Wenesiýa (He­ka­ýa)

Wenesiýa (He­ka­ýa)

Olga Sawelýewa,
rus ýazyjysy

Men durmuş islendik pursatda gowulyga tarap üýtgäp biler diýen pikir bilen ýaşaýaryn. Maňa şeýdip ýaşamak aňsat. Men elmydama diňe gowy habarlara garaşýaryn, olary özüme çekýärin. Eger erbetlik ýüze çykaýanda-da, muny gowulyga tarap basgançak diýip düşünýärin. Bu pikirimi töweregimdäkilere-de ýokuşdyrmak isleýärin.

Ine, şu wagt men dükana sowuldym. Nobatda öňümde bir aýal gyzjagazy bilen dur. Gyzjagaz bäş ýaşlarynda. Ol:

— Eje, harytlary men hatara goýsam bolýarmy? — diýip soraýar. Onuň ejesine kömekleşesi gelýär.

Ejesi örän gaharly görünýär. Ahmal bir ýere howlugýandyr, belki, ukusyny alyp bilen däldir, garaz:

— Bol, onda çaltrak — diýip, biperwaý jogap berýär.

Gyzjagaz howlukmaçlyk bilen derrew iýmitleri arabadan çykaryp, hatara goýup başlady. Ejeň saňa şolar ýaly uly zady ynandymy, diýmek, tamany ödemeli. Birdenem içi daryly gap ýere gaçdy-da ýyrtyldy. Içindäki dökülmedi diýen ýaly, ýöne kagyz halta welin ýyrtyldy. Gyzjagaz gorkudan ýaňa doňup galdy. Haý, edeniň bar bol-a!

— Ine-dä — diýip, ejesi janyýangynly seslendi. — Şeýtjegiňi bilýädimem-le! Bir zat ynansaňam şeýle-dä. Emelsiz diýsänim. Hemişe şeýl-ä sen. Indi täzesini almaly bolduk.

Gyzjagaz sessiz aglap başlady. Onuň indi hiç zady ýerleşdiresi gelenokdy. «Ol — emelsiz». Ejesi şeýle diýdi.

— Getiriň, kän zat dökülme-dä, ony başga kagyz halta salyp bereýin welin, şony alyp gidersiňiz. Ýyrtan özüňiz-ä — diýip, kassir ara goşuldy.

— Biz ýyrtamzok, gaçyrdyk. Onuň özi ýyrtyldy. Maňa abat gaply dary gerek — diýip, gyzjagazyň ejesi gaharly gürledi.

Ol galan harytlaryny satyjynyň öňünde özi düzüp goýdy-da, nobatda duranlaryň närazylygyna seretmän, täzesini almaga gitdi.

— Maňa gaýrat edip kagyz halta uzatsaňyzlaň — diýip, men kassirden haýyş etdim-de, kassanyň ýanynda doňup duran gyzjagazdan dänäni çöpleşmegi haýyş etdim. Gyzjagaz çommalyp oturdy-da, ejesi dolanyp gelip, satyjy bilen hasaplaşýança maňa kömekleşdi.

— Indi bu daryny näme etmeli? Ony siziň gyzyňyz gaçyrdy ahyryn?

Gyzjagazyň ejesi dawadan gaçjak bolmady:

— Şular ýaly ýagdaý sizde günde-günaşa-da bolup dur-a. Siz kime zat öwretjek bolýaňyz? Munyňyz-a bir gap dary ekeni, ho:l duran çüýşeleriňiziň baryny döwäýemde-de, tölemek borjum däl.

— Onda munuň puluny kim tölemeli, menmi? — diýip, kassir janykdy.

Bes edäýmelidir welin, biderek ýere kejeleşip durlar-da. Şeýdip birek-biregiň gaharyny getirip durmak näme gerek diýsene?

— Eger gyzjagazyňyz zatlarymy hatara ýerleşdirmäge kömek etse, bu dänäni men alaýaryn. Bu işi ol örän oňat ýerine ýetirýän eken. Meniň elim agyryp durdy — diýenimde, gyzjagazyň ejesi ynandyryjy bakyşlarymy görüp, aňyna aýlanan ýaly bolup:

— Hawa, Lida jan, bol, daýza kömek et. Onuň eli agyrýan eken — diýdi.

Men gyzjagaz görmez ýaly, düýbünden sagat elimiň başam barmagyny ýokaryk galdyrdym. Täzeden janlanyp, meniň harytlarymy satyjynyň öňünde yhlas bilen tertipleşdirip duran Lidajygyň bir gözi ejesindedi. Men gyzjagaz eşider ýaly: «Gör, siziň nähili işeňňir gyzjagazyňyz bar eken» diýip, batly ses bilen aýtdym.

— Siz soramaň, meniň gyzym polam ýuwup bilýär, kir ýuwulýan enjamam işledip bilýär.

— Aý, goýa, tüýs gelin edinäýmeli gyz eken — diýip, olaryň ýanynda duran adam alyp göterdi.

— Men saňa böregem büküşdim-ä, eje — diýip, utanjyrap duran Lida ejesine ýatlatdy.

— O-ho, börek büküp bilýän diýsene?! Bu çaga däl-de, duranja gudrat-laý. Ine, görersiňiz, ulalansoň söz aýdýanlaryň hetdi-hasaby bolmaz. Arman, durmuş guranyma ýigrimi dört ýyl boldy, ýogsam-a.., Lida ulalýança şeýle gyzjagaza garaşardym.

Nobata duranlar gülüşdiler. Şol barmana meniň ähli zatlarym eýýäm hatara goýlupdy. Men olary derrew kagyz halta salyşdyrdym. Dükandan Lida dagy bilen bile çykdym. Lidadan: «Sen Wenesiýada bolup görüpmidiň, Lida?» diýip soradym.

— Nirede?

— Wenesiýada.

— Ýok. Men Krymda bolup gördüm.

— Bilýäňmi näme, aslynda, menem ol ýerde bolup göremok. Ýöne ol ýerde kepderilerden doly meýdanlaryň bardygy hakda okapdym. Olaryň bary eldeki diýen ýaly, adamlaryň eginlerine, kellelerine gonýarlar. Adamlaram olar bilen surata düşýärler. Göz öňüňe gelýämi?

— Gowudygyny!

— Edil şu wagt Wenesiýada bolmak isleýäňmi?

— Şu taýdamy? Edil şu wagtmy? — diýip, Lida geň galdy.

— Hawa. Şu wagt, şu ýerde. — Men oňa içi daryly gaby uzatdym.

Biz dükandan daşlaşyberenimizde gyzjagaza ýüzlenip şeýle diýdim:

— Lida, sen ýaňy daryly gaby ýere gaty içgysgynç gaçyrdyň. Onuň içindäkinem-ä pytradyp bilmediň. Bir parkyldanda içindäki dyr-pytrak bolar ýaly edip gaçyrsana şuny!

Lida ejesine seretdi, ol eýýäm bar zada düşünip ýylgyrdy-da, başyny atdy. Lida elimdäki daryly gaby aldy-da, şeýle diýdi:

— Ýere uraýaýynmy?

— Hawa, edil şu ýere!

Lida şadyýanlyk bilen daryly gaby ýere malçyldadyp goýberdi welin, içindäki edil salýut atylan ýaly pytrap gitdi. Şol barmana-da asman garaňkyrap ugrady: üçeklerden, simleriň üstünden, dumly-duşdan aç kepderiler topar-topar bolup, ok ýaly şuwlaşyp gelişlerine, haýran galyp duran Lidanyň töweregine gonup ugradylar.

— Eje, eje jan, seretsene! Olar, gör, nähili köp. Olar biziň darylarymyzy çokýarlar. Biz Wenesiýada!

Gyzjagazyň ejesi ikimiz gülüşýäris.

— Gowudygyny, köp-köp sag boluň! Siz-ä meni açdyňyz. Ýogsam bu gün meniň üçin erbet gündi.

— Erbet gün islendik pursat gowy güne öwrülip biler. Balaşiha-da bir pursatda Wenesiýa öwrülip biler.

— Hawa, men muňa düşündim — diýip, gyzjagazyň ejesi güldi. — Ol eýýäm öwrüldi. — Ol bökjekläp ýören Lidany bagryna basdy. — Men hiç kime Lidajygymyň göwnüne degdirmerin.

Gyzjagaz bolsa begenjinden ýaňa ellerini çarpýardy…

Ine, indi bu ýerde meniň zerurlygym ýok. Pytran däneleriň, aç kepderilerdir bagtly gyzjagazyň melegi ganatlaryny ýaýyp, ýoluny dowam etdirdi. Unutmaň, islendik pursatda ähli zat gowulyga tarap özgerip biler. Garaşyň! Ýa-da ony özüňiz özgerdiň!

Rus dilinden terjime eden Züleýha ALLABERDIÝEWA
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle