|

Watan we Watan söýgüsi hakynda

Watan we Watan söýgüsi hakynda

WATAN WE WATAN SÖÝGÜSI HAKYNDA

— Milli däp-dessurlara, öz ata-eneleriñe çuññur hormat-sarpa goýmak, üstünlikler gazanmakda yhlaslylyk görkezmek, tutanýerli zähmet, ýokary watançylyk we öz Watanyñy hem-de halkyñy söýmek ýaşlaryñ mukaddes borjudyr.

— Ata-babalarymyzyñ arzuwlan, ýürekden söýen, döş gerip goran mukaddes ata Watany — Garaşsyz Türkmenistan her birimiz üçin ezizdir, onuñ şan-şöhratyny belende götermek uly borçdur. Beýik Galkynyş eýýamynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan biziñ söýgümize beslenmelidir, watançylyk duýgymyz bilen mäkäm goralmalydyr.

— Watansöýüjilik, mertlik, edermenlik türkmen halkynyñ buýsanjydyr.

— Taryhyñ dürli eýýamlarynda türkmen halky Watanyny döş gerip goramagy başarypdyr.

— Ata Watany goramak, halkymyza wepaly gulluk etmek ähli zatdan belentde durýan borçlardyr.

— Türkmen halky Watanyna ygrarly, ynsanperwer, adalatly, sahawatly, sabyr-kanagatly hem-de dostuna wepaly halkdyr. Türkmenler bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, göbek gany daman topragyny janyndan ileri tutýan milletdir.

— Men ata-babalarymyzyñ şan-şöhratyna mynasyp işleri bitirip, Garaşsyz Watanymyzyñ taryhyna ajaýyp sahypalary ýazjakdygymyza berk ynanýaryn.

— Harby gulluk tamamlansa hem Watana gulluk tamamlanmaýar. Şonuñ üçin-de esger hakyky Watan ogly bolmalydyr.

— Adatça, mertler Watany beýgeldýändir, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir.

— Mähriban topragymyzda parahatçylygy we rahatlygy gözüñ göreji ýaly gorap saklamaly.

— Goý, Watan ogullarynyñ gahrymançylygy nesillerden nesile geçip, ebedilik ýaşasyn!

— Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr.

— Watan goragynda är işini bitiren serdarlaryñ, gerçekleriñ, batyrlaryñ, gahrymanlaryñ ömri, söweş ýoly, edermenligi bilen baglanşykly taryhy maglumatlary içgin öwreniñ, olardan görelde alyñ, Watanymyzyñ, Ýaragly Güýçlerimiziñ gahrymançylykly taryhyny baýlaşdyryñ!

— Biz merdana ata-babalarymyzyñ watansöýüjilik, gahrymançylyk, ynsanperwerlik däplerini her bir tutumlarymyzda dowam etdirmelidiris.

Türkmenistanyñ Prezidenti,
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle