|

Uruşly kinolar… Kitaplar, suratlar hakynda goşgy

Uruşly kinolar… Kitaplar, suratlar hakynda goşgy URUŞLY KINOLAR… KITAPLAR, SURATLAR HAKYNDA GOŞGY

Uruşly kinolar... Kitaplar, suratlar hakynda goşgy

Hojaguly Narlyýewe

Eger-de Siz urşy hakykatdanam ýigrenýän bolsaňyz, onda näme üçin uruş hakda müňläp kitap ýazýarsyňyz, surat çekýärsiňiz, kino alýarsyňyz? Urşy ýigrenýäniňiz çynyňyz bolsa, siz gowusy ony ýatlamaň.
(Bir amerikan žurnalistiniň sowalyndan).

Hawa, biz ýazýarys uruş hakynda,
Ýazýas, urşuň goýan azary hakda.
Piramida ýaly Asmana galan
Näbelli esgeriň mazary hakda.

Ýazyp, ýazyp urşuň gabryn gazmasak,
Geçen urşy ýatlamasak eger-de.
Eger uruş hakda şu gün ýazmasak,
Onda ertir uruş tutaşar Ýerde.

Ýigrim million dolanmady şol jeňden,
Ýok, bu asyl 20 million dollar däl.
Ýene million-million naçar eneleň
“Geler” diýip gözi galdy ýollarda.

Uýalar agasyz galdy şol ýowda,
Gujaklary boşap galdy gelinleň.
Gelenlerem boldy şol agyr ýowdan,
Ýöne ýüzi ýylgyrmady gelenleň.

Gaýdyp uruş bolmasyn diýp Zeminde,
Olar janlaryny beren mertdiler.
Omuzlarna alyp jahan urşuny
Zeminiň üstünden birýan serpdiler.

Synlap beton esgerleriň heýkelin,
Dörüp galyň-galyň kitaplaň gatyn.
Geçen uruşdan soň häzire çenli,
Şol öwrenip ýörüs olaň häsiýetin.

Adamyň maýmyndan gelip çykyşyn
Öwrenişi ýaly goja Darwiniň.
Biz olary öwrenýäris seredip,
Gowy kinolarna Hoja Narlynyň.

Jenap!
Bu derde siz düşünmersiňiz:
Ol esgerler juwandylar ölerden!
Bilýäňizmi näme, gönimi aýtsam,
Biz ýeňmegi öwrenýäris olardan.

* * *

Ol kör,
Geçip barýar trotuardan,
Käte hasasyny urup asfalta.
Belet ol Moskwaň her köçesine,
Twer bulwaryna, köne Arbada…
Barýar ol,
Çalaja müzzerip küýli,
Hasanyň sesine tisginip birden.
Dörjäp pikirleriň çuňňur teýini,
Saklanýar bir dem.
41-iň gyşynda şeýle bolupdy:
Gazaplydy Moskwanyň etegi.
Duşman bilen söweşleriň birinde,
Goraýarka jandan eziz Watany,
Gözden galypdy birden.
Barýar kör merdemsi tutup ýüzüni,
Pikirin gutaryp uruş barada.
Ýöne bir gynanýan zady oň häzir
Paýtagty görmäge gelen myhmanlaň
Ähli moskwala berýän soragy
Uruşdan soň hiç wagt berlenok oňa:
Graždanin! Bagyşlaň,
Kyn görmän aýdyň,
Paýtagtdaky pylan köçe nirede? Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle