Ussa hem şägirt
Ussa hem şägirt
Günlerdir aýlar-a howlukýar-uçýar,
Ýylam öz ömrüni barýar aýaklap.
Ussa demir ýençýär,
Şägirdi bolsa,
Otyr şo-l bir çöken ýerini saklap.
«Çen boldy, han ogul, oturma beýdip,
Dag ýaly göwräň bar, sagat janyň bar.
Sandala der dökmän,
Körükde ýanman
Iş öwrenip bolmaz!..» – ussa janygýar.
Şägirt welin gymyldaýsa nädersiň,
Doňdurlana dönüp barýar günsaýyn.
Bir jogaby:
«Howlukmaýyn, halypam,
Puryja ber, ýene biraz synlaýyn?!.»
Jany ýanan ussa gygyrýar ahyr:
«Diş-ä dökdüň, gepe düşmez naýynsap.
Iş öwrenip bolsa
Synlamak bilen
Ho-l ýatan it bordy bireýýäm gassap…»
Italmaz NURYÝEW. Goşgular