|

Was-wasylara…

Was-wasylara… WAS-WASYLARA…

Was-wasylara...

Öňem was-wasylar ýaşap geçipdir,
Sany-sajagy ýok eken zeminde.
“Kim bolsaň-da parhy ýokdur” diýdiler,
Was-wasylyk bolsa eger demiňde.

Bus-busular was-wasydyr aslynda,
Gorkup gezip ýöreni kän ajaldan.
Ýada salyň ilki dädem Gorkudy,
Bu rowaýat ýaşap gelýär haçandan?

Haýbatlydyr görseňizler daşyndan,
Diýer ýaly däldir, walla, “was-wasy”.
Toý tutmaz kalbynda, gülmez, barybir,
Kalbynyň töründe tutupdyr ýasy.

Was-wasylyk betbagtlyk elbetde,
Dosty bolmaz, adam bary ýagydyr.
Çünki ol was-wasy,
Çünki bus-busy,
Ýaşan ömri durşy bilen agydyr.

Was-wasylar dünýäň gadym gussasy,
Dünýäň soňsuz, tükeniksiz kyssasy.
Mahlasy, ol em tapylmaz hassasy.

23.12.2023. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle