«Wah, şeýlemidi…» / ýumoreska
"Wah, şeýlemidi…" / ýumoreska
Baýra dyrmaşyp ugran gölegçileriñ Oraz ikimizem orta gürpünden barýardyk. Şol pursatda bölüm müdirimiz misli gökden düşen ýaly gapdalymyzda häzir boldy. Ol:
— Näme, iliñ yzynda aýagyñyzy süýreşip gelýäñiz, kömek etmeli ahyry — diýdi-de, ýüzümize hyrsyz garap, öñe okdurylyp gitdi. Badyna-da tabydyñ bir tarapyny göterip barýan deşli ýigidiñ eline ýapyşdy.
Ýapy ýokary ýol, agyr tabyt labyr atyp, müdiriñ çepiksije göwresini ýegşerdýärdi, çaýşanaklaýan aýaklary bu zähmetiñ oña juda agyr degýänini has-da äşgär görkezýärdi.
Öz medicine dözmedimi ýa-da merhumyñ öñündäki iñ soñky adamkärçilik borjuny berjaý etmekçi boldymy, garaz. Oraz öñden barýanlaryñ yzyndan ýetdi-de:
— Ora Sapaýewiç, indi gezegi maña beräýiñ! — diýip, müdire ýüzlendi.
Ora Sapaýewiç ýegşerip barşyna tutuk sesi bilen:
— Özüm… — diýdi.
Şondan soñ Oraz yzdakylaryñ birini çalşyp, soñ gezegi ýene birine berdi-de, meniñ bilen gapdallaşyp, ýöräp başlady.
— Bu neneñsi geñ hadysa boldy-how. Ora Sapaýewiç beýle ýagdaýda öz ilen-çalanlaryna-da «ýüregim bolanok» bahanasy bilen görünýän jemende däldi-le? — diýip, Oraz geñirgendi.
— Şuña menem haýran?!
Merhum jaýlanýarka-da Ora Sapaýewiç ähli işe özi ýetjek bolup pelesañ urýardy, şol bir wagtda hem assyrynlyk bilen töweregine garanjaklaýardy. Ol ahyry nämüçindir ynjalman, ýene ýanymyza geldi-de:
— Näme üçin Geldi Meredowiçiñ özi görnenokka? — diýdi.
— Ol haýsy Geldi Meredowiç?
Orazyñ garşylyklaýyn beren sowalyna müdiriñ girre gaharynyñ gelendigini hyrsyz jiñkerýän gözjagazlar habar berýärdiler.
— Näme, indi direktoryñ adynam unudaýdyñmy?
— Weý, ol bu ýere nädip gelsin, onuñ öz gaýyn atasy aradan çykypdyr-a — diýip, men Oraza Derek jogap berdim.
— Ä, bu kim?..
— Bu bir wagt edaramyzda garawulçylyk edip, şondan pensiýä giden Mele aga, bende…
Men sözümi tamamlamankam…
— Wah, şeýlemidi, asyl — diýip, ol ahmyr bilen başyny ýaýkady-da, hasanaklap, märekeden saýlandy.
Gurbanmuhammet REJEBOW.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 1986. Satiriki hekaýalar