Wah, biz eşekler… / satiriki hekaýa
Wah, biz eşekler… / satiriki hekaýa

Eşek milletiniñ ir döwürler adam milleti ýaly geplän, häzirki ýaly aññyrmaýan, özbaşyna eşek diliniñ bolan, bu diliñ «öli dile» öwrülip «aññyrylmaga» başlanmazdan öñki döwrüniñ kyssasy
Wah, biz eşekler… Wah, biz eşekler… Biz eşek milleti-de siz adam milleti ýaly gepleýän ekenig-ä. Nädip beýle baý eşek dilimiz ölüpdir, nädip öli dile öwrülipdir, soñ biz eşekler aññyrmaga başlapdyrys. Muny… bilesiñiz gelse gürrüñ bereýin.
Bir gün ýaşuly eşekleriñ biri gök otluk meýdanda ýeke özi otlap ýören eken… Hem otlapdyr, hem eşek dilinde aýdyma hiñlenipdir. Birdenem burnuna ys gelipdir. Ýöne gelýän ysam gowy ys däl, möjegiñ ysy eken.
Ýaşuly eşek tumşugyny ýokary dikip, uludan ysyrganypdyr. Hawa, gelýän ylaýyk möjegiñ ysy eken-dä.
— Aý ýok-la, möjek däldir — diýip, özüne göwünlik berip otlamagyny dowam etdiripdir.
Möjegiñ ysy barha güýjeýärmiş. Diýmek, möjek golaýlaşyp gelýän bolmaly. Möjegiñ golaýlaşyp gelýänligi ölümiñ gelýänligini añladýar…
Ýaşuly eşek:
— Möjek däldir, möjek bolmaga haky ýok — diýip hüñürdäpdir. — Bilýän-ä, bu gelýän möjek däl…
Ol kellesini öwrüp seretse, möjek ýalaw ýaly dişlerini gyjyrdadyp, agzynyñ hyllygyny akdyryp yz tarapdan okdurylyp gelýärmiş. Ýaşuly eşek ýalbarmaga durupdyr:
— Eý Beýik Tañrym, bu gelýän möjegem bolsa, möjek bolmasyn-da! Möjek däl-le, beh, menem biderek gorkup otyryn. — Ol: — Wah, meniñem samsykdygymy — diýýärmiş. — Ýabany pişige möjekdir öýdüp gaçýan-a. Ýok, möjek däl…
Bar güýji bilen gaçýan eşek bir ýandanam şeýle diýýärmiş:
— Möjegem bolsa, möjek däldir. Enşalla, däldir. Ýok-la, garagöz, nämüçin möjek bolsun…
Kellesini öwrüp yzyna seretse, möjegiñ gözüniñ uçganaklap durandygyny görüpdir. Eşek ýazzyny beripdir, hemem:
— Walla kessin, möjek däl. Alla haklaşdyrsyn, möjek däl — diýip hüñürdeýärmiş.
Aç möjek aýpalta ýaly dişleri bilen eşegiñ sagrysyndan dişläp, budundan lomaýja bölek goparyp alypdyr. Jan awusyna ýere ýykylan eşegiñ birdenem dili tutulypdyr. Bilip duran eşek dilini gorkusyna ýatdan çykarypdyr. Möjek onuñ boýnuna, gerdenine agyz urupdyr. Eşegiñ hemme ýerinden gan pürkülip akypdyr. Ine, şondan soñ eşek:
— Ah-waheý, möjek eken-ä! Waý, şol eken-ä! Özi eken-ä şoñ! — diýip gygyrmaga başlapdyr. Möjek ony böleklemäge durupdyr. Eşegem dili tutulandygy üçin diñe:
— Aýý, şol eken. Aaa, oo-ii, Aaa-iii. Aaai-iii! — diýip iñläpdir.
Ine, şol günden soñam biz eşek milleti geplemegi, gürlemegi ýatdan çykarypdyrys. Duýgylarymyzy, pikirlerimizi aññyrmak arkaly düşündirmäge başlapdyrys. Şol ýaşuly eşek howp guýrugynyñ astyna gelip direýänçä öz-özüni aldamadyk bolanlygynda bizem gepläp bilerdik.
Wah, biz eşekler, wah, biz eşek milleti:
— Aaaa-i, aaa-iiii…
Eziz NESIN.
1958 ý.
Terjime eden: Has TÜRKMEN. Satiriki hekaýalar