Wagt hakda bäş kelam
Wagt hakda bäş kelam
Dünýä döräp ýaşan bir adyl kazy,
Döwürleň, eýýamlaň ol hasapbazy.
Öz kanuny bilen çykarýar höküm,
Adalatam özi, jelladam özi.
***
Gör bak wagtyň süýnüp geçip barşyny,
Hiç kimsä ýetdirmän gaçyp barşyny.
Ynsan oň hökmünden goranjak bolýar,
Ol bolsa kertip ýör, daglaň gerşini.
***
Islesekde, wagty saklap bolmaýar.
Sekund geçdi, yza gaýdyp gelmeýär.
Geçmişi barlyk bil, geljek gümana,
Häzir ne iş boljak hiç kim bilmeýär.
***
Wagtyň goýan tagmasyndan gaçma ýok.
Wagt köprüsinden yza geçme ýok.
Wagt duşumyzdan derýa deý akýar,
Arman, oň suwundan ganyp içme ýok.
***
Geçdi gitdi, geçdi gitdi bu pursat,
Kä gysyldy, kä gyýyldy bu gursak.
Durmuşyň gyzygy bormydy heýde,
Elmydam şu ýaşda, şu durkda dursak.
Azat NURGELDIÝEW. Goşgular