|

Waharman

Waharman WAHARMAN

Tagam, lezzet almadym, pazyl içine girmän,
Keşdesine garadym, ilki elim degirmän.
Nebsim şaglap oýandy, heýjan! Janyma derman,
Şarta ýoldum, »etdi», seslendim men: »Waharman!»

Çym-pytrak ýaryldy,
Arman, arman, Waharman.
Çigdi guma garyldy,
Aý, dag arman, Waharman!

Gördüm birni sarymtyl, ysy urdy burnuma,
Ymyrgandym, ymsymdym, gyllyk ýetdi ernime,
Şarta ýolsam, »tark» edip, depjek ýene garnyma,
Şeýle ter ol, şeýle tez, çynkäse deý Waharman!

Emaý bilen tänderdim,
Aldym ele Waharman.
Gursagyma gondurdym,
Guwandyrdy Waharman.

Eräp akdy agzymda, göýä diýrsiñ iýmedim,
Küde paçak ýasadym, düýäm doýdy, doýmadym.
Kes gulagmy, biljek däl ㅡ mesmi, sarhoş, duýmadym,
Türkmen topragna dönseñ, jana lezzet Waharman!

Ek, ýetişdir, ýyg, gertir,
Gönendirer Waharman.
Görseñ göwnüñ göterer,
Doýundyrar Waharman.

Berdi KERBABAÝEW Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle