Wanýa bu ýerlere nädip düşdiň (Hekaya)

Wanýa bu ýerlere nädip düşdiň (Hekaya)

Wasiliý şukşin, rus ýa­zy­jy­sy

N şäherinde Pronka Lagutiniň uýasy okaýardy. Pronka aýda bir gezek oňa iýer-içer ýaly odur-budur getirerdi hemem ýaşaýan otagynyň kireýini tölärdi. Ol uýasynyň bile okaýan joralary bilen gümür-ýamyr etmegi gowy görerdi hem-de gep arasynda olara akyl bererdi:

— Esasy zat… seresap boluň. Bärde her hili adam bar. Eger biri: «A gyz, siz maňa ýaraýaňyz, goluňyzdan tutmaga rugsat ediň» diýäýse, oň eline kakyň-da: «Eliňizi çekiň! Men, ilki bilen, okuwymy okamaly, galan zatlar soň» diýiň.

Ol bir gezek şunuň ýaly uýasynyň yzyndan gelen wagty, ir bilen gyzlary okuwyna ugratdy-da, otla münýänçä şäherde gezelenç etmegi ýüregine düwdi. Otly agşamaralar gidýärdi.

Ol eýläk-beýläk aýlandy, ony-muny gördi, gazly suw içdi… Onsoň dynç almak üçin seýilbagdaky oturgyçlaryň birinde ornaşdy. Onuň oturany hem şoldy welin:

— Ýaş ýigit, haýyş edýän, meni bagyşlaň — diýip, eli torbaly bir ýaş zenan onuň ýanyna geldi. — Siziň bir minut wagtyňyzy alsam bolarmy?

— Näme üçin? — diýip, Pronka sorady.

Zenan maşgala oturgyçda oturdy.

— Biz şu şäherde kino düşürmek isleýäs…

— Hä, kino alýaňyzmy?

— Hawa. Bize kiçijik wakada oýnar ýaly adam gerek. Ine… edil siz ýaly.

— Edil meniň ýaly?

— Hawa… sadaja oglan… Düşünýäňizmi, bize ilkinji gezek şähere gelen sadaja oba oglany gerek.

— Indi düşünýän.

— Aýtsaňyzlaň, siz nirede işleýäňiz?

— Men başga ýerde ýaşaýan. Uýamyňka myhmançylyga geldim…

— Haçan gidýäňiz?

— Şu gün.

— Hm… onda, gynansagam, hiç zat başa barmaz. Ýogsa-da… siz obada ýaşaýaňyzmy?

— Hawa.

— O taýda näme işleýäňiz?

— Traktor sürýän.

— Bize bolmanda siziň bärde bir hepde galanyňyz gerek. Muny başararsyňyzmy?

— Bu kynrag-a düşer. Häzir işiň gyzgalaňly wagty.

— Düşünýän. Gynanýan. Haýyş edýän, meni bagyşlaň — diýip, ol aýal gitmek üçin ýerinden turdy, ýöne hyrra yzyna öwrüldi-de:

— Eşidýäňizmi, siziň ýigrimi minut wagtyňyz barmy? — diýip sorady.

— Bar.

— Sizi režissýora görkezesim gelýär… nähili aýtsamkam… dogry hereket edýändigimize göz ýetiresim gelýär. Siz garşy dälmi? Ol şu ýerde, myhmanhanada bolýar.

— Ýörüň.

Ýolda Pronka kinonyň adynyň nämedigini, haýsy artistleriň oýnajagyny, olara näçeräk puluň tölenjegini soraşdyryp bildi…

— Ýogsa-da, ol oglan näme üçin şähere gelýär?

— Neme-dä, bagtyny synap görmek isleýär. Bilýäňizmi, ol pula kowalaşýan adamlaň hilinden.

— Gyzykly zat — diýip, Pronka aýtdy. — Ýogsa-da, maňa-da şu wagt puluň zyýany degmezdi. Meň jaý satyn alasym gelýär. Öýlenjek bolýan, ýöne häzirki öýüm gaty dar. Oglanlar gelse oturmaga ýer boljak däl. Bärde ähli kişä gowy töleýärlermi?

Zenan güldi.

— Bu barada irräk gürrüň edýäňiz? Siz bärde bir hepde galyp bilmersiňizmi?

— Meň pikirimçe, galyp bilerin. Men öýdäkilere barmajagym barada…

— Ýok, entek gerek däl. Siz ol oglanyň keşbine laýyk gelmezligiňiz mümkin…

— Ýöne: «Bize edil siz ýaly oglan gerek!» diýip, özüňiz aýtdyňyz ahyry.

— Gynansagam, muny režissýor çözýär.

Režissýor agajetli, elli ýaşy arka atan, gözleri akyllylyk bilen oýnaklap duran adamdy. Ol Pronkany güler ýüz bilen garşy aldy. Soňra dykgat bilen synlady-da, kürsüde oturtdy.

Ýakymly zenan Pronka barada bilýän zatlaryny gysgajyk gürrüň berdi.

— Örän gowy — diýip, režissýor aýtdy. — Eger işler ugruna bolsa, bar zat gül ýaly bolar. Indi bolsa, haýyş edýän, bizi ýeke goýuň. Biz birsalym… oýnajak bolup göreliň.

Aýal çykdy.

— Bagyşlaň, unudaýypdyryn, siziň adyňyz näme-dä?

— Prokopiý — diýip, Pronka ýerinden turdy.

— Oturyň, oturyň, menem oturjak — diýip, režissýor ýigidiň garşysyna geçip oturdy-da, keýpikök halda Pronka seretdi. — Diýmek, siz traktorçy-da?

— Hawa.

— Kino görmegi gowy görýäňizmi?

— Erbet göremok. Dogrusy, gaty seýrek görýän.

— O näme üçin?

— Neme-dä, tomsun-a bar wagtymy meýdanda geçirýän, gyşyna bolsa tokaýa gitmeli bolýar.

— O näme üçin?

— Biz o taýda agaç ýatyrýas. Öýlenen oglanlar öýünde galyp, traktorlaryň bejeriş işlerini geçirýär, meň ýaly sallahlar bolsa tokaýa agaç ýatyrmaga gitmeli bolýar.

— Şeýle, şeýle… Näme diýsene, Prokopiý, biziň almakçy bolýan kinomyzda bir kiçijik waka bar: şähere bir obaly oglan gelýär-de, bagtyny synap görmek isleýär. Onsoň ol ýaşamak üçin tanyşlarynyňka barýar. Umuman aýdanyň-da… olar çalarak tanyş. Şäherliler tomsuna oba dynç almaga barypdyrlar-da, onuňkyda ýaşapdyrlar. Düşnüklimi?

— Hawa.

— Örän gowy. Yzyna gulak as: şäherliler onuň gelenini halanok. Neme-dä, artykmaç ýük, özüňi oňaýsyz duýmak… we şuňa meňzeş zatlar. Ýöne ýigit samsyk däl, bu zatlary aňýar. Umuman, ol şäher durmuşynyň agyrdygyna düşünip ugraýar. Aýdaly, bu onuň ilkinji ädimleri. Düşündiňmi?

— O nähili beýle bolýar? — diýip, ýigit janykdy. — Özler-ä onuňkyda hezil edip ýaşapdyrlar, o ýigit gelende-de ýüzlerini sowýalarmy?

— Bu… bolýan zat. Ýogsa-da, olar halamaýandyklaryny känbir bildirip baranoklar. Umuman, bu gaty çylşyrymly mesele — diýip, režissýor Pronka seredip dymdy. — Düşündiňmi?

— Hawa. Olar halamaýandygyny bildirmejek bolýarlar.

— Hawa, syr berenoklar. Synanyp görelimi?.. Sözlerini barýarkak oýlap taparys.

— Nädip?

— Siz gapydan girýäňiz, siziň öňüňizde men däl-de, şäherli tanşyňyz bolar, yzynam görübereris. Özüňizi adaty bolşuňyz ýaly alyp baryň. Ýöne bir zady ýatdan çykarmaň, siz Prokopiý däl-de, şol obadan gelen oglan. Ony «Iwan» diýip atlandyraýalyň. Onda näme, başladyk!

Pronka otagdan çykýar… soň täzeden girýär.

— Salam!

— Gapyny kakmaly — diýip, režissýor düzediş berdi. — Hany, ýene bir gezek.

Pronka çykýar-da, gapyny kakýar.

— Hawa?!

Pronka girýär-de, bosagada durýar. Olar uzak wagtlap dymyşyp durýarlar.

— Ýigit, hany salamyň?

— Men ýaňy salamlaşdym-a.

— Ýöne biz täzeden başlapdyk.

— Hawa, täzedendir-ow.

Pronka çykýar-da, kapyny kakýar.

— Hawa?!

— Salam!

— Hä, Iwan! Giriň, giriň — diýip, režissýor begençli gürledi. — Girseňizläň! Bu ýerlere nädip düşdüňiz?

Pronka ýylgyrdy. Ol:

— Salam! — diýip, režissýoryň ýanyna bardy-da, ony garsa gujaklady, soňra bolsa arkasyna kakyp: — Ýagdaýlaň niçik? — diýip sorady.

— Nämä begenýäň? — diýip, režissýor ondan sorady.

— Seni görenime… Sen meni görüp begendiň-ä.

— Hawa, ýöne sen meň ýalandan begenen bolanymy duýmaly ahyry. Düşündiňmi?

— Ýöne saňa ýalandan begenen bolmak nämäňe gerek? Men entek «Sizde ýaşajak» diýip aýdamog-a. Belki, men bir sagatlyk gelendirin.

Režissýor maňlaýyny çalaja çytyp, Pronkany dykgat bilen synlady-da:

— Munyň dogry — diýdi. — Gel, ýene bir gezek synanyşyp göreli. Men, dogrudanam, gyssanypdyryn.

Pronka ýene daş çykdy-da, gapyny kakdy.

Bar zatlar gaýtalandy.

— Ýagdaýlar niçik? — diýip, Pronka ýylgyryp durşuna sorady.

— Aý, boljak… Şähere iş bilen geldiňmi?

— Ýok, hemişelik.

— O nähili hemişelik?

— Meň artist bolasym gelýär.

Režissýor hahahaýlap güldi.

Pronka oýnaýan keşbinden çykyp:

— Ýene täzedenmi? — diýip sorady.

— Ýok, dowam ediber, ýöne çynyň bilen. Aýdaly, sen bärik artist bolmaga däl-de, mata fabriginde işlemäge gelipsiň. Diýmek, şähere hemişelik gelipsiň-dä?

— Hawa.

— Ýeri, onsoň?

— Näme?

— Sen nirede ýaşamakçy bolýaň?

— Bärde. Siz meň öýümde ýaşadyňyz-a, indi menem birsalym siziňkide boljak.

Režissýor oýa batýar-da, otagyň içi bilen ikibaka ýöreýär.

— Näme üçindir, biziňki başa baranok… Sen göni öküziň şahyndan tutaýýaň, munyň bolanok. Bärde inçelik gerek, gepiň gysgasy, mekirräk bolmaly. Geliň, ikimizem jögülik edeliň: men seň geleniňe nägile, ýöne muňa begenen bolýan; sen bolsa meň nägiledigimi aňýaň, ýöne bilmedik bolýaň. Synanyşalymy?

— Synanyşaly. Garaçynym, bu iş maňa ýaraýar. Eger meni obadaşlam göräýse, onda olar klubymyzy «göçürer».

— O näme üçin?

— Haýran galanlary üçin. Olar meni ellerinde göterip çykararlar!..

— Hawa-da… Onda näme, synanyşyp göreliň! Ýogsa birden menem bärden «göçüräýmesinler»… Haýran galanlary üçin.

Pronka dälize çykyp, gapyny kakdy-da, girip salamlaşdy. Ol bu zatlary joşup, uly höwes bilen ýerine ýetirdi.

— Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň?! — diýip, režissýor gygyrdy.

— Ýogsa-da, saňa kim diýip ýüzlenmeli? — diýip, Pronka sorady.

— Aýdaly… Nikolaý Petrowiç.

— Gel, täzeden başlaly — diýip, Pronka buýruk berdi. — Hany, aýt: «Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň?!».

— Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň?!

— Ýok, bolanok — diýip, Pronka näme etmelidigini görkezmäge durdy. — Sen, ine, şeýdip elleriňi şarpyldat-da: «Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň?!» diý. Ine, şeýdip.

Režissýor oýa batyp durşuna äňine elini ýetirdi-de, razylaşdy. Ol:

— Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň?! — diýdi-de, ellerini şarpyldatdy.

Pronkanyň göhi geldi.

— Salam, Petrowiç! Ýagdaýlaň niçik?!

— Dursana! Sen meniň duýgularymy aňýanyňy göremok. Men nägile ahyry! Ýöne… Ýeri bolýar-da, yzyny dowam edeli. Şeýle-de bolsa, meni ünsden düşürmejek bol. Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň?!

— Şähere ýaşamaga geldim.

— Hemişelikmi?

— Hawa. Fabrikde işe durmaga synanyşyp görjek…

— Onsoň nirede ýaşamakçy bolýaň — diýip, Nikolaý Petrowiçiň ýüzünden şatlyk alamaty syrylyp ugrady.

— Seňkide — diýip, Pronka syr bermedi. — Ikimiz bileje telewizor göreris.

— Munyň dogry, ýöne meň öýüm darrak, Iwan…

— Zyýany ýok. «Göwün sygsa, göwre sygar» diýipdirler.

— Ýöne men eýýäm nägile ahyry, Iwan… ýagny, Pronka! — diýip, režissýor sabyr-kanagatyny elden berdi. — Eýsem, göreňokmy? Men eýýäm gara bulut ýaly tutulyp ugradym, sen bolsa ýylgyrýaň.

— Seň nägileligiň bilen işim ýok — diýip, Pronka aýtdy. — Ýarym aý ýaşanym bilen saňa döw çalasy ýok. Işe duraryn-da, umumy ýaşaýyş jaýyna geçerin, wessalam!

— Beýle bolsa başga kino goýmaly bolar, düşünýäňmi?

— Onda başgasyny goýaly. Ine, men şeýdip gapydan girýän…

— Seň aslyň nireli? — diýip, režissýor onuň sözüni böldi.

— Kolundaly.

— Seň, dogrudanam, şäherde galasyň gelýärmi?

— Aý, ýok… — diýip, Pronka dymdy. — Bu barada oýlanmandyryn. Umuman, ýok. Maňa öz obamyz ýaraýar. Maňa bu oglanyň keşbi laýyk gelenokmy? — diýip, Pronka sorady.

— Nähili aýtsamkam… — režissýor Pronkaň göwnüne degmejek bolup gürledi. — Biziň ssenarimizde başga bir oglanyň keşbi bar. — Ol stoldan ssenarini aljak bolup ýöneldi-de, birdenem yzyna öwrüldi. — Aýtsana, seň özüň näme ederdiň? Ine, sen şähere gelipsiň…

— Ýok-la, eger ýazylan bolsa, üýtgetmegiň geregi ýok. Siz ony men sebäpli täzeden ýazasyňyz ýog-a?

— Eger birden…

— Näme?

— Tanyşlaryňa gelen bolsaň näme?

— Gelemde näme?.. Salamlaşaryn. «Men size myhmançylyga geldim». — «Näme üçin?». — «Fabrige işe durmakçy bolýan…».

— Onsoň?

— Bolany.

— Ýöne birnäçe wagt olaryňkyda ýaşamaly boljagyň üçin, olar senden nägile bolarlar ahyry.

— Düşünemok, bärde üýtgeşik näme bar? Ýeri, birki hepde olarda ýaşanym bilen…

— Üýtgeşik zat ýok-la, ýöne ol adamlaň ýasalyşy şeýle. Olar saňa göni aýtmazlar, ýöne nägilediklerini bildirerler. Aýtsana, şu ýagdaýda näme etmeli bolar?

— Men: «Näme, bärde birnäçe wagt ýaşanym bilen asman bilen ýer tapyşar öýdýäňizmi?» diýip, olardan göni sorardym.

— Ýöne olar: «Ýok-la, Iwan, aýdýanyň näme! Baş üstüne, gel, geç!» diýen bolsalaram, gaty nägile. Düşünýäňmi? Şu ýagdaýda näme etmeli bolar?

— Bilmedim. O taýda näme ýazylypdyr? — diýip, Pronka ýazga ümledi.

— Bärde… bar zat başgaça. Ýogsa-da, sen jögülik etmegi başararmyň? Gel, synanyşyp göreli? Aýdaly, olar gaty ýaramaz adamlar, goý, şeýle bolsun, ýöne seň dogrudanam ýaşamaga ýeriň ýok. Ýöne muň üçin yzyňa — oba gidesiň ýog-a? Gel, başyndan başlaly. Ýöne ýadyňdan çykarma…

Edil şol wagt telefon jyňňyrdady. Režissýor gürleşmäge durdy.

— Ýeri… ýeri… Näme üçin? Men aýtdym ahyry… Nähili etmelidigini görkezdim-ä! Içigar galan!.. Häzir düşýän. Barýan. Pronka, haýyş edýän, maňa bäş minut garaş. Aňyrda bir bulaşyklyg-a çykypdyr…

— Gulak asanoklarmy? — diýip, Pronka gyzyklandy.

— Kime? Maňamy?

— Hawa.

Režissýor güldi.

— Ýok-la, beýle däl… Men bahym gelerin — diýip, režissýor çykyp gitdi.

Pronka oýa batdy.

Onuň gapdalyndan eli torbaly owadan zenan geçip barýardy. Ol ýöräp barşyna:

— Ýeri, ýagdaýlaryňyz nähili? — diýip sorady.

— Hiç hili.

— O nähili?

— Başa baranok. O taýda başgarak ýazylypdyr.

— Režissýor garaşmagy haýyş etdimi?

— Hawa.

— Beýle bolsa garaşyň — diýip, zenan ssenarileň duran ýerini dörjeleşdirdi-de, olaryň birini aldy… — Belki, häzirlikçe ssenarini okarsyňyz? Ine, şu bellik edilenler siziň keşbiňiz.

Ol Pronkanyň eline ssenarini gysdyrdy-da, başga birini eline alyp, ylgaşlap gitdi. Ol gaýdyp Pronka barmysyňam diýmedi.

Şondan soň, näme üçindir, Pronkanyň ýüregi gysyp ugrady. Ol ertirki güni — demir ýol menziline adamlardan hyryn-dykyn wagonlaryň gelşini, olaryň awtobusdan ýer almak üçin menzilden ylgap çykyşlaryny göz öňüne getirdi… Ýöne indi Pronka o ýere barmaz, şadyýanlyk bilen: «Odunçy, oduňy gatyrak ýak, ýogsa pyýada gitmeli bolarsyň!» diýip, aýdyma-da zowlatmaz. Deňelerine ýetende agaçlaryň arasyndan obasynyň ilkinji jaýynam görmez. Tezek ysly tüssäniň ysynam almaz… Adatdakylary ýaly öýüň bosagasynda duran ejesiniň: «Sag-aman geldiňmi, ýagdaýlaň niçik?» diýen sözlerine hemişekileri ýaly «Hudaýa şükür, bar zat gowy» diýip, jogabam bermez.

Ol şu zatlary aňynda aýlap, ssenarini stoluň üstünde goýdy-da, reňkli galamy eline alyp, ak kagyzyň ýüzüne ullakan harplar bilen:

«Ýok, biziňki başa barmaz. Lagutin Prokopiý» diýip ýazdy-da, bärden gitmek bilen boldy.

Rus di­lin­den ter­ji­me eden Rüs­tem GUR­BAN­NE­PE­SOW

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle