýüregi çalt-çalt urup, gursagyndan çykaýjak bolýardy. Nähili owadan gyz! Gyz Feliksiň gözüni aýyrman synlap duranyny aňan bolara çemeli, ýigide tarap seretdi-de, mähir bilen çalaja ýylgyryp, ýoluny dowam etdi. Feliks onuň yzyndan gitjek bolanam şoldy welin, Petrus onuň elinden tutup:

— Hä, nirededigimiz indi ýadyma düşjek bolýar. Bize gerek dükan şu köçede bolmaly. Ýör, gideli — diýip, ony dükana tarap alyp gitdi.

Gözel gyz gözüniň alnynda ýitirim bolansoň, Feliksi örän üýtgeşik duýgy gurşap aldy. Ol Petrus bilen dükana baranda-da, Bassusyň öýüne ugranlarynda-da, hatda ýoldaşy Pompeý şäheri barada gyzykly gürrüňleri berende-de bu duýgudan açylyp bilmän, edil jadylanan ýaly hiç zat bilen seri ýokdy. Feliks diňe Bassusyň öýüne ýetende hemem gapy açylyp, içerden gedem sypat zenanyň peýda bolmagy bilen özüne geldi.

— Meň pikirimçe, siz Petrus bilen Feliks bolmaly. Giriň — diýip, ol ýigitleri boýdan başa synlady. Soňra arka tarapynda duran uzyn boýly hyzmatkäre:

— Olary hammama äkit-de, iýer-içer ýaly bir zatlar ber. Soňra bolsa hyzmatkärler üçin niýetlenen boş otaglaryň birinde ýerleşdir — diýip tabşyryk berdi. Soňra Feliks bilen Petrusa bakyp, sözüni dowam etdi. — Meň adym Restina. Şu öýde ýaşan döwrüňiz hanymyňyz bolaryn.

Petrus bilen Feliks Bassusyň günortanlyk edinip oturandygyny gördüler. Ol hemişekileri ýaly şerbet içip oturan eken. Ol aýalyna:

— Maňa biraz içgi getirip bersene — diýdi.

— Göreňokmy, meniň işim köp — diýip, aýaly gaharly jogap berdi.

— Görsene, muň işi köpmüş. Sen edil balyk ýaly gaty sowuk görünýäň.

Şu gürrüňlerden soň Restina bilen Bassusyň bir-birini halamaýandygyny we bu ýerde ýaşamagyň biraz kyn düşjekdigine Feliks göz ýetirdi.

V bölüm
Weneranyň keşbi

Şol gün öýlän Petrus bilen Feliks özara gürleşip otyrdy.

— Gör, nähili owadan şäher. Men şeýle owadan şäheri häzire çenli görmändim. Wah, ýöne nädip Spirius bilen Bassusa öz bigünädigimi subut edip bilerkäm? Meň diwardaky ýazgydan asla habarym ýog-a. Şeýle zatlary meniň adymdan ýazar ýaly, meni beýle ýigrenýän kimkä?

— Sen gowy görýän zatlarymy elimden almak isleýänsiň öýdüpdirin…

— Näme? Asyl bu senmi? Ýöne näme üçin?

— Meni bagyşla, Feliks. Meň başga çykalgam bolmady.

— Sen häziriň özünde Spiriuse hat ýazyp, ähli zady aýtmaly bolarsyň.

— Eger şeýdäýsem, men işimi ýitirerin.

— Bu meň işim däl — diýip, Feliks gaharly jogap berdi.

Edil şol wagt gapy kakyldy. Feliks bilen Petrusy garşy alan hyzmatkär ýigit iýer-içer ýaly zat getirdi. Feliks ondan:

— Adyň näme? — diýip sorady.

— Aleksandr. Meniň milletim grek.

— Hm. Aleksandr, sen bize bu maşgala barada gürrüň berip bilmezmiň?

— Siz anyk näme bilmek isleýäňiz?

— Mysal üçin, biz Bassusyň örän köp şerbet içýändigini heniz Rimdekäk bildik — diýip, Petrus gürrüňe goşuldy.

— Hawa. Ol içegen. Bassus heniz ýaş wagty görmegeýdi, sportda meşhur türgenleň biridi. Iki at goşulan arabada ýaryşa gatnaşardy. Ol häzirem şol ýakymly günleri küýseýär. Aýaly Restina Pompeýiň gurply maşgalasyndan. Ol sportda meşhurlyga eýe bolan görmegeý ýigidi söýdi we oňa durmuşa çykdy. Bassus bolsa oňa diňe gurply maşgaladan bolanlygy üçin öýlendi. Wagtyň geçmegi bilen Restina Bassusyň özüni söýmeýändigini we wagtyny başga güýmenjelere sarp edýänini bildi. Şeýdibem gün geçdigiçe Restinanyň adamsyna bolan ýigrenji artdy.

— Ony-ha bizem gördük. Köp sag bol, Aleksandr — diýip, Feliks oňa minnetdarlyk bildirdi.

Hammama barýarkalar Feliks bagyň öňünde bazardaky eli sebetli gyzy gördi. Onuň egninde şol ajaýyp gök reňkli lybasy bardy. Haçan-da olar eýwanyň burçundan öwrülende gyzyň gözi Felikse düşdi we ol hem edil Feliks ýaly bu duşuşyga haýran galdy. Şol wagt Feliksiň gapdalyndan Aleksandr geçip barýardy. Feliks ondan:

— Hol owadan gyz kim? — diýip sorady.

— Meniň gyz doganym Agata.

Soňky hepdeler Feliks bilen Petrus örän köp işledi. Petrus Spiriuse diwardaky ýazgy barada hat ýazyp, umyt bilen jogabyna garaşýardy. Käwagtlar Petrus mozaikanyň böleklerini almak üçin bazara giderdi we köp wagtlap eglenerdi. Aleksandr Felikse Petrusyň soňky döwürler bir gartaşan aýalyň ýanyna gatnaýandygyny aýtdy. Ýöne Petrus Felikse bu barada hiç zat gürrüň bermedi. Bu gürrüňler Feliksiň Agata bilen ikiçäk galýan pursatlaryndan möhüm däldi. Olar öz aralarynda gürleşerdiler we diýseň bagtyýar görünýärdiler. Aleksandr olaryň arasyna düşjek bolmazdy, çünki Agata Feliksiň ýanynda bolan pursady örän şadyýandy.

Awgust aýynyň ýigrimisine howa ozalkylaryna garanyňda has yssy boldy. Mozaikanyň işi azalypdy, ýöne Feliks gözellik Hudaýy Weneranyň ýüz keşbine entek başlamandy.

— Feliks, tizräk Weneranyň keşbini şekillendir, şagalaňa çenli iki gün galdy — diýip, Petrus bilen Aleksandr ony gyssady.

— Bilýän. Onuň suratyny tamamlap barýan — diýip, Feliks jogap berdi.

Şol wagt suwly bulgury alyp Agata geçip gitdi we edil Feliks bilen ilkinji gezek duşan pursadyndaky ýaly mähirli ýylgyrdy.

— Weneranyňam edil şunuň ýaly mähirli ýylgyryşy bolmaly — diýip, Petrus aýdanda, Feliks utanjyna çalaja gyzardy.

Birden ýer titredi hemem aşaky gatdan biriniň gygyrýan sesi eşidildi. Hemmeler aşak düşdi. Agatanyň elindäki suw ýere dökülipdir-de, ol oňa typyp ýykylypdyr. Ýer titreme birnäçe sekunt dowam edip, ahyry daş-töweregi ýene ümsümlik gurşap aldy. Aleksandr ylgap gyz doganynyň ýanyna bardy, Feliks hem onuň ýanyndady. Aleksandr Agatanyň aýagyna seredip, oňa zeper ýetenini bildi. Ol:

— Ýeriňden turjak bolma, topugyňa zeper ýetipdir. Feliks, meniň lukmançylyk gapyrjagym bilen sowuk suw getirsene — diýdi.

Aleksandr adamlara em etmegi başarýardy, sebäbi oňa kakasy grek lukmançylygyndan azda-kände öwredipdi. Feliks

Aleksandryň otagyna baryp almaly zatlary getirýänçä, Aleksandr eýýäm ilkinji kömegi beripdi. Agata gözleri ýumulgy halda täsin sesi bilen gürläp başlady:

— Neptun hudaýy örän gaharly. Hudaýlar biziň bilen ýeriň, daglaryň hemem deňizleriň üsti bilen gürleşýär. Olar bize jeza bermek isleýär.

Feliks uly alada bilen:

— Agata, oýansana! — diýdi.

— Azar berme, ol häzir hiç zat eşidenok. Ony häzirki pursatda bimaza etmek örän howply. Bular ýaly zat käwagt onda bolýar, sebäbi Agata üýtgeşik gyz, ol gelejegi öňünden bilýär.

Agata sözüni dowam etdi:

— Eý, Pompeýiň halky, ägä boluň! Siz hudaýlaryň beren sowgatlarynyň gadyryny bilmän, bisarpa tutýaňyz, şonuň üçinem ýer bilen ýegsan bolarsyňyz.

— Be, bu onuň näme diýdigi boldugy — diýip, Petrus bilesigelijilik bilen sorady.

Agata sandyrap ugrady, soňra gözlerini açyp:

— Aleksandr, näme boldy? Meniň aýagym agyrýa-la — diýdi.

— Ýaňy ýer titredi, sen ýykylyp aýagyňy agyrtdyň. Aýagyňa sargy edýänçäm ýat — diýip, ol gyz doganyny rahatlandyrdy.

— Köp sag bol, agam — diýip, ol Alek-sandryň elinden tutup minnetdarlyk bildirdi, soňra ýanynda Feliksiň we beýleki adamlaryň bardygyny aňşyrdy.

— Näme üçin maňa çiňerilýäňiz? Hudaýlar ýene meniň üstüm bilen gürledimi?

— Hawa. Şonuň üçinem sen dynjyňy almaly.

Aleksandr Petrus bilen Felikse özlerini ýeke goýmagy haýyş etdi. Petrus bilen Feliks baga tarap çykyp gitdi. Petrus Agatanyň aýdan sözleriniň täsirinden çykyp bilen däl bolara çemeli, ol birsalymdan şeýle diýdi:

— Beýle diýmek bilen ol nämäni göz öňüne tutduka? Men ozalam bärsiniň ýygy-ýygydan bolýan ýer titremelerini halap baramokdym, ýöne Agatanyň aýdan sözleri bu zatlaryň üstüne urna boldy. Bu ýeriň halky baý ýaşaýar, ýöne hemmesi erbet adamlar däl. Hudaýlar olaryň baryny ýok etjek bolýan-a däldir-dä?

Şol pursat olaryň gürrüňini eýwan tarapdan gelýän ses böldi. Bu ses Bassus bilen Festusyň sesleridi, olar ýene içgi bilen meşguldy.

— Aleksandr, meniň sagadymy getir. Görýän welin, bu ýaş hyzmatkäre iş ýakanok öýdýän. «Ýer titredi» diýip bar zady ýatdan çykaryp bolmaz ahyry. Diňe samsyklar ýer titrän mahaly howsala düşüp ondan-oňa ylgaýar. On ýedi ýyl mundan ozal biziň nähili güne düşenimizi olar unudypdyr. Şonuň bilen deňeşdireňde, häzirki dagy wiýçjik. Aleksandr, sen nirede?

Aleksandr Agatanyň aýagyny sarap bolansoň Bassusyň sagadyny eltip berdi.

Restina otagyndan çykyp, Bassusyň ýanyna geldi-de:

— Bassus, ýaňy ukudakam bir zadyň sesi gelen ýaly boldy-la?

— Sen ýer titrände ýatyrmydyň? — diýip, ol onuň özüne sorag berdi.

Restina Agatanyň ýerde ýatanyny görüp, oňa näme bolanyny sorady. Aleksandr bolan zatlary birin-birin düşündirdi-de, Agatany otagyna alyp gitdi. Bu gürrüňleri diňläp oturan Bassus:

— Onuň işi haýyr-la. Esasy zat — mozaika zeper ýetenini-ýetmänini aýdyň — diýip, ol Felikse ýüzlendi.

— Biraz zeper ýetipdir jenap, ýöne ony bejererin.

— Onda tizräk bejer. Haýsydyr bir kiçijik ýer yranmasy zerarly baýramçylygy ýatyryp bilmen.

Petrus Bassusa garap:

— Jenap, bize deňzi şekillendirmek üçin köp sanly bölejikler gerek. Men dükana baryp gaýtsam bolarmy?

— Ýeke özüň gitme. Düýn Spiriusdan hat geldi. Ol diwardaky ýazgynyň seniň işiňdigini aýdýar. Şo sebäpli ýeke özüňi hiç ýere ugradyp bilmen. Feliks mozaika bilen meşgul bolar, seň bilen bolsa Aleksandr gider.

On minutdan Aleksandr bilen Petrus ýola düşdi. Olar ýene ýer titremesi barada gürrüň etdiler.

— Pompeý, hakykatdanam, howply şähermi?

— Edil beýle-de däl, ýöne Agatanyň aýdan zatlary amala aşýar.

— Onda ýer titremesi näme?

— Bu bärde ýygy-ýygydan bolýan zat. Şoň üçinem adamlar indi oňa kän bir ünsem berip duranok. Ýöne soňky wagtlar ýer titremesi öňki döwre garanyňda has köp bolýar.

Olar dükana ýetenlerinde satyjy ony ýapyp duran eken.

— Ýer titrän güni söwdaň ugry bolanok, şoň üçin menem müşderilerim ýaly öýüme gaýdyp, maşgalamyň aladasyny etjek.

— Biz mozaika üçin bölekleri alyp bilerismi?

— Hawa, ýöne tizräk boluň.

Işlerini birýüzli edensoň olar öýe dolandy. Aleksandr Agata üçin melhemlik içgi taýýarlady. Petrus bolsa bölekleri Felikse getirip berdi. Feliks Bassus bilen Festusyň ýatandygyna göz ýetirip:

— Sen birsalym mensiz işle, men Agatanyň halyndan habar alyp gaýdaýyn — diýdi.

Ol Agatanyň ýanyna baranda, gyz ol melhemini içip gutaryp gelýän eken. Ol Feliksiň öz ýanyna gelenine begenip ýylgyrdy.

— Em bolar ýaly, indi birsalym ýat-da dynjyňy al — diýip, Aleksandr aýtdy.

— Men biraz bärde galyp, Agatany synlap bilerinmi? Suraty çekip gutarar ýaly oň ýüz keşbini ýatda saklamaly — diýip, Feliks Aleksandrdan rugsat sorady.

Aleksandr Agata bakyp:

— Sen Feliksiň ýanyňda galmagyna garşy dälmi? — diýdi.

— Eger sen garşy bolmasaň, menem garşy däl.

Aleksandr daş çykyp, penjireden olary synlady. Feliks eline galam alyp, üns bilen Agatany synlaýardy. Onuň gözleri ýumukdy, şeýle-de bolsa örän owadandy. Aleksandr içinden olaryň bir-birine mynasypdygy barada oýlandy.

VI bölüm
Şagalaň

Şagalaň bolmaly gün hem ýetip geldi. Şol gün Feliks hemişekilerine garaňda has ir turup işe başlady. Ýigit mozaikany üns bilen synlady, ol örän ajaýypdy. Bassus mozaikanyň ýüzüni ýapmak üçin tuty alypdy, sebäbi şagalaň wagty tutyny açyp, myhmanlary haýran galdyrmak isleýärdi. Bu gün diňe bir Feliks däl, eýsem, hyzmatkärlerem ir turdy. Her kim öz işi bilen meşguldy. Restina olara dürli tabşyryklary berýärdi.

Günortan howa hasam gyzdy. Şonuň üçinem Restina otagyna dynç almaga gitdi. Agata hem onuň yzy bilen gitdi. Feliks işini gutarnykly tamamlandan soň, Petrusa mozaika seredip görmegi haýyş etmek isledi, ýöne ony öýüň hiç bir ýerinden tapmady. Aleksandr Petrusa kimdir birinden hat gelendigini, şonuň üçinem öýden howlukmaç çykyp gidendigini hemem ony Bassus soraýsa özüni ýaramaz duýýanlygyny aýtmagy tabşyrdy.

— Bolýar, Aleksandr. Ýogsa-da, meniň ýasan mozaikamy görmek isleýäňmi?

— Elbetde — diýip, Aleksandr onuň yzyna düşüp gaýtdy.

Feliks tutyny açdy. Aleksandr esli wagtlap mozaikany synlap durdy.

— Hany bir zatlar diýsene, Aleksandr, mozaikany nähili gördüň?

— Bu meniň gören mozaikalarymyň iň ajaýyby. Weneranyň keşbi hem örän owadan bolupdyr — diýip, ol çalaja ýylgyrdy.

Iki sagatdan myhmanlar gelip ugrady. Olar örän bezemen lybaslydy. Aleksandr olaryň her biri hakynda Felikse gürrüň berýärdi.

— Şol dolmuş aýalyň ýanyndaky duran adam serkerde. Onuň gapdalynda duran ýaş ýigit bolsa iki at goşulan arabaly ýaryşlaň ussatlarynyň biri. Ol şu ýyl ýeňiji bolup, häzir Pompeýiň iň meşhur adamlarynyň biri. Onuň bilen gürleşip duran zenan bolsa senatoryň aýaly. Üns berýän bolsaň, ýigit onuň gürrüňlerinden lezzet almaýan ýaly. Şeýle gerek?

— Ol başga bir gyza gyzyklanma bilen seredýär öýdýän.

— Seretse-de, näumyt galar. Gyzyň kakasy ony Restinanyň daýysy Sissiýa durmuşa çykarjak bolýar. Sebäbi olar örän baý, jaýlaram Gerkulanumdaky iň uly öýleriň biri. Seret, Sissiýa çüwdürimiň öň tarapynda dur.

— Ýöne ol gyzdan gaty uly görünýä-le, gartaşan adam diýseňem boljak.

Ähli kişiň ünsüni jemlemek maksady bilen Bassus elini çarpdy, bularyň arasyndaky gürrüň kesildi.

— Men naharlanmazdan ozal size täze mozaikamy görkezmek isleýän. Feliks nirede? Hany, ýigit, tutyny aç-da, öz eden işiňi görkez.

Feliks utanjaňlyk bilen tutyny açdy. Aljyramakdan ýaňa onuň dyzlary sandyraýardy. Gelenler mozaikany halarlarmyka? Tuty açylandan soň daş-töweregi ümsümlik gurşap aldy. Biraz wagtdan myhmanlar bilesigelijilik bilen mozaikany synlap, öz pikirlerini aýdyp ugradylar.

— Ajaýyp, hakykatdanam, üýtgeşik iş!

— Weneranyň keşbine seretsene, ol nähili owadan!

— Men ummanyň gök reňkiniň şekillendirilişini gaty gowy gördüm.

Şol pursat Agata duýdansyzlykda Bassusyň eline şerbet damdyrdy, sebäbi ol Weneranyň keşbine doňdurylan ýaly bolup seredip durdy. Ol Agatanyň hut öz keşbidi.

— Haý, samsyk! — diýip, Bassus elini silkdi.

Bu ýagdaýy synlap duran Feliks ylgap Bassusyň ýanyna bardy.

— Jenap, size, dogrudanam, ýasan mozaikam ýaran bolsa, onda şu gyza erkinlik bermek şerti bilen meniň bilen süňk oýnuny oýnamagyňyzy haýyş edýän.

General duran myhmanlaryň adyndan gürledi:

— Bu örän gowy pikir. Geliň, oýna tomaşa edeliň.

Bassus myhmanlaryň ýanynda oýundan ýüz öwürmäni birhili gördi. Şonuň üçinem ol gerek zatlary getirmegi buýurdy.

— Oýnuň şertine laýyklykda, siziň her biriňiz süňkleri üç gezek zyňmaly bolarsyňyz. Kimiň sany uly çyksa, şolam ýeňiji bolar — diýip, general oýnuň şertini düşündirdi.

Iki gezek zyňylandan soň Bassus bilen Feliks iň sanlary deňe geldi. Agata aşhanada otyrdy. Onuň oýna seretmäge ýüregi etmeýärdi, çünki Feliks utulaýsa, ömürlik erkinligi ýitirjekdi. Bassus üçünji gezek zyňyp, bäşlik sany aldy. Feliksiň ýeňmegi üçin altylyk gerekdi. Ýagdaý juda kyndy.

— Sen, gör, nähili batyr ýigit — diýip, senatoryň aýaly Felikse pikirini mälim etdi.

Bassus gezegi Felikse berdi-de:

— Sen örän peýdaly hyzmatkär bolup bilerdiň — diýip loh-loh güldi.

Feliks Ýupiter hudaýyndan medet diläp, üçünji gezek süňki zyňdy.

— Altynjy belgi. Ýigit, sen hudaýlaryň medet bermegi bilen ýeňiji bolduň — diýip, general Feliksi gutlady.

Aleksandr Agatanyň ýanyna baryp, gowy habary ýetirmek isledi.

— Nahar wagty boldy. Ýeriňize geçmegiňizi haýyş edýän — diýip, Restina myhmanlary saçaga çagyrdy. Myhmanlar naharlanmak üçin ýerlerine bardylar, ýöne olaryň hiç biri oýunda utulany üçin Bassusyň Felikse gaharynyň gelýänini duýmady.

— Ol bir ýönekeý hyzmatkär gyz. Beýdip durmak gelşiksiz bolar, oýun barada unut-da, myhmanlaryň arasyna bar — diýip, Restina adamsyna göwünlik berdi.

Hyzmatkärler dürli-dümen getirýärdi. Olar peýnirdir ýumurtgadan başlap, towukdan bişirilen tagamlary we gök-önümlere çenli getirip ugradylar. Bärde şerbediň dürli görnüşi bardy. Myhmanlar nahardan soň çalnyp duran saza goşulyp, tans oýnamaga durdular. Şol pursat Feliks baglaryň aňyrsyndan Petrusyň gelýändigini gördi. Ol saz sebäpli sesiniň gowy eşidilmejekdigini bilse-de, oňa sorag berdi:

— Nirede bolduň? Biz Bassusa seniň ýaramaýandygyňy aýtmaly bolduk.

— Men gaty gijä galdym. Ony çalajan halda tapdym — diýip, Petrus gürledi.

Onuň ýüzi duw-ak bolup, elleri titreýärdi.

— Kimi tapdyň? Sesiň oňly eşidilenok. Ýör, otaga baryp, şol ýerde gürleşeli — diýip, Feliks aladaly jogap berdi, sebäbi Petrusa serhoşdyr öýtdi.

— Ýok, men hökman Bassus bilen gürleşmeli.

— Häzir Bassus bilen gürleşmegiň wagty däl. Ol Festus bilen gepleşip otyr.

— Ony özüm gowy bilýän. Ejem onuň…

— Ejeň? Ol, näme, Pompeýdemi?

Felikse Petrusy saklamak başartmady, ol eýýäm Bassusyň ýanyna baryp, gulagyna bir zatlar pyşyrdapdy. Bassus erbet tisginip, tutynyň üstüne ýykyldy hemem duran heýkelleriň birine kellesi degdi. Festus alada bilen Petrusa garap:

— Oňa nämeler diýdiň? — diýip sorady.

Petrus Bassusyň ýüzüne suw sepip, özüne getirmäge çalyşdy. Bassus etli-ganly semiz adamdy, şonuň üçinem Aleksandr birnäçe adamy kömege çagyryp, ony daşaryk alyp çykdy. Onuň demi gelip gidýärdi, ýöne gözleri welin ýumukdy.

VII bölüm
Ata we ogul

Bassus özüne geldi. Ol gözüni ýumup, ses-sedasyz agyr halda otyrdy. Myhmanlarynyň birnäçesi oturan bolsa, käbirleri öýlerine gaýdypdy. Petrus Bassusyň ýanyna bardy-da, onuň öňüne geçip:

— Kaka, gözleriňi aç, özüňe gel — diýip pyşyrdady.

Aleksandr oňa seredip:

— Bu kakaňmy? — diýip sorady.

— Hawa, düýn ejem aradan çykmazynyň öň ýany onuň kakamdygyny aýtdy. Ol meniň bu zatlary bilenimi isledi. Restina bu zatlar hakynda hiç zat bilenok. Bassus öz syrynyň açylmagyndan howatyr edip, heniz kiçijikkäm Rime ugradypdyr. Indi bolsa bu zatlar sebäpli öljek bolup ýatyr.

— Men-ä beýledir öýdemok. Bu içgi sebäpli. Tizara özüne geler.

Daň atdy. Daglaryň aňyrsynda Gün görnüp ugrady. Restina öz otagyna barýarka, Bassus bilen Petrusyň oturanyny görüp:

— Hasam köpräk içmeli ekeniň — diýip, ol Bassusa igençli nazaryny aýlady.

Feliks bilen Agata mozaikanyň ýanynda otyrdylar.

— Sen Bassus bilen oýun oýnap, örän samsyklyk etdiň — diýip, Agata Felikse ýüzlendi.

Feliks çalaja ýylgyrdy. Ol örän ýadawdy, muňa garamazdan, Agatanyň erkin bolany üçin örän bagtlydy.

— Indi toý edip bileris. Ikimizem erkin adam, şonuň üçinem hiç kim bizi saklap bilmez.

— Men bu teklibiňi Aleksandra aýtmaly, sebäbi ol meniň agam.

Şol pursat Aleksandr Bassusa suw eltip barýardy, ol bu gürrüňleri eşidip:

— Sen näme hakynda soramak isleýäň, Agata? — diýdi.

— Men Felikse durmuşa çykyp bilerinmi? — diýip, Agata ýygralyk bilen sorady.

— Elbetde bilersiň, men garşy däl. Isleseň, onuň bilen Rime-de gidip bilersiň. Ýöne häzir ýatyp dynjyňy al, çünki aýagyň ýarasy heniz gutulmandyr.

Günorta çagy myhmanlaryň öýüne gaýtmadyklary ukudan oýandy we gaýtmak bilen boldular. Agata howlukmaçlyk bilen Feliksi gözleýärdi.

— Bagda kim bar? Ägä boluň, häzir ýer titrär.

Birden itlere bir zat bolan ýaly barysy üýrüp ugrady. Soňra ýeriň aşagyndan gorkunç sesler eşidilip, ähli zat titräp başlady. Agata Feliksiň golundan tutup gözlerini ýumup durşuna:

— Hudaýlar bizi jezalandyrýar — diýip gygyrdy.

Soňra gözlerini açyp, Felikse dag tarapa seretmegi aýtdy. Feliks beýlesine bakyp, dagyň aňyrsyndaky Wezuwiý patlawugyndan tüsse çykýanyny gördi. Elhenç sesler dowam edýärdi. Bu seslere Bassus oýanyp, Petrusdan sorady:

— Näme bolýar?

— Bilmedim. Beýle zady ömrüme görmändim, kaka — diýip jogap berdi.

Bassus kellesini galdyryp:

— Hä, indi ýadyma düşdi — diýip aýtdy. — Sen Lawiýanyň ogly bolmaly. Çagakaň men seni Rime ugradypdym. Öýüme hoş geldiň.

Ýer titremesi bes etse-de, elhenç sesler dowam edýärdi. Gök asmanyň ýüzüni ak tozana meňzeş tüsse gaplap alypdy. Feliks oňa seredip:

— Bu tüssemi? — diýip, Aleksandrdan sorady.

— Ýok. Bu patlawugyň çykmazynyň öňýanyndaky çaňy, men bu barada gadymy kitaplarda okapdym.

— Patlawuk bolanda näme bolýar? — diýip, Agata doganyndan sorady.

— Ýeriň düýbünde emele gelýän ot-ýalyn. Ol gitdigiçe güýjäp, ýokaryk galýar.

Patlawugyň tüssesi ýuwaş-ýuwaşdan asmany, daş-töweregi gurşap aldy. Şol pursat Restinanyň sesi eşidildi. Ol Feliks dagynyň golaýynda eken.

— Bu ak çaňlar häzir aşak düşüp üstümize gaýdar. Dostum admiral Gaýus Plinus maňa ýakynda wulkanyň atyljagyny aýtdy. Oň şu gün bolmagam ahmal. Biz deňze baryp, derrew gämi tapmaly. Gaýus Plinusyň Mizenumda örän köp gämisi bar. Men ondan kömek sorap hat ýazjak. Ýöne haty biriňiz eltip bermeli bolarsyňyz.

— Bu işi maňa bir diýme. Men ýerimden gozganyp bilmän ýatyryn — diýip, Bassus zeýrendi.

Muny eşiden Restina sowuklyk bilen:

— Bu iş ýaş, çakgan ýigitlere degişli. Onuň asla saňa degişli ýeri ýok — diýip, jogap berdi. — Aleksandr, bu haty sen äkidersiň, sebäbi Mizenuma gidilýän ýola belet. Feliks, senem Aleksandryň ýanyna ýoldaş bolarsyň. Bahym bararyňyz ýaly atly gidiň. Biz size Gerkulanumyň portunda garaşarys. Agata, bar, meniň otagymdan syýa bilen kagyz getir.

Howanyň ýüzüni ak tüsse tutup, asmandan owunjak daşlar ýagyp ugrady. Şol pursat olaryň biri tuta degdi. Aleksandr bilen Petrus Bassusyň golundan tutup, içerik saldylar.

— Men Agatasyz hiç ýere gitjek däl — diýip, Feliks aýtdy.

— Ýöne sen asmandan ýagýan daşlaryň aşagyndan gitmeli bolarsyň, bu bolsa Agata üçin örän howply. Munuň üstüne-de, ýadyma düşüşine görä, ol aýagynam agyrdypdyr, şonuň üçinem ata münüp bilmez — diýip, Petrus ýagdaýy düşündirdi.

— Petrus dogry aýdýar, Feliks, biz Agatany ýanymyz bilen alyp bilmeris — diýip, Aleksandr atlaryň ugruna çykdy.

— Alada etme, Feliks, men Agatany we beýlekileri Gerkulanumyň portuna alyp bararyn. Sen tizräk gäminiň aladasyny et, onsoň barymyz bu ýerden sag-salamat gideris — diýip, Petrus aýtsa-da, arkaýynlaşmadyk Feliks kellesini ýaýkap, özüniň biynjalykdadygyny bildirdi.

Oňa çenli Restina hatyny ýazyp boldy-da, şeýle diýdi:

— Festusyň paýtuny bärde. Biz şol paýtun bilen Gerkulanuma aşyp bileris.

Aleksandr ylgap içeri girip, Felikse atlaryň taýýardygyny we gitmäge wagtyň bolandygyny aýtdy. Agata aglamaga başlady.

— Menem siziň bilen gidesim gelýär.

— Ýok, biziň bilen gitmek örän howply. Sen aýagyň ýarasy sebäpli heniz gowy ýöräp bileňok. Petrus aladaňy etjegine söz berdi. Biz hökman Gerkulanumda görşeris. Alada etme.

Restina Agatanyň köşeşmän durandygyny görüp:

— Agata, ýigitleň wagtyny alma. Asmana seret, ähli ýeri garaňkylyk gaplap alyp, bahym hiç zat görünmez. Olar derrew gitmeli — diýdi.

Aleksandr bilen Feliks atlanyp, ýola düşdi. Agata olary gözi bilen ugratdy.

— Ýoluň ugry adamdan doly, şeýle-de bolsa, gyssanalyň, meniň paýtunym taýyn dur — diýip, Festus bilen Petrus Bassusyň golundan tutup, paýtuna münmäge kömek etdi.

Restina Agata garap:

— Indi agyňy bes et. Häzir şu ýerden wagtynda ugramasak, näçe aglasaňam peýdasy degmez. Şonuň üçinem tizleş — diýip, ony gyssady.

— Ony gününe goý-da, gowusy, beýleki hyzmatkärleň aladasyny et, sebäbi olar gaçyp gitdi — diýip, Petrus gygyrdy.

— Meniň bilen beýle gürleşme — diýip, Restina batly gygyranda, olaryň öňüne ullakan daş gaçdy. Restina gorkusyna derrew paýtuna mündi. Onuň yzy bilen bolsa Agata girdi. Festus seresaplylyk bilen atlary gyssap ugrady, ýöne ýokardan ýagýan daşlar zerarly ýöremek kynlaşdy. Asmandan ýagýan daşlar atlara-da degýärdi, olar bolsa tisginip ürkýärdi. Adamlar topar-topar bolup, eýläk-beýläk ylgaýardy. Käbirleri çagalaryny ýitirip şonuň gözleginde bolsa, başga birleri tutuş maşgalasyny gözleýärdi. Dag tarapdan güňleç ses eşidilýärdi. Asmany ak tüsse gurşap, daş-töwerek ýuwaş-ýuwaşdan garaňkyraýardy. Olar şäheriň derwezesine golaýlanda adamlardyr paýtunlardan ýaňa geçer ýaly bolmady. Hemmeler şähere girip, deňziň üsti bilen gaçyp gitmegiň gamyndady. Birnäçe wagt geçenden soň, olar Gerkulanum şäheriniň demirgazyk derwezesine golaýladylar. Bu ýerde-de adamlardan ýaňa geçer ýaly däldi. Festus adamlary atlary bilen itip, ýoluny arçaýardy. Çagalardyr aýallar gorkudan ýaňa aglaýardy, erkekler gygyryşýardy, itler bolsa üýrüşip, eýläk-beýläk elewreýärdiler.

— Entegem hudaýlar kömek etdi — diýip, Restina uludan demini aldy.

Olar ahyry derwezeden girdiler. Şäheriň içi hem daşyndan gowy däldi. Festus başardygyndan adamlary itişdirip ýoluny arçasa-da, paýtunlaryň derdinden geçer ýaly däldi. Bassus Petrusyň dyzyna kellesini goýup, gözlerini ýumup ýatyrdy. Tüssäniň derdinden şäherde hiç zat görnenokdy. Daş-töwerek çagalardyr aýallaryň sesinden ýaňa alagohdy. Petrus Agata bakyp şeýle diýdi:

— Bu gaty elhenç pursat. Agata, sen dogry aýdypsyň, şeýle boljagyny öňünden görüpsiň. Hudaýlaryň Pompeýiň ilatyny jezalandyrmak isleýäni hakykat. Biziň üçin dileg et, Agata. Belki, hudaýlar seni diňlär. Bu biziň iň soňky umydymyz.

VIII bölüm
Deňiz beginiňkide

Aleksandr bilen Feliks Gerkulanumyň içi bilen atlaryny çapyp barýardy. Howa örän yssy bolup, daş-töwerek diýseň garaňkydy, çünki Wezuwiý wulkany şäheriň alkymynda ýerleşýärdi. Deňze tarap barýan adamlaryň derdinden ýaňa geçer ýaly däldi.

— Men gysga ýoly bilýän. Feliks, yzyma düş — diýip, Aleksandr aýtdy.

Birsalymdan deňziň sesi gelip ugrady. Deňziň tolkunlary kenara gelip urulýardy we asmandan ýagýan daşlar deňziň içine gaçýardy. Ýigitler daga tarap seretdiler. Ak tüssäniň derdinden ol görnenokdy. Gün şöhlesi ýuwaş-ýuwaşdan ýitirim bolup başlady. Olar ýoluny dowam etdiler. Atlar ýadapdy we gitdigiçe badyny haýalladýardy. Ýuwaş-ýuwaşdan töwerek ýagtylyp ugrady, ýöne asmandaky tüsseler heniz gaýyp bolanokdy, uzaklaşandyklary üçin patlawugyň sesi kiparlapdy.

— Aleksandr, patlawuk ýatdy öýdýän.

— Aý, ýok. Asmana seret, heniz ak tüsse bar. Biz ýöne şemal günortadan öwsenligi sebäpli, Güni görýäs. Tüssäň soňy bilen bu ýere-de geljegine şek-şübhe ýok.

Olar ýoluny dowam etdiler. Gerkulanumdan gelen bosgunlaryň yzy üzülenokdy. Adamlar örän ýadawdy, ysgynsyzdy. Bärde ýaşaýan oba adamlary olara geň galyp seredýärdi we sorag berýärdiler.

— Gerkulanumda näme bolýar?

— Ahyrzaman gopýar.

— Bu adam serhoş öýdýan — diýip, adamlar oňa üns bermedi.

Aleksandr bu gürrüňi diňläp durdy. Ol:

— Adamlar, bu ýerden gaçyň. Häzir şemal günortadan öwüsýär, şonuň üçinem siziň zatdan habaryňyz ýok. Ýöne o taýda bolýan elhençlikler soňy bilen bu ýere-de ýeter. Şäherde bolýan zatlar bärde bildirmeýänem bolsa, bu ýeri siziň üçin howpsuz däl.

— Ýigit, sen akylyňdan azaşypsyň öýdýän? «Adamlar ujypsyzja tüsseden gaçýar» diýip näme, bizem öz ýerlerimizi, jaýlarymyzy taşlap gaçyp gitmelimi?

— Aleksandr, biderek wagtyňy ýitirme, olar, barybir, bizi diňlemez. Ýör, ýolumyzy dowam edeli.

Biraz wagtdan Feliksiň aty ýadap, ýöremesini goýdy.

— Atyma bir zad-a boldy. Ol agsaklaýan ýaly.

Aleksandr atyň aýagyna seredip, ony ýiti daş gyýanyny gördi. Indi bu at bilen ýoly dowam edip boljak däldi.

— Atyň aýagyna şikes ýetipdir, şonuň üçinem meň atym bilen oňmaly bolarys. Hany, yzyma mün!

Şeýdip Feliks bilen Aleksandr artlaşyp gitmeli boldy. Üstüne iki adam münensoň hemem ýadaw bolansoň at janawar ýuwaşja ýöreýärdi. Ýigitler Neapola golaýlaşdylar. Atyň mundan aňryk çydamajagyna gözi ýeten Aleksandr:

— At dynjyny alar ýaly mundan aňryk pyýada gitmeli bolarys — diýdi.

Olar ahyry Mizenuma ýetdiler. Ýigitler derwezäniň agzynda duran sakçylara deňiz beginiň ýanyna ýörite habar bilen gelendigini aýtdylar. Şeýle-de bolsa, sakçylar Aleksandr bilen Feliksi içerik salmadylar. Feliks Restinanyň hatyny jübüsinden çykardy-da, sakçylara görkezdi. Olar hatyň ýüzündäki möhüri tanadylar.

— Biz Pompeýden geldik. Bu hat jenap Gaýus Plinusa dosty Restinadan. Şäherde galmak örän howply, şol sebäpli hanymymyz deňiz beginden kömek soraýar — diýip, Feliks ýagdaýy düşündirdi.

— Yzyma düşüň, özem çaltrak boluň — diýip, sakçylar olary içerik goýberdi.

Aleksandr bilen Feliks gidip baryşlaryna köşgi synlaýardylar. Köşgüň eýwanlary diýseň uludy, otaglar bolsa sanardan köpdi.

— Deňiz begi nirede? — diýip, sakçy otagyň içindäki hyzmatkärden sorady.

— Ol eýwanda Wezuwiý patlawugyny synlap otyr.

Ýigitler sakçynyň yzyna düşüp, eýwana ýöneldiler. Bu ýerde bir gartaşan erkek kişi deňzi synlap duran eken. Wezuwiý patlawugy öňkülerinden haýbatly görünýärdi. Ak ümürler hasam köpelip, dagyň çar tarapyny gurşap alypdy. Deňiz begi oturgyçda oturan ýigide bakyp:

— Pliniý, aýdyşym ýaly ýaz. Asmandaky bulutlar öňkülerinden has köpelip, ak ümürler dagdyr daş-töweregi gurşap aldy.

— Jenap, size iki sany ýigit hat getiripdir — diýip, sakçy onuň sözüni böldi.

— Häzir hat okamana wagtym ýok. Biz has wajyp zatlar bilen meşgullanyp otyrys. Geljekki nesillerimiz biler ýaly biz ähli zady ýazmaly.

— Jenap, biz bu ýere gyssanmaç geldik. Bu hat pompeýli hanym Restinadan. Pompeýiň we Gerkulanumyň adamlary howp astynda. Bize siziň kömegiňiz gerek — diýip, Feliks söze goşulandan soň, Gaýus Plinus olara tarap öwrüldi.

— Eý, hudaýlar, Pompeýden geldik diýýäňizmi? Siziň sypatyňyz basga düşen adamlaryňkydan gowy däl.

— Hawa, jenap, häzir Pompeýde galmak örän howply. Daş-töwerekde hiç zat görnenok, ak ümür ähli ýeri, hatda Günüň öňüni hem tutdy. Asmandan gyzgyn daşlar ýagyp, adamlaryň, haýwanlaryň tenine şikes ýetirýär. Şol sebäpli adamlar deňze gaçýar ýa-da öýlerinde gizlenýär. Haýyş edýän jenap, biziň hatymyzy okaň — diýip, Aleksandr haty uzatdy.

Gaýus Plinus Aleksandryň elinden haty aldy-da, oturgyçdaky ýaş ýigide ýüzlendi:

— Pliniý, şu günlükçe ýazgyny bes edeli-de, Restinanyň hatyny okaly.

Oturgyçda oturan ýaş ýigit elindäki syýany goýup, oňa tarap golaýlaşdy. Gaýus Plinus Aleksandr bilen Felikse bakyp:

— Gaýus Plinus Sesilýus meniň ýegenim. Meň oň adyny gysgaldyp Pliniý diýip tutýan. Haty getirip oňarypsyňyz, galan işi bize goýuň — diýdi.

— Ýöne bize kömek edersiň gerek? — diýip, Feliks sorady.

— Elbetde, kömek ederin. Pompeýde ençeme rimli we hyzmatkär ýaşaýar. Men bahym Gerkulanuma gämilerimi elterin.

— Biz Rimiň raýaty bolmasagam gitsek bolarmy? Meniň gyz doganym…

— Men artykmaç adam alyp bilmen. Özüňiz pikir edip görüň, men soň yzyma-da dolanmaly.

Soňra ýigitleriň ýadaw ýüzlerine seretdi-de:

— Ýeri, bolýar, erkin adamlary ýanyma alyp bilerin. Bu meniň iň gowy edip biljek ýagşylygym. Indi bolsa iýip-içip biraz dynjyňyzy alyň. Meň ýeke özüm galasym gelýär.

Hyzmatkärler Aleksandr bilen Feliksi aşhana alyp gidip, iýip-içer ýaly zatlar hödürlediler.

Olar gidensoň Pliniý Gaýusa ýüzlenip:

— Daýy, seresap bol. Deňizde harasat gopýar. Tolkunlaryň derdinden ne Gerkulanum, ne-de Pompeý görünýär. Sen nädip şonça adamy halas edip biljek?

— Men nädip gol gowşuryp oturyp bilerin? Eger Rimiň müňlerçe ilatyny ajalyň eline bersem, Rimiň hökümeti maňa näme diýer? Men olary hökman goraýmaly.

Soňra Wezuwiý patlawugyna seredip, sözüni dowam etdi:

— Asmandaky ak ümürler öňküsindenem köpelýär. Bu ýerde galmak örän howply. Sen ir säher demirgazykdaky ýol bilen Rime ugra. Hökümdara bu ýerde nämeleriň bolýanyny aýt. Biz bolsa Wezuwiý patlawugy ýa-da hudaýlar soňumyza çykýança adamlara kömek etjek bolaly.

— Ýok, daýy, men bärde galyp, gelýänçäň garaşjak.

— Maňa gulak as, meň yzyma gelmezligim ahmal. Eger şeýle bolaýanda-da, zyýany ýok, men garry adam. Emma sen ýaş, geljegiň öňüňde. Sen gören zatlaryň barada nesillerimize ýazmaly bolarsyň. Şoň üçinem ýola taýynlyk gör.

Bir ýarym sagat geçenden soň hyzmatkär ýigit aşhanada oturan Felikse gämileriň taýyndygyny we jenap Gaýusyň oňa garaşýandygyny aýtdy. Aleksandr uklany üçin Feliks ony oýarmady. Ol hyzmatkäre ýüzlenip:

— Eger dostum ukudan oýanaýsa, oňa gyzy tapjagymy aýt. Ol düşüner — diýdi.

Tiz wagtdan Feliks Mizenumyň portuna geldi. Olar gämileriň ýelkenlerini galdyryp, arka tarapdan öwüsýän ýeliň kömegi bilen ýola rowana boldular. Hyzmatkärler gäminiň çalt ýüzmegi üçin arman-ýadaman kürekleýärdiler. Olar Gerkulanuma ýetenlerinde, daş-töweregi garaňkylyk gurşap alypdy. Deňziň tolkuny güýjäp, gitdigiçe harasat gopýardy. Gämini porta golaýlaşdyrmak howpludy, sebäbi deňizde äpet gaýalar bardy. Deňizdäkiler adamlaryň sesini eşidýänem bolsa, porty görüp bilenokdy. Ak ümür ähli ýeri gurşap alypdy. Munuň üstesine, ýumurtganyň ysyna meňzeş ýakymsyz ysam ýaýrap başlapdy.

— Gämä bir zat bolmanka yzyna öwrüň — diýip, Gaýus deňizçilere howsalalyk bilen buýurdy.

— Ýok, beýtmäň — diýip, Feliks gygyrdy.

— Bagyşla, ýigit, ýöne indi olar üçin edip biljek zadym ýok. Biz özümizi goramaly.

Günortadan öwüsýän şemalyň kömegi bilen gämini yzyna öwürdiler. Kenardan adamlaryň ahy-nalasy eşidilýärdi. Feliks Agata bilen öz ýanyndan gussaly ýagdaýda hoşlaşdy hemem gaýdyp ol gyzy görüp bilmejegini boýnuna aldy. Birden dag tarapdan ot ýagyp ugrady. Ol edil ýylan ýaly towlanyp, ýere tarap okdurylýardy.

— Batlyrak kürekläň — diýip, Gaýus gygyrdy.

Ýylana meňzeş otlar deňze düşüp, olardan täsin ses çykýardy. Gerkulanumdan uzaklaşdygyňça şäher gyzyl reňke boýalýardy. Güýçli öwüsýän şemalyň kömegi bilen Gaýus gämini tiz wagtdan Gerkulanumdan uzaklaşdyrdy. Gämi uzaklaşansoň Gaýus:

— Eý, hudaýlar, özüňiz kömek ediň. Şeýdip olaryň ählisi ölmeli bolarmyka? — diýip pyşyrdady.

Kenardan gelýän ahy-nala henizem Feliksiň gulagynda ýaňlanyp durdy.

IX bölüm
Gaýykda

Şol gün öýlänler Festus, Restina, Agata, Bassus hemem Petrus kynlyk bilen Gerkulanumyň portuna bardylar.

— Derrew paýtundan düşüň. Men gämiň ugruna çykaýyn — diýip, Festus aýtdy.

Restina bilen Agata paýtundan düşdi, Petrus bolsa Bassus bilen paýtunyň içinde galdy. Deňizdäki gämileriň üsti adamdan doludy.

— Yzymyza, paýtuna müneli, Agata, daşynda dursak üstümize daş gaçyp ýaralamagy ahmal — diýip, Restina Agatany gyssady-da, paýtunyň içine girdi.

Agata ýoluň ortasynda gözlerini ýumup, doňan ýaly bolup durdy. Tiz wagtdan Festus yzyna dolanyp geldi we Restina bakyp:

— Ýagdaýlar gowy däl. Bu ýerde hiç hili gämi ýok. Ýogsa-da, bu gyz näme üçin beýdip dur? Ol näme akylyndan azaşdymy? — diýip sorady.

— Ol geljegi gören wagty şunuň ýaly ýagdaýa düşýär, biz ony oýaryp bilmeris — diýip, Restina aýtdy.

Şol wagt Agata täsin sesi bilen gürläp başlady:

— Men häzir kiçijik gämide. Onuň kümüşsöw reňki bar. Hudaýlar maňa şoňa münmegi aýdýar.

— Hany, duruň. Tas unudan ekenim. Biz her tomus şol gämide dynç almaga gidýärdik. Gämi bagymdaky gowagyň içinde bolmaly. Bu barada diňe hyzmatkärlem bilýär, ýöne olar bireýýäm gaçyp giden bolmaly — diýip, Festus gämisini ýadyna saldy.

Restina paýtunyň gapysyny açdy-da:

— Tizräk bol, Petrus. Biz Festusyň öýüne baryp, gämini alyp gaýtmaly hemem deňiz begiňkä beýlekilerden öň barmaly — diýip, Restina Petrusy gyssady.

Petrus paýtundan Bassusy çykardy. Ol zordan gymyldaýardy.

— Kaka, azajyk gaýrat et — diýip, Petrus oňa ýöremäge kömek etjek boldy.

— Bagyşla oglum, meň dyzlaryma bir zad-a boldy. Olary duýamok.

Restina igençli nazaryny Bassusa dikip:

— Bütin ömrüňi şerbet içip, selpäp ýörseň, şondan gowy güne düşesiň ýok. Biz çaltrak Festusyň gämisini tapmaly. Şonuň üçinem ony bärde goýup gitmeli bolarys — diýdi.

— Gidesiň gelse özüň gidiber. Men kakam bilen galjak — diýip, Petrus aýtdy.

Agata hem Petrus bilen galýanyny aýtdy. Festus bilen Restina asmandan gaçýan daşlardan goranyp, gyssanmaç ýola düşdüler. Petrus Agata olar bilen gitmegi tabşyrdy, ýöne ol hiç zat gürlemän gymyldaman durdy. Petrus täzeden Agata ýüzlendi:

— Agata, deňiz begi Gaýus Plinus bärik öz gämileri bilen gelip bizi halas eder, şonuň üçinem sen gidiber. Eger muň soňy erbetlik bilen gutaraýsa, haýyş edýän, Felikse meň Flawiýany söýýändigimi aýt. Ol muňa düşüner. Indi bolsa olaň yzyndan ýet.

Agata gözi ýaşly halda Petrus bilen hoşlaşdy-da, ýola düşdi. Ol Restina bilen Festusyň yzyndan ýetmäge çalyşdy, ýöne aýagy ýaraly bolany üçin kyn düşýärdi. Ol yzyna öwrülip, kenary synlady. Adamlar nirädir bir ýerlere ylgap, bir-birlerini itýärdi. Şol adamlaryň arasynda diňe iki sany erkek kişi parahat otyrdy. Olar diýseň bagtly görünýärdi.

Aýagy agyrýanam bolsa, tiz wagtdan Agata Restinadyr Festusyň yzyndan ýetdi. Restina Agatanyň gelýänini görüp:

— Senem biziň bilen gitmek isleýäňmi? Oň ýaly bolsa tizräk yzymyza düş — diýdi.

Ýarym sagatdan olar Festusyň öýüne ýetip, gowakdaky gaýygy tapdylar. Öýde hiç kim ýokdy, şol sebäpli olar Agatany iýer-içer ýaly zat almaga ugratdylar. Haçan-da, Agata yzyna dolanyp gelende, onuň ýüzi gorkudan ýaňa ak esgi ýaly boldy. Restina bilen Festus gaýygy kenara getiripdir. Kenardaky adamlar bolsa gaýygy görüp, oňa bakan okdurylýardy. Restina aljyraňňy ýagdaýda şeýle diýdi:

— Haýal etmän adamlardan uzaklaşmaly.

Agata bilen Festus gaýygy küreklemäge başlady. Gaýyk haýallyk bilen herekete geldi. Muny gören Restina Festusyň üstüne gygyrdy:

— Çaltrak kürekle, kemakyl!

— Maňa beý diýme.

— Meň bilen beýle gürleşer ýaly sen kim?

Festusyň gahary geldi, ol küreginiň sapy bilen ony suwa itip goýberdi. Restina deňze ýykyldy. Agata Restinanyň ýuwaş-ýuwaşdan deňze çümýänini görüp, hanymyna kömek etjek boldy, ýöne tolkunlar Restinany uzaga alyp gitdi.

— Oňa üns berme, ol ýüzüp bilýär, eýder-beýder kenara çykar. Ýolumyzy dowam edeli — diýip, Festus aýtdy.

Howa diýseň yssydy. Asmandan inýän daşyň yzy üzülenokdy. Ak ümür bolsa öňküsi ýaly ähli ýeri gurşap alypdy. Adamlar howanyň gyzgynyna çydap bilmän, özlerini deňze oklaýardylar. Gaýyk şemalyň ugruna günorta tarap barýardy, entek kenardan uzaklaşmansoň, daş-töwerek adamdan doludy. Birden bir nätanyş erkek kişi Festusyň küreginden tutup, gaýyga münjek boldy. Festus ony küregi bilen itjek boldy, ýöne nätanyş ondan güýçli geldi. Ol Festusyň küreginden çekip, ony deňze ýykdy. Şeýdip gaýygyň üstünde Agatanyň ýeke özi galdy. Ol örän ýadapdy hemem lapykeç görünýärdi, küreklemäne mejaly ýokdy. Ol gaýygyň düýbüne kellesini goýdy-da, gözlerini ýumup:

— Indi maňa diňe hudaýlar kömek edip biler — diýdi.

***

Gaýus Plinusyň gämileri Stabiýa gaýdyp gelende, Wezuwiý patlawugyndan çykýan otdyr ümürler bu ýerlere hem aralaşyp başlapdy. Gaýus dostunyňka gitjekdigini aýdyp, deňizçilere şeýle diýdi:

— Ertir irden Stabiýanyň adamlaryny halas etmäge gideris. Şonuň üçinem dynjyňyzy alyň, aýratynam, sen, Feliks.

— Ýagşy. Sag boluň, jenap.

Feliks agyr oýa batyp, Plinus gözden ýitirim bolýança yzyndan seredip durdy. Ol nädip dynjyny alsyn? Agata bilen Petrus, şolar birlikde özi hem howp astynda. Şol pursat deňizçileriň biri daşyna çykyp:

— Ýigit, içerik gir. Asmandan inýän daşlar awundyraýmasyn — diýdi.

Feliks deňizçiň yzyna düşüp, ýatylýan otaga bardy-da, başyny ýassyga goýup, dessine uka gitdi.

Ir bilen Gaýus Plinus geldi. Ol gyzgyn howanyň derdinden erbet üsgürýärdi. Adamlar gämä münmek üçin kenarda garaşyp durdy, sebäbi olara deňiz begi gelmese, gämä münmegi gadagan edipdiler. Plinus deňze seretdi. Daş-töwerek garaňkydy, deňizde henizem harasat gopýardy. Patlawukdan çykýan ýakymsyz ys ähli ýeri tutup, dem almak kynlaşypdy. Deňiz begi kenardaky adamlara gämilere sygan adamy alyp gitjekdigini aýtmak isledi. Ýöne şol pursat özünden gidip ýykyldy. Deňizçiler oňa galmaga kömek etdiler. Ol zordan çykýan sesi bilen:

— Men dem alyp bilemok. Ajal guşy depämde pelpelleýär. Ýöne siz, deňizçiler, adamlary goramalysyňyz. Hiç wagt öz borjuňyzy ýatdan çykarmaň — diýip, Wezuwiý patlawugyna soňky gezek seredip gözlerini ýumdy.

Feliks dört sagat geçenden soň ukudan oýandy. Ak ümür henizem howada gaýmalaýardy we gündizligine garamazdan, daş-töweregi garaňkylyk gurşap alypdy. Birnäçe adama Stabiýanyň kenaryndan gaçmak başartdy. Feliks daş-töweregine göz aýlady hemem kenarda birnäçe adamyň ýykylyp ýatanyny, birnäçesiniň bolsa aýlanyp ýörenini gördi. Olar çykgynsyz ýagdaýa düşen näumyt adamlar bolsa gerek. Birden onuň göz öňüne Agatanyň gözi ýaşly keşbi geldi. Ol gowy görýän adamlarynyň ölüp, diňe özüniň diri galanyna ahmyr etdi. Agyr oýa batyp duran Feliksi deňizçileriň biri oýardy.

— Saňa näme bolýar? Biziňki şowuna, biz diri galdyk. Ýöne, gynansagam, Gaýus Plinus aradan çykdy.

Deňizçileriň biri deňizde kiçijik gaýygyň görünýändigini habar berdi. Çalaja ýöreýän gaýyk uly gämileriň golaýyna ýetdi. Onuň içinde näme bardygyny ümür zerarly aňşyrmak kyndy.

X bölüm
Rime dolanyş

Birnäçe adam gaýygyň içini barlamak üçin golaýyna bardy. Feliks gämä parhsyz garap durdy. Iki sany deňizçi gäminiň içine seredip:

— Bärde bir ýaş gyz bar — diýip gygyrdylar-da, gyzy özleri bilen alyp gaýtdylar.

Feliks gyzyň uzyn, melewşe saçlaryny görüp, öz ýanyndan ony Agata meňzetdi. Deňizçiler Agatany alyp gelenlerinde, Feliks olara tarap okdurylyp:

— Agata! — diýip gygyrdy.

Agatanyň ýüzi duw-akdy, gözleri ýumukdy. Feliks deňizçiden:

— Oň jany barmy? — diýip sorady.

— Hawa, ýöne lukmanyň kömegi gerek.

Agatany lukmanyň ýanyna alyp bardylar. Lukman Agatanyň dodaklaryna azajykdan suw damdyrdy. Agata suwy owurtlap, ýuwaşlyk bilen gözlerini açdy hemem Feliksi görüp, bir zatlar diýmek isledi, ýöne sesi çykmady. Lukman:

— Hiç zat gürleme, gyzym. Arkaýyn bol, howpdan halas bolduň — diýdi.

Feliks Agatanyň golundan tutdy, şondan soň ol gözlerini ýumup uka gitdi. Lukman Felikse köpräk suw bermegi tabşyryp, öz işi bilen çykyp gitdi.

Deňizçiler adamlary halas etmek üçin Wezuwiý patlawugyndyn uzagraga, ýagny imperiýanyň başga künjegine gitmegi karar etdiler.

Şol gün öýlän Agata özüne geldi, indi onuň gürlemäge ragbaty bardy. Ol ýanyndakylara Pompeýde we Gerkulanumda nämeleriň bolandygyny gürrüň berdi. Feliks Pompeýde aradan çykan adamlaryň arasynda Bassus bilen Petrusyňam bardygyny bilip, gynanç bilen içini çekdi.

Gämiler uly bir adanyň golaýynda saklandy hemem bu ýerden Rime habar ýollanyldy. Agata bilen Feliks Mizenumda galan Aleksandryň aladasyny edýärdi. Olar onuň yzyndan gitmek isledi, ýöne hiç bir deňizçi Wezuwiý patlawugynyň töweregine barasy gelmedi. Feliks Agata garap şeýle diýdi:

— Biz Rime gitmelimikäk diýýän. Onsoňam Flawiýa bilen Petrus hakynda-da habar bermeli. Belki, Spirius Aleksandry tapmaga ýardam eder. Eger goş birikdirmegimize garşy bolmasaň, Rime gitmekden gowy çykalga ýokmuka diýýän.

Agata Feliksiň aýdan sözlerine çalaja ýylgyryp:

— Patlawuk sebäpli enteg-ä pikirimi üýtgedemok — diýip jogap berdi.

Ýaş juwanlar ähli kynçylygy erbet düýş ýaly Pompeýde galdyryp, täze durmuşa uly umyt bilen garadylar.

***

Iki gün geçenden soň olar Spiriusyň öýüne geldiler. Feliks eýwandan ýöräp barýarka Spiriusyň otagynda Aleksandryň bardygyny gördi. Aleksandr Spiriusdan:

— Siziň pikiriňizçe, Feliks bilen gyz doganym nirede bolup biler? — diýip sorady.

— Eger olar diri bolsa, islendik ýerde bolmagy ähtimal.

Feliks Aleksandry mundan artyk tolgundyrmak islemedi, şol sebäpli pessaýja sesi bilen:

— Aleksandr, men bärde — diýip gapydan girdi.

— Feliks! Hudaýlara şöhrat bolsun! Agata nirede?

— Ol daşynda dur.

Aleksandr derrew daşyna çykdy. Otagda Spirius bilen Feliks ikiçäk galdy. Spirius söze başlady:

— Feliks, seni görenime örän şat. Kassiýa-da begener diýip umyt edýän. Biziň ikimizem bolan düşünişmezlikler sebäpli senden ötünç soraýas. Siz gideniňizden soň Flawiýa ähli zady gürrüň berdi.

— Zyýany ýok, ussam. Indi bu zatlaň ähmiýeti ýok. Aýtsaňyzlaň, Aleksandr bärik nädip düşdi?

— Ol men barada gürrüň bereňde adymy belläpdir hemem gyz doganyny alyp bu ýere gelersiň öýdüpdir. Ol bärik gelýärkä Plinileň maşgalasyna duşupdyr, soňra şolaň salgy bermegi bilen bärini tapypdyr.

— Olara nädip Mizenumdan gaýtmak başartdyka?

— Olar siziň yz ýanyňyz gaýdypdyr. Pliniý bolup geçen zatlar barada ýazmak isleýär — diýip, Feliksiň arka tarapynda duran Kassiýa jogap berdi. Soňra Felikse bakyp sözüni dowam etdi:

— Saňa nädip ol ýerden halas bolmak başartdy?

Kassiýanyň soragynyň gutarmajagyna gözi ýeten Spirius oňa şeýle diýdi:

— Kassiýa, Feliks seniň tükeniksiz soraglaryňa jogap bermezden ozal, biraz iýip-içse gowy bormuka diýýän.

Kassiýa ýylgyryp:

— Bagyşla, Feliks, men häzir iýer-içer ýaly zat getirmeklerini tabşyraýyn — diýdi.

Haçan-da Flawiýa dükandan gaýdyp gelende Agata ony baga çagyryp, Petrus hakynda ähli zady jikme-jik gürrüň berdi. Şondan soň ol öz otagyna girip, birnäçe günläp daşaryk çykmady we hiç kim bilen gürleşmedi. Soňra kem-kemden özüne gelip, Agatanyň iň gowy joralaryň birine öwrüldi.

Güýz aýy Feliks bilen Agata durmuş gurdy. Feliks öňküleri ýaly Spirius bilen işleýärdi, ol Aleksandra-da mozaika ýasamagy öwretdi. Şondan soň ol hem mozaika ýasaýan ussalaryň biri boldy. Üç ýyl geçenden soň Agata bilen Feliksiň iki sany perzendi dünýä indi. Feliks Rimde iň oňat mozaikaçy ussa hökmünde meşhur boldy. Spirius garranlygy sebäpli işini bes etdi we gazanjynyň ýaryny hemem ussahanasyny Felikse bagyş etdi. Şondan soň Flawiýa ýygy-ýygydan ussahana, Agatanyň ýanyna gelerdi we oňa çagasyna seretmäge kömek ederdi. Agata Flawiýa bilen

Aleksandryň wagtlaryny ikiçäk geçirýändiklerine üns berdi.

Bir gün Feliks müşderisi bilen gürleşmek üçin ussahananyň daşyna çykan wagty gapydan Flawiýa girdi. Onuň ýüzünden örän tolgunýandygy görünýärdi.

— Imperator Pompeýiň we Gerkulanumyň heläk bolan adamlarynyň hatyrasyna mozaika ýasatmak isleýär. Hemmeler onuň bu tabşyrygy Felikse ynanjakdygy hakynda gürrüň edýär. Mozaika Rimdäki iň owadan köşkleriň birinde şekillendirilmeli. Nähili pikir edýäň, Aleksandr, Feliks bu tabşyrygy ýerine ýetirermikä?

— Anyk bir zat aýdyp biljek däl. Biziň hiç birimiz bu barada gürrüň etmek islämizok, sebäbi men Pompeýdäki bolan elhenç wakalardan soň, agşamlaryna ibaly ýatyp bilemok — diýip, Aleksandr aýtdy.

— Meň pikirimçe, Petrus ýaly heläk bolan adamlaryň hatyrasy üçin Feliks bu tabşyrygy boýnuna alarmyka diýýän — diýip, Agata söze goşuldy.

Flawiýanyň ýüzi agaryp gitdi.

— Men bu barada oýlanmandyryn — diýip, ol özüni aşak goýberdi.

Aleksandr gynanç bilen oňa seretdi. Agata suw alyp gelmek bahanasy bilen daşyna çykdy hemem içeri girmekçi bolýan adamsyna garap:

— Ýör, çagalar bilen azajyk gezelenç edeli. Aleksandr bilen Flawiýanyň ikiçäk gürrüňi bar — diýdi.

— Olar nämäň gürrüňini etmek isleýär? — diýip, Feliks sorady.

— Olar ikiçäk gürleşmek isleýär, şonuň üçinem biraz daşarda gezelenç edeli — diýip, adamsynyň düşünmeýänligini görüp Agata ýylgyrdy.

Goşmaça maglumat:

Italiýanyň Kompaniýa welaýatynda ýerleşýän Pompeý şäheri b. e. öňki VII asyrda gurlupdyr. Şäheriň irki taryhy barada maglumatlar az, ýöne ol Rim imperiýasynyň ösen şäherleriniň biri bolandygy baradaky maglumatlar ýazuw çeşmelerinde bar. B. e. 79-njy ýylynda Wezuwiý diýlip atlandyrylan patlawugyň atylmagy bilen şäher doly derejede weýran bolýar we birnäçe asyrlap bu ýerde ýaşaýyş bolmaýar. Tebigy betbagtçylygyň bolanlygy hakynda Kiçi Gaý Pliniýniň galdyran ýazuw kitaby gürrüň berýär. Tebigy betbagtçylyga Pompeýden başga Gerkulanum, Stabiýa şäherleri hem sezewar bolupdyr. Soňky ýyllar geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, arheologlara patlawuk ergininiň aşagynda galan adamlaryň we haýwanlaryň şekillerini tapmak başartdy. Bu tapyndylaryň alymlar tarapyndan gipslenip, abatlaýyş işleri geçirildi. Häzirki wagtda Pompeý we Gerkulanum şäherleri arheologlar tarapyndan üsti açylan açyk asmanyň astyndaky muzeýdir. Ol dünýäniň ençeme syýahatçysynyň üns merkezinde.

Ter­ji­me eden Ma­ýa­gö­zel MOM­MA­LY­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky TDU-nyň ta­ly­by
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle