|

«Watansyz bir ýetime…»

«Watansyz bir ýetime…» «WATANSYZ BIR ÝETIME…»

«Watansyz bir ýetime…»

Watansyz bir ýetime
Jahanda ýaşamak kyn:
Gaýgy-gamyñ derdinden
Derýa bök, azapdan dyn!
Gark bolan hem ýagşydyr —
Irdim gapy syrmakdan;
Durmuşyñ lezzeti ýok,
Mahrum bir ýan barmakdan.
Kimiñ bagty meýdanda
Hoşajyk çöpläp berýär;
Gök deñziñ añyrsynda
Meñki azaşyp ýörýär.
Baýy garşy alýarlar
Tiz bükülip mazaly;
Meni hiç kim tananok
Tüýs bu ýerli däl ýaly.
Baýlar küýki bolsa-da,
Gyzlar gülüp bakýarlar;
Meniñ söýgimi bolsa
Masgaralap çykýarlar.
— Sen meni halamadyñ:
Güýjüm, görmegim ýokmy?
Ýa sen kem söýdümmi,
Saña gülenim hakmy?
Kimi söýseñ, şony söy,
Belli — men mynasyp däl.
Käte ýatlap görýärin
Hem-de tisginýän dermal.
Watandan çykyp gitjek —
Jahan giñ, aýlanar men;
Ýa taparyn bagtymy,
Ýa ýaprak dek solar men.
Kazak gitdi uzaga
Hoşlaşman hiç kim bilen.
Ol deñziñ añyrsyndan
Günüñ batyşyn görüp
Öldi… Ýat ilde ölmek
Kyndyr hemmä el serip!

• ŞTERNBERGE ÝATLATMA

Gidersiñ uzak,
Görersiñ köp zat.
Gamlansañ, gardaş,
Meni etgin ýat!

Taras ŞEWÇENKO.

Terjime eden: Çary AŞYROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle