Watikanyñ täsin syrlary: Jynsy agzalar kolleksiýasy, hylwat otagy, aýal papa…
Watikanyñ täsin syrlary: Jynsy agzalar kolleksiýasy, hylwat otagy, aýal papa…
Rim papalygynyñ taryhy diýseñ täsin wakalar bilen doly. Taryhçylaryñ üstüni açan taryhy hakykatlary bu gün Günbatarda aç-açan aýdylýar. Aýallar, binika çagalar we hatda "zenan papa" Ioanna (Papessa Ioanna)…
Hawa, ýalñyş eşdeñzok: soñra papalyk kürsüsinde oturanlara "erkekmi urkaçy?" barlagynyñ girizilmegine sebäp bolan Ioannanyñ kyssasy.
Birem taryhçy Toni Perrottetiñ papalygyñ halk köpçüligine ýapyk otaglaryny gözi bilen görüp ýazan ýazgylary bar: pornogragiýa, spirtli içgilerden doly tekjeler, Papa Piý IX-yñ heýkelleriñ jynsy agzalaryndan toplan kolleksiýasy we 1500-nji ýyllarda hylwatly duşuşyklaryñ gurnalan Boržiýa otagy.
Geliñ, hemmämiz bilelikde taryha ýañ salan Watikan hekaýatlaryna göz gezdireliñ…
Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly papalygyñ taryhy diýseñ täsin wakalar bilen doludyr.
Syýasat bilen iş salşan, häkimiýeti ele geçirmek üçin bigünä adamlaryñ ganyny sil deý akdyran we haçly ýörişlere meçew beren papalara katolik düzgünnamasyna görä aýal-gyzlar bilen gatnaşyk saklamak gadagan edilendigine garamazdan, ogryn "söýgi" gatnaşyklary we binika dogurdan çagalary bilen taryha adyny ýazdyran papalaram bolupdyr.
Bularyñ içinde iñ gyzyklysy Watikanyñ masgaraçylygy hasap edilýän we onuñ papalyk kürsüsinde oturandygy undulmaga, hatda hristianlar tarapyndan gizlenmäge çalşylýan "zenan papa" Ioannanyñ hekaýaty bolsa gerek.
Katolik buthanasyny birnäçe asyr bäri biynjalyk edýän bu hekaýatyñ baş gahrymany Ioanna IX asyrda Germaniýanyñ Ingelhaým şäherinde ýaşaýan iñlis maşgalasynda dünýä inipdir.
Çakdanaşa zehinli gyz bolan Ioanna zenan jynsyndan bolandygy sebäpli öz ýolunyñ ýapyklygyna düşünipdir we 12 ýaşyna ýetende oglan geýmini geýip, özüni erkek ýaly alyp barmaga başlapdyr. Esasy tomaşa Ioannanyñ missionerleriñ hataryna goşulmagyndan soñra başlanýar.
Ioanna Afinyda din we filosofiýa ugrundan bilim alansoñ Rime gidip, özüni Jon Anglikus atly erkek adam hökmünde tanadýar we Benedikt manastryna girýär. Ol gysga wagtyñ içinde ruhanylary we kardinallary öz tarapyna çekmegi başarýar. Şonuñ üçinem Rim papasy Leon IV-yñ saglyk ýagdaýy peselip başlansoñ kardinallar papa kürsüsine iñ mynasyp kişi hökmünde onuñ adyny agzaýarlar.
847-nji ýylda Leon IV aradan çykýar. Buthana köpçüligine daşyndan goşulan keseki biridigine garamazdan papalyk kürsüsine Ioanna oturdylýar we ol Ioann VIII ady bilen öz wezipesini ýerine ýetirmäge başlaýar.
Taryhy çeşmeler onuñ iki ýyl bäş aý dört günläp papalyk tagtynda oturandygyny habar berýär. Üç ýyl töweregi buthanany elinde saklan Ioanna wezipesine onuñ aýaldygynyñ üsti açylmagy bilen hoşlaşmaly bolýar. Ýagny ol öz hyzmatkärleriniñ biri bilen bolan ýakyn gatnaşygyndan göwreli bolýar. Ioanna göwreliligini dokuz aýlap gizläp saklamagy başarýar, emma 855-nji ýylda "Keramatly Pýotr" buthanasynyñ daşynda geçirilen dini dabara dowam edip durka garny sanjyp başlaýar we çagasyny şol duran ýerinde dogurmaly bolýar. Netijede papa diýip tagtda oturdylan "näkesiñ" zenandygyny bilip galýarlar.
Mundan soñ Ioannanyñ başyna nämeleriñ gelendigi we nähili ölendigi barada dürli wersiýaly rowaýatlar bar. Ol ölenden soñ (käbir rowaýata görä Ioanna we dogran çagasy şol duran ýerinde öldürilipdir) çaga dogran ýerinde jaýlanypdyr.
Papalar Rimde däbe öwülen dini dessurlary ýerine ýetirýärkä hemişe edil şu ýere (Ioannanyñ gömlen ýerine) ýetende köçeden yzyna öwrülýärler, munuñ şol waka bolan ýigrenç sebäpli edilýändigine ynanylýar.
Soñra Ioannanyñ ady papalaryñ sanawyndanam pozulyp aýrylýar. Emma on ýedi ýyl geçensoñ tagta geçen we "Ioann" adyny almak islän başga bir papa özüniñ Ioann IX-dygyna garamazdan sekizinji papanyñ sanawdan aýrylandygyny we Ioannlaryñ sanawynda boşlugyñ bardygyny bildirmezligi üçin Watikanyñ masgaraçylygy hasaplanan zenan papanyñ adynyñ soñundaky sany götermäge mejbur boldy.
Watikan Ionannanyñ ýatdan çykyp gitmegi üçin elinden gelenini etdi, emma her näçe çarp urulsa-da, buthananyñ käbir agzalarynyñ bolup geçen wakalary ýazmagynyñ öñüni alyp bilmedi.
Aýal papanyñ bolup geçendigi baradaky ilkinji maglumat 1250-nji ýyllarda ruhany Žan de Malliniñ golýazmalarynda duş gelýär. Orta asyr Ýewropasynyñ ahyrlary we "Gaýtadan döreýiş" döwrüniñ dawaly wakalary barada gyzykly maglumatlary berýän Malli Ioanna wakasy barada-da inkär edip bolmajak maglumatlary ýazypdyr.
Waka hakynda 1265-nji ýylda neşir edileni bäri Ýewropada iñ köp satylan kitaplaryñ birine öwrülen Martin Opawskiniñ (1215/20-1279) "Papalaryñ we imperatorlaryñ hronikasy" («Хронику пап и императоров» / "Chronicon pontificum et imperatorum") atly kitabynda-da agzalyp geçilýär.
Italýan şahyry Žowanni Bokkaçço 1350-nji ýylda neşir edilen "Tanymal zenan hakynda hekaýat" («О знаменитых женщинах» / "De claris mulieribus") kitabyna girizip, hekaýaty gaýtadan işleýär. Şahyr kitabynda ilkinji gezek Rim papasy Jon Anglikusa (Ioann VIII) zenan adyny beripdir (Gilbert).
Kitapdan sýužetler XV asyrda fransuz buthanalarynyñ diwarlaryna çekilipdir.
Bu wakanyñ bolup geçendigine ynanýanlaryñ öñe sürýän iñ başky delili Italiýada "La Sedia Gestatoria" diýilýän gan ýokundyly kürsiniñ barlygydyr. Bu gyzyl reñkli mermer kürsi häzir Watikan muzeýinde saklanylýar.
Awstraliýaly ýazyjy we taryhçy Toni Perrottet Watikanyñ gizlin dünýäsiniñ gapylaryny açmagyñ hötdesinden geldi.
"New York Times", "London Sunday Times" ýaly gazetlerde-de makalalar bilen çykyş eden batyrgaý ýazyjy Perrottet syýahatçylara ýapyk otaglara ýörite rugsatnama bilen girip, gulply gapylaryñ añyrsyndaky gören zatlaryny ýazdy.
Perrottetiñ dilinden gürrüñ berilenler, ynha, şeýleräk:
"Watikanyñ Sent Peter Bazilikasyna ýa-da Watikan muzeýlerinden daşgary bölümlerine diñe ýörite rugsatnama bilen girilýär. Meniñ Watikan kitaphanasyna girmek üçin Nýu-Ýork uniwersitetinden ýörite alnan ýollanma hatym bardy. Kitaphana üç ýyla çeken restawrasiýa işlerinden soñ geçen ýyl gaýtadan açyldy. Kitaphana girmezden öñ giriş nokadyna geldim. Şähere girenimde "Limuzinlerden" düşýän monsenýorlary gördüm".
"Wolkswagen" awtoulagyny sürýän iki ruhany maña kän azar berenokdy. Men kitaphana girenimde Waý-faý (wi-fi) ulanyp internede girip boljagyny duýdum. Şobada noutbugymy açyp feýzbuga (facebook) girdim we mukaddes topraklara aralaşandygymy habar berdim. Bir tanşym meniñ bilen "Şol duran ýeriñde pornosaýtlara girip bilmejekdigiñe jedel edýärin!" diýip jedele girdi. Men kitaphananyñ çetki stollarynyñ birinde oturyp pornowideo tomaşa etdim. Watikan kitaphanasy 550 ýyl bäri Günbatar dünýäsinde seýrek duş gelýän taryhy maglumatlaryñ we kitaplaryñ saklanýan ýeri hasap edilýär".
"Giriş kartymy görkezip kitaphananyñ içine bir giremsoñ, meñ bilen hiç kimiñ işi ýokdy. Menem şähere gezim etmegi makul bildim. Watikanyñ poçta bölümi dünýäde adam başyna düşýän hatlary paýlamakda birinji orunda durýanam bolsa, edaranyñ içi ümsümlikdi. Dermanhanada iñ gowy parfýumeriýa we kosmetika önümleri satylýardy. Diñe supermarkete girjek bolanymda "Giriş karty gerek. Diñe Watikanda işleýänler girip bilýär" diýen duýduryş berildi. Dogrusy olaryñ nämedir bir zady bassyr-bussyr edýändigi görnüp durdy. Birnäçe gün geçensoñ ýene-de supermarkete girmäge synanyşdym. Hernä bu gezek gapynyn agzynda duran adam meni içeri saldy. Erkek we zenan ruhanylardan doly bolsa-da, söwda merkezi daşyndan göräýmäge adaty italýan supermarketi ýaly görünýärdi. Olaryñ torbalary çilimden we spirtli içgilerden doludy. Aýratynam salgytsyz getirilýändigi üçin harytlar Rimiñ başga ýerleri bilen deñeşdireniñde üç esse arzan".
"Watikan köşgüniñ içinde 1516-njy ýylda Rafael tarapyndan diwarlaryna surat çekilen hammama-da aýlanyp gördüm. Pornografik suratlar bilen doly hammama girmäge rugsat almak üçen epeýje arrygymy gynamaly boldum. Içeri girenimde hammamyñ diwarlarynda çuw-ýalañaç hudaýlaryñ suratyny gördüm. Grek mifologiýasynda çopanlaryñ hudaýy Pan ujydy bilen birlikde açyk şekillendirilipdir. Emma ujydyñ üstüni ak reñk bilen reñkläp örtmäge çalşylýandygyny gördüm. Gaýtam ak reñk Panyñ göbeginden aşagynyñ hasam göze ilginç we ünsi özüne çekiji görünmegine sebäp bolýardy. Köşgüñ erotiki suratlary bilen tanalýan başga bir otagy-da bar. Sungatyñ taryhyny öwrenijiler Peter Webb we Linne Lawner dagylar maña 1523-nji ýylda Watikandaky ymaratlaryñ ýüzüne dini mazmunly suratlary çekmek üçin hakyna tutulan suratkeş Žulio Romanonyñ haky gijä galnyp tölenendigi sebäpli, onuñ diwarlara 16 sany dürli-dürli erotiki duruşly surat çekendigini gürrüñ berdi. Suratlary pozduran Watikan suratkeşi tussag astyna alýar. Emma suratlaryñ nusgasy elden-elden geçip ýaýrapdyr. Gynansam-da men şol suratlaryñ çekilen otagyny görüp bilmedim".
"Watikan köşgüniñ içindäki Sikstin kapellasynyñ aşagyndan geçýän tunellerde geçirilen bir çärä gatnaşdym. Ýolbeledimiz Kins Garofalo orta asyrlarda papalaryñ süren zowky-sapalary hakyndaky soraglaryma jogap beresi gelmedi. Papa Ýuliý II-niñ sifilis keseline ýolugyp-ýolukmandygyny soranymda dagy iki gulagyny barmagy bilen dykyp: "Men diñe Watikan ýolbeledi. Bular ýaly zady diñläp biljek däl!" diýip azgyryldy. Mikelanželonyñ beçebazlygy barada soranymda-da dil ýarasy gelmedi. Ol Watikanyñ düzgünlerine berk eýerýärdi: Resmi ýolbeletler hemme zady bilmäge çalşyberse, işinden pyzylaýmaklary daşda däl!"
"Watikanyñ gizlin arhiwlerinde häzire çenli papalara ýazylan hatlaryñ hemmesi ýedi müñ jilt görnüşine getirilip saklanylýar".
"Watikan köşgünde dünýäniñ iñ uly pornografik kolleksiýasynyñ saklanýandygy güman edilýär. Köşgüñ astyndaky gizlin otaglarda bu kolleksiýanyñ gizlengidigi hakyndaky myş-myşlar her kesiñ dilinde. Başga bir myş-myş bolsa Papa Piý IX-nyñ Watikandaky heýkelleriñ jynsy agzalaryny goparyp ýörite bir ýerde saklanlygydyr. Hatda germaniýaly bir zenan talybyñ bu jynsy agzalary ýerine dakjak bolup, nämälim ýagdaýda ölenligi-de aýdylýar".
"Watikan muzeýlerine bir ýylyñ dowamynda dört million alty ýüz müñdem gowrak syýahatçy gelýär. Şonuñ üçin muzeýlere arkaýyn girip-çykmak mümkin däl. Muzeýler ir bilen açylan badyna gapylaryñ öñünde 700 metre çenli uzaýan dyknyşykly nobatlar emele gelýär. Ýöne muzeýiñ täze müdiri Antonio Paoluççiden adam başyna 370 dollara düşýän iki sagatlyk ýörite gezime rugsat alyp bolýar".
"Watikan köşgüniñ içindäki "Borgia Apartment" atly otagda 1500-nji ýyllarda şol wagtyñ hylwat meýlisleriniñ geçirilendigi çak edilýär. 1501-nji ýyla degişli bir myş-myşda Rim papasy Aleksandr VI-iñ elli sany iñ owadan jelebi şu otagda kabul edendigi aýdylýar. Hatda ol çagyrylan jelepleriñ birnäçesi bilen bir wagtyñ özünde jynsy gatnaşyga giripdir".
Çagyrylan jelepler bilen gatnaşyga giren italýan papa Boržiýanyñ geñsi durmuşy "Boržiýa" atly teleseriala sýužet bolubam hyzmat edipdi. Papa Boržiýanyñ obrazyny tanymal iñlis aktýory Žeremi Aýrons janlandyrypdy.
# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
@ Kitapçylar. Geň-taňsy wakalar