Utanma gyz, utanma
Utanma gyz, utanma

Utanma gyz, utanma gyz, utanma.
Saňa seredýänim betpällikden däl.
Seniň keşbiň nazarymda tutamda,
Meni alyslara äkitdi hyýal.
Utanma gyz, utanma gyz, utanma.
Ýaşlygyňa buýsan, görküňe buýsan.
Görenler, bir şeksiz näzik bedende,
Kalbyň tämizligin, päkligin duýsun.
Gözelligňe görk goş edebiň bilen,
Sadalygyň bilen beze görküňi.
Tutaşýan söýgüniň oduna ýylan,
Diňe bir ýigide baglap erkiňi.
Buýsanyp gez, guwanyp çez, ýaryňa,
Bagtyň açyk bolsun, ýüregiň hem päk.
Seniň deýin perileriň barynda,
Bu söýgä, bu duýga hiç gutarma ýok.
Utanma gyz, utanma gyz, utanma.
Men seredýän diýip, ýüzüň öwürme,
Seni synlap, az salymlyk bolsa-da,
Men gaýdyp gelipdim ýaşlyk döwrüme.
Azat NURGELDIÝEW. Goşgular