|

Watanyma söýgim

Watanyma söýgim WATANYMA SÖÝGIM

Daglar ýere döşün diräp ýatsa-da,
Gerek bolsa göçürýärler ornundan.
Baýlyk ýer astynda çüýräp ýatsa-da,
Güýç bilen alynýar ýeriň garnyndan.

Çykylsa-da uzak Aýa gezmäge,
Emma başartmazdy şeýle bir zat hiç:
Watanyma bolan söýgim pozmaga
Ejiz geler dünýädäki ähli güýç.

Öwezmyrat BABAÝEW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1958 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle