Watanym üçin şirin jan
Watanym üçin şirin jan

Janyma ygtyýar ýok. Ol —
Watanymyňky, däl meňki.
Aý Läläm, ynan, sözüme,
Bereýin ýüregim seňki.
Seniň üçin doguldym ahyr,
Seniň üçin köşk gurar elim.
Men lal-jim bolup galaryn,
Waspyňy etmese dilim.
Ýöne pederleň wesýeti:
“Watansyz ilden il bolmaz”.
Ýurduma bagş eden janym,
Hatda ezraýylam almaz.
Sözmi uzaltmaýyn ýarym,
Sensiz bolsamam gury san.
Ýüz ömrüm bolsa-da, diňe —
Watanym üçin şirin jan.
19.03.2000 ý.
Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. Goşgular